Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Portugaliýa Urugwaýdan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollaryň ikisini hem Brunu Fernandeş geçirdi (54-nji minut, 90+1 pen.). Portugaliýa 6 utuk bilen H toparda birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde Gana (3 utuk) ýerleşýär. Üçünji orny Günorta Koreýa (1 utuk), dördünji orny Urugwaý (1 utuk) eýeleýär. Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda 2-nji dekabrda Portugaliýa-Günorta Koreýa, Urugwaý-Gana duşuşygy geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir