Rus patyşasy Pýotr birinjiniň ýelkenli gämi we korabyllaryň gurulşuk sungatyny ele alasy gelip güýçli arzuw edipdir. Ol ahyryn bu arzuwuna ýetmek üçin işçiniň geýimini geýip Ispaniýa gidipdir,şol ýerde öwrenip maksadyna ýetmek üçin. Ol ýerde bolan wagty Pýotr birnäçe Rusýadan sürgün edilen adamlara gabat gelipdir. Ol adamlar onuň öz buýrugy bilen sürgün edilipdiler,daşary ýurtda olar kyn şertlerde,öz ýakynlaryndan uzakda ýaşaýardylar. Olara öz aýal we çagalaryndan uzakda ýaşamak ýokuş degýärdi. Şonuň üçin Pýotruň olara nebsi agyryp,Rusiýa gaýtjak bolanda olara ýüzlenip:
—Siziň öýňüze gidesiňiz gelýärmi ?—diýip olardan sorapdyr.
Olaryň öýlerine örän gidesleri gelýärdi " Wah,öýmüze gitmäge mümkinçilik bolan bolsady"—diýip olar jogap berýärler.
Pýotr olara" Men patyşa,öz öňki buýrugymy ýatyrýan, siz arkaýyn ýurda gidip bilersiňiz"—diýip biljek däldi. Sebäbi ol işçi geýimindedi,hiç kim onuň patyşadygyna ynanjak däldi. Şonuň üçin ol başgaça gepledi:
—Men patyşanyň dosty we oňa ýakyn adam,ol hemişe meniň maslahatlaryma gulak asýar. Eger siz meniň bilen gitseňiz men sizi öýňüzde maşgalaňyzyň arasynda ýaşar ýaly patyşadan zerur rugsady alyp bererdim.
Olaryň birnäçeşi "Bu gowy adam,näme üçin bizi aldasyn? Özi hem ynamly gepleýär,belki aýdýanlary dogrudyr"—diýip pikir etdiler. Birnäçesi bolsa "Ol bir ýönekeý işçi,biz nädip munuň aýdýanyna ynanaly, onuň patyşa bilen hiçbir gatnaşygy hem ýokdur,bu bir aldawçy we dönük bolsa gerek,biz munyň yzyna düşmeris"—diýip oýlandylar.
Şeýlelikde ol adamlaryň bir topary onuň bilen Rusýa gaýtdylar,bir topary bolsa gaýtmadylar. Pýotr bilen gaýdanlar serhetden geçenlerinde Pýotra görkezilen hormaty görüp "Bu adam ýönekeý işçi däl,bu syýasatçy ýa patyşanyň sylaýan adamsy bolsa gerek"—diýip pikir etdiler. Haçanda Paýtagta gelende oňa görkezilýän hormaty görüp "Bu adam ministr ýa ondan hem ýokary bolaýmasa"—diýdiler. Haçanda köşge gelenlerinde we Pýotryň tagtda oturanda bolsa onuň patyşadygyny bilip galdylar.
—Siz näme üçin patyşadygyňyzy öň aýtmadyňyž hökümdarymyz—diýip olar geň galyp soradylar.Ol :
—Siz meniň bilen gaýtdyňyz, eger men şize men patyşa diýen bolsam meniň bilen gaýdasyňyzam ýokdy. Siz bul adam dälidir diýerdiňiz. Gördüňizä biz bilen gaýtmadyk adamlaram köp boldy.Kim özüni akyldar diýse, adamlar onuň üstünden güljek bolup başlaýarlar.
Adamlaň tebigaty şeýle, adamyň biri bir ýerlikli zat aýtsa hem ony aýdanyň daşky ýagdaýyna seredip,eger garyp bolsa ony ýerliksiz hasap edýärler.
Rusçadan terjime
Oslagsyz ýagşylyk
-
Jeksparro
2 years ago
- Işde-de bir-iki ýeke şolar ýaly meň ýanymda ''Men pylan ýerde işleýäniň dosty, ýa pylan ýerde işleýän, arkamda şolar ýaly adamlar bar zat'' diýip öwünýänleri bolýar. A men bolsam ''hääsini'' berýän. Käbirleri ýaly mätäçligimi bildiremok, ýa şo tanyşyň bilen tanyşdyr zat'' diýemok... Onuň şolar ýaly zady meni gorkuzjak bolup diýýär, ýa-da şuňa şeý diýsem meň bilen dostlaşýar diýip pikir edýärmi ony bilemok. Näme üçin şolar ýaly edip gürrüň berýänlerine-de düşünemok. Agzymy ysgap görjek bolýan bolaýmasa...
Aý garaz temadanam çykyp gitdim... 😁
Şolar ýaly pylan ýerde işleýän tanşym bar ýa pylan ýerde işleýäniň ogly men diýip gürrüň berip ýanymyzdan gideninde ony diňläp duran ýanymdakylar ''Pylan ýerde işleýäniň ogly bolsaň, bul işde näme işiň baraý?'' diýip ynanmazçylygam edýänler tapylýar ýöne...
TrustORG 2 years ago- 👍👍👍