2024-nji ýylda Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Gazagystanda Astanada geçen Kongresinde kabul edildi. 2025-nji ýylda Aziýanyň yklym boýunça birinjiligi Özbegistanyň paýtagtynda – Daşkentde bolar. «Her bir iri ýaryş sebitde sambonyň derejesiniň ösmegine ýardam edýär. Makao şol sanda bu sebäplere görä hem saýlanyp alyndy. 2025-nji ýyl barada aýdylanda bolsa, bu ýerde biz IV ýetginjekler Aziýa oýunlaryna gönükdirildik, ol taryhda ilkinji gezek Daşkentde geçer. Şu günki günde sambonyň bu Oýunlaryň maksatnamasyna goşulmaga gowy mümkinçiligi bar, şol sebäpli Oýunlaryň öňüsyrasynda sambo boýunça baş yklymlaýyn ýaryşyň geçirilmegi biziň hemmämiz üçin gowy taýýarlyk bolar», — diýip, Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň baştutany Alamjon Mullaýew sözüni jemledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir