Katarda dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Germaniýanyň futbolçylary Ispaniýa bilen 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnady. El-Haurda geçirilen duşuşykda Ispaniýadan Alwaro Morata (62-nji minut), Germaniýadan Niklas Fýullkrug (83) tapawutlandy. Ikinji oýundan soň, E toparda Ispaniýa birinji ýerde ýerleşdi (4 utuk bilen). Germaniýa 1 tuk bilen dördünji ýeri eýeleýär. Ikinji we üçünji ýerleri hersi 3 utuk bilen Ýaponiýa we Kosta-Rika eýeleýär. Toparlaýyn tapgyryň soňky oýnunda 1-nji dekabrda Germaniýa Kosta-Rika bilen, Ispaniýa bolsa Ýaponiýa bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir