Apple Inc. amerikan kompaniýasy Angliýanyň iň üstünlikli futbol klublarynyň biri bolan "Mançester Ýunaýtedi" satyn almak mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, The Daily Star tabloidi ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Tim Kuk klub üçin 5,8 mlrd funt sterling (7 mlrd dollardan gowrak) tölemäge taýýar. Ol Manchester United-iň eýeçiliginiň berip biljek mümkinçiliklerini öwrenýär we The Raine Group ýaly klubuň satuwyny gurnaýan banklar bilen gepleşiklere başlamakçy bolýar diýlip, makalada aýdylýar. Gazet Apple-iň satyn almagynyň "Mançester Ýunaýtedi" dünýäniň iň baý klubuna öwürjekdigini ýazýar. Ýöne Saud Arabystanyna degişli bolan "Nýukasl Ýunaýted" ýaly başga-da birnäçe klubyň öz aktiwleri üçin söwda logikasyny ulanmak zerurlygy bolmadyk baý ýurtlaryň resurslaryna eýedigini göz öňünde tutsaň, bu tassyklama nädogrudyr diýip, MarketWatch belleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir