WBC-niň wersiýasy boýunça super agyr agramda boks boýunça dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri öz Twitterinde watandaşy Entoni Joşua şu ýylyň sentýabr aýynda “Uemblide” söweşmegi teklip edendigini habar berdi. Muny sportrbc.ru ýetirýär. “Birnäçe gün mundan öň men Entoni Joşua sentýabr aýynda “Uembli” stadionynda söweşmek üçin şertnamanyň garalamasyny iberdim. Bu söweşi menden başlap hemmeler görmek isleýär. Eý Jeý, dünýäniň görmek isleýän zadyny bereli. Bu gezek men million wideo düşürip, basyş etjek däl. Top seniň tarapyňda” – diýip, Fýuri ýazdy. Geçen ýylyň ahyrynda Fýuri bilen Joşua söweşmek barada gepleşik geçirdi, ýöne ylalaşmak başartmady. Şu ýyl Fýuriniň WBA (Super), WBO we IBF tarapyndan super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik bilen söweşi hem başa barmady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir