Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) amerikaly söweşijileri Dastin Porýe bilen Jastin Getji Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Solt-Leýk-Siti amerikan şäherinde geçiriljek 291-nji belgili turnirinde ýeňil agramda söweş geçirer. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Porýe bilen Getjiniň söweşi 29-njy iýulda geçiriljek turniriň esasy kardynda birinji orunda durar. Bellenilişi ýaly, ýeňiji titul söweşi üçin ilkinji dalaşgär bolar. Söweşijiler öň hem duşuşypdylar: 2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Porýe UFC on Fox 29 turniriniň esasy wakasynyň dördünji raundynda Getjini nokaut arkaly ýeňdi. 19-njy awgustda Bostonda UFC 292 turniri geçiriler. Onda has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) titul söweşi bolup, guşak ugrunda çempion Aljameýn Sterling bilen Şon O’Melli söweşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir