Saud Arabystanynyň dört futbol kluby – “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” - maýa goýum taslamasynyň çäginde soňlugy bilen hususylaşdyrmak üçin kompaniýalara öwrülendigini duşenbe güni şazada Muhammet bin Salman Al Saud tarapyndan yglan edildi. Bu barada Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasynyň (Public Investment Fund, PIF) beýanatynda aýdylýar. Resminamadan görnüşi ýaly, PIF dört klubuň hersinde 75% paýa eýe bolar. “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” eýeçilik gurluşynyň galan 25% paýy klublaryň her biri üçin döredilen aýratyn girdeji gaznasyna girer. Ondan öň Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman Al Saud patyşalygyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen “Wision 2030” maksatnamasynyň çäginde sport klublarynyň hususylaşdyrylmagyny öz içine alýan täze maýa goýum taslamasyny yglan edipdi. Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, bu ýurduň futbol klublarynyň bazar bahasyny 8 milliard riala (takmynan 2,1 milliard dollar) çenli ýokarlandyrar we milli çempionata dünýäniň iň gowy 10 futbol ligasyna girmäge mümkinçilik döreder. 4-nji iýunda Saud Arabystanynyň "Al-Ittihad" futbol kluby fransuz hüjümçisi Karim Benzema bilen şertnama baglaşdy. Al-Ekhbariya teleýaýlymynyň habaryna görä, 35 ýaşly oýunçy bilen şertnama iki möwsüm üçin göz öňünde tutulýar. Topar geçen möwsümde portugaliýaly Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan milli çempionatynda sanawda “Al-Nasr”-dan öňe geçip, Saud Arabystanynyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir