Italiýanyň futbol boýunça çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Napoli» myhmançylykda «Udineze» bilen duşuşykda 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnady we möhletinden öň ýaryşyň çempiony boldy. Duşuşykda gollary «Udinezeden» Sandi Lowriç (13-nji minut), «Napoliden» Wiktor Osimhen (53) geçirdi. «Napoli» taryhynda üçünji gezek Italiýanyň çempiony boldy. Öň, neapollylar 1986/87 hem-de 1989/90-njy ýyllaryň möwsüminde argentinaly Diego Maradona klubda oýnaýan wagty çempion bolupdy. «Napoliniň» baş tälimçisi 64 ýaşly Luçano Spalletti ilkinji gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir