Hüjümçi Kriştianu Ronaldu penşenbe güni Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy üçin özüniň 197-nji oýnunda meýdança çykyp, milli topar üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada TASS habar berýär. Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynyň Lihtenşteýn toparyna garşy oýnunda başlangyç düzümde çykdy. Ol milli ýygyndysynyň düzüminde 196 gezek meýdança çykan kuweýtli oýunçy Bader al-Mutawanyň üstünliginden öňe geçmegi başardy. Oýnuň ýeňijisi 4:0 hasabynda utan Portugaliýanyň milli ýygyndysy boldy. Gol bilen Žuan Kanselu (8-nji minut), Bernardu Silwa (47) we Ronaldu (51- penaltiden, 63) tapawutlandy. Portugaliýanyň we Lihtenşteýniň ýygyndylary Bosniýa we Gersegowinanyň, Slowakiýanyň, Lýuksemburgyň we Islandiýanyň toparlary bilen bilelikde J toparçada çykyş edýärler. Indiki oýunda portugaliýalylar 26-njy martda çykyşda Lýuksemburgyň ýygyndysyna garşy oýnar, Lihtenşteýnden futbolçylar bolsa şol gün islandiýalylary kabul ederler.