Futbol boýunça Italiýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Inter» 2:1 hasabynda «Fiorentinadan» üstün çykyp, Kubogy aldy. Duşuşyk çarşenbe güni Rimde Olimpiýa stadionynda geçirildi. Milan klubunyň düzüminde Lautaro Martines dubl etdi (29-njy, 37-nji minutlar). «Fiorentinadan» Nikolas Gonsales (3) gol geçirdi. Martinesiň birinji goly onuň «Interiň» düzüminde ähli ýaryşlarda geçiren 100-nji goly boldy. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu klubda çykyş edip gelýär we jemi 235 oýna gatnaşdy. «Inter» yzly-yzyna ikinji gezek Italiýanyň Kubogyny aldy. Geçen ýyl «Inter» goşmaça wagtda 4:2 hasa bilen «Ýuwentusdan üstün çykdy». Umumylykda «Inter» bu Kubogy dokuzynjy gezek aldy. Bu «Roma» bilen bilelikde ikinji görkeziji. Birinji ýerde «Ýuwentus» (14 gezek).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir