Ispaniýanyň Marca sport neşiri öz okyjylarynyň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndy toparyny neşir etdi. Dünýäniň iň güýçli oýunçylarynyň topary aşakdakylar: Derwezeçi: Tibo Kurtua (“Real”); Goragçylar: Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Ronald Arauho (“Barselona”), Eder Militao (“Real”), Alfonso Dewis (“Bawariýa”); Merkezi ýarymgoragçylar: Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Luka Modriç (“Real”); Gapdal ýarymgoragçylar: Winisius Žunior (“Real”), Lionel Messi (“PSŽ”); Hüjümçiler: Erling Holand (“Mançester Siti”), Kilian Mbappe (“PSŽ”) Ses berişlik şu ýörelgä esaslandy: žurnalistler her pozisiýa üçin iň oňat birnäçe oýunçyny saýladylar, soň bolsa oýunçylaryň arasynda ýaryş torlaryny döretdiler. Neşiriň okyjylary her tapgyrda, pikir soraşmanyň netijelerine görä, öňe geçen bir oýunçyny saýladylar.