Türkmenistanyň Tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalynyň eýesi agyr atletikaçy Polina Gurýewa şu gün ― 8-nji iýunda Gawana şäherinde başlanýan Kubanyň Gran-prisi ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. ORIENT-iň habar berşi ýaly, Türkmenistan bu ýaryşa üç türgen bilen gatnaşýar. Polina Gurýewadan başga-da Türkmenistana Gaýgysyz Töräýew bilen Şatlyk Şöhradow wekilçilik edýär. Türkmen ýygyndysyna Mansur Rejebow tälim berýär. Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň Gran-pri (IWF) bäsleşigi – olimpiýa seçiminiň bir tapgyrydyr. Bu ýaryşda 70-den gowrak ýurtdan 400-den gowrak ştangaçy ýygnanar, olar 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada gatnaşyjylary kesgitlemek üçin reýtingdäki ýerler üçin göreşerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir