Agzybir maşgala
Iki maşgala goňşulykda ýaşaýan eken. Olaryň birinde är-aýal häli-şindi öýkeleşýän eken, beýlekisinde bolsa, hemişe söýgi, özara düşünişmek we agzybirlik höküm sürýän eken.
Özdiýenli öý bikesi goňşularynyň nädip agzybir ýaşap bilýändiklerine hiç-hili düşünip bilmändir we olara göriplik edip ugrapdyr. Bir gezek ýaňky aýal ärinden goňşularynyňka baryp, näme üçin olaryň durmuşynda ähli zadyň gülala-güllükdigini anyklamagy tabşyrypdyr.
Erkek kişi ilki goňşusynyň penjiresine golaý baryp, içerä ýuwaşlyk bilen göz aýlaýar. Onuň gözleri şkafyň üstündäki tozanlary süpürip ýören aýala düşýär. Şol wagt telefon jyňňyrdaýar, aýal alňasap elindäki gymmat bahaly güldany gapyň gapdalyndaky stoluň gyrasyna goýup, telefony galdyrýar. Şol wagt otaga girip gelen adamsynyň eli atdanlykda güldana degýär. Gymmat bahaly güldan ýere gaçyp, kül-uşak bolýar.
Bolup duran zatlary synlap duran goňşusy:
– Ine, indi hakyky tomaşa tursa gerek – diýip, öz ýanyndan pikir edýär.
Emma aýaly telefony goýansoň, adamsynyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen:
– Bagyşla, ezizim! Bu meniň günäm bilen boldy, güldany içiräk goýmandyryn – diýip, müýnürgeýär. Şonda äri oňa şeýle jogap berýär:
– Ezizim, gaýtam sen meni bagyşla! Ony görmänligim meniň günäm!
Goňşusy lapykeç halda öýüne dolanyp gelýär. Aýaly goňşusynyň maşgala abadançylygynyň syry bilen gyzyklanýar. Adamsy oňa:
– Bilýäňmi näme, olaryň maşgalasynda hemmeler günäkär, bizde bolsa, tersine hiç kimiň ýazygy ýok – diýip, jogap berýär.
Agaç okara
Garrap tapdan düşen bir goja oglunyň öýüne göçüp barypdyr. Goja bu maşgala bilen bir saçakda oturyp naharlanyp ugraýar, ýöne onuň gözleriniň kütekligi, titreýän elleri, naharlanýan wagty kyn ýagdaýa salýardy. Elindäki çemçesini ýa-da süýtli bulguryny dogry saklap bilmän, saçagy hapalaýardy. Gojanyň bu düşen haly ogluna we gelnine ýaramaýardy.
Ahyry ogly:
– Biz ahyr bir zatlar etmel-ä boljak – diýip, dillenýär. – Men indi onuň ala-takyrdy bolup nahar iýşindenem, saçaga nahar döküp hapalaýşyndanam halys bezikdim.
Är-aýal otagyň bir künjünde goja üçin, kiçijik stol goýmaly diýen karara gelýärler. Şeýlelikde, ol ýerde gojanyň ýeke özüni oturdyp, nahar berip ugraýarlar. Är-aýal bolsa, eden işlerini dogry hasaplap, öz stollarynda nahar edinýärler. Goja ozal iki gezek tabak döwensoň, oňa indi agaç okarada nahar äberýärler.
Bäş ýaşly oglanjyk sesini çykarman, bolýan zatlary daşyndan synlap ýören eken. Bir gün oglanjyk atasynyň ýüzüne seredende, onuň gözlerine ýaş aýlanandygyny görüp gynanýar. Şol gün agşamlykdan öň, oglanjygyň kakasy oglunyň agaç bölejiklerinden bir zatlar ýasap oturandygyny görüp, oňa mähir bilen habar gatýar:
– Oglum, sen näme ýasap otyrsyň?
Oglanjyk ynam bilen:
– Men kiçijik okara ýasaýan, ulalamsoň ene-atama şu okarajykda nahar äberjek – diýip, ýylgyrýar-da, ýene-de öz işine gümra bolýar. Bu sözler är-aýaly şeýle bir alasarmyk ýagdaýa salýar welin, olar biri-biriniň ýüzüne seredişip, doňňara daşa dönýärler. Hemme zada düşünen är-aýalyň ýaňagyndan gözýaşlar syrygyp gaýtýar. Olar assyrynlyk bilen gojanyň elinden tutup, edep bilen maşgala stolunyň başyna geçirýärler. Şondan soňra hemişe bilelikde naharlanyp ugraýarlar. Näme üçindir, indi çarşak gaçsa-da, süýt dökülse-de ýa-da saçak hapalansa-da, är-aýal hiç-hili ünjä galmaýardy.
Agzybir maşgala
-
candanali
2 years ago
- Agaç okara
Manyly, garrylar bilen bile oturyp iýenin gowy, olarynam içi gysýar, ýöne tabak döwüp saçagy hapalaýan bolsalar, agaç tabakda iýdirenin zyýany ýok, saçagynyn gapdalyna bölek saçak ýazanyň zyýany ýok.
Nätänyş adam 2 years ago- Manyly ikisem. Geljekde sular yaly yagdaylaraducar bolsam yada dus gelsem su wakalary aydyp berjek