Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi gazanan kuboklarynyň sany boýunça rekordy gaýtalady. Şenbe güni Messi “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Bu kubok 35 ýaşly argentinaly oýunçynyň professional karýerasynda 43-nji boldy diýip, rsport.ria.ru habar berýär. Bu görkeziji boýunça Messi “Barselona” boýunça öňki klubdaşy braziliýaly Dani Alwes bilen deňleşdi. Alwes ozal taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy hasaplanýardy. Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy, ol “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň erkin agent hökmünde bu kluba geçdi. Onuň parižliler bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar. Messi “Altyn topuň” ýedi gezek eýesidir, dekabr aýynda ol dünýä çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir