5). OGŞAŞMAK
Jynsy hyjuwa täsir edýän esasy faktorlardan biri hem ogşaşmakdyr. Diñe ogşaşmak bilenem aýal bilen erkegiñ orgazma (jynsy islegi kanagatlandyrmak) baryp bilýändigini göz önünde tutsak, onda ogşaşmagyñ jynsy hyjuwa edýän täsirine gowy düşünersiñiz.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
"Siz haýwan ýaly jima etmäñ. Has öñräkden gürrüñleşiñ, oýnaşyñ we ogşaşyñ".
Bu hadysyñ yşarat edişi ýaly aýal bilen erkegiń jynsy gatnaşyga golaýlaşdyrýan hereketleri etmekleri, jynsy gatnaşygy ýeñil we has lezzetli ýerine ýetirjekdikleri hem-de biri-birlerine ruhy taýdan has ysnyşjakdyklary üçin ogşaşmak maşgalada bagtly durmuşy üpjün edýän esasy faktorlaryñ biridir.
5). SES.
Sesiñ, pyşyrdaşyp gürleşmegiñ jynsy hyjuwa täsir etmekdäki roluny hiç kim inkär edip bilmez. Näzik we meýil etdiriji sesiñ adam ruhuny sandyradyberýändigini her kimem bilýändir. Hernäçe ilkinji bakyşda ähmiýetsiz ýaly bolup görünýänem bolsa jynsy hyjuwy oýandyryjy gürrüñiñ ýa-da sesleriñ erkekden beter aýalyñ jynsy durmuşynda aýratyn ýeri bardyr... Pygamberimiziñ (s.a.w) aýallaryndan bolan Ümmi Seleme (r.a) şeýle diýýär:
"Resulalla ýanýoldaşy bilen ýakyn gatnaşykda bolan wagtynda başyna, öz üstüne we ýanýoldaşynyñ üstüne bir zat örterdi, sesini üýtgederdi we garşysyndaky ýanýoldaşyna "Ümsüm bol!" diýerdi" ("Lewami'ul-Ukûl", IV tom, sah: 627).
Ümmi Seleme (r.a) ýanýoldaş diýende, elbetde özi barada aýdýar.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär:
"Sizden biriñiz ýanýoldaşyna haýwanlaryñ ýakynlaşyşy ýaly ýakynlaşmasyn. Aralarynda (haýwanlardan tapawutlylykda) bir zatlar bolsun".
Sahabalar sorapdyrlar:
- Ýa Resulalla, ol zatlar nämedir?
Resulalla (s.a.w) aýdypdyr:
- Yşk pyşyrdaşmalary we ogşaşmakdyr.
("Ihýa-u Ulumid'din, K. Nikah, II tom, sah.: 64).
Bu görkezilenlerden bilnişi ýaly, är-aýal jynsy gatnaşyga girmezden öñ jynsy hyjuwa täsir edýän pyşyrdaşmak, öpmek, ogşaşmak ýaly zatlaryñ maşgalada jynsy taýdan jebisleşigi üpjün edýändigi üçin, aýala-da, erkege-de sünnet hasaplanypdyr. Emma dinimiz sesiñ jynsy hyjuwy oýarmakdaky täsirligini göz öñünde tutup, keseki aýal bilen erkegiñ biri-birlerine mylaýym, özüne çekiji şöhweti oýaryjy görnüşde pyşyrdaşyp gürleşmegi haram edipdir.
Beýik Allatagala şeýle buýurýar:
"Aýallar bilen ýumşak we şirin gürleşmäñ. Kalbynda hassalyk bolan tama eder" ("Ahzab" süresi, 32-nji aýat).
Pygamberimiz (s.a.w) aýallaryna şeýle buýrupdyr:
"Erkekler bilen owadan sesli gürleşmäñ"
▶ JYNSY GATNAŞYKDAN ÖÑ YSNYŞMAK
Aýaly bilen ýakyn gatnaşykda bolmak islän her bir erkek aýalyny ilki bilen hoşamaý sözler we hereketler bilen özüne meýil etdirmegi başarmalydyr. Soñra bolsa "işini" dynyp-dynmanka düşekden turup gidibermeli däl we aýalynyñ hem özünden kanagatlanmagyny, lezzet almagyny üpjün etmeli. Çünki aýalyñ organizmi erkegiñkiden has giç oýanýar, emma duýgy taýdan bolsa erkegiñkiden has güýçli bolýar. Aýal adamsynyñ ogşamagy bilenem bütinleý lezzet alyp bilýär. Käbir düşünjesiz erkekler aýallarynyñ gijräk oýanýandygyny bilmeýändikleri üçin olary kanagatlandyryp bilmeýärler. Aýallar munuñ ýaly birtaraplaýyn gatnaşykdan asla lezzet alyp bilmeýärler. Erkek mümkin boldugyça sowukganly we sabyrly bolup, bu işi şakyr-şukyr ýerine ýetirmejek bolmaly.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär:
"Ýanýoldaşyñyz bilen ýakyn gatnaşykda bolanyñyzda özüñiziñ lezzet alşyñyz ýaly aýalyñyzam jynsy kanagatlanmasyny gidermän ondan aýrylmañ" ("Feýzül-Kadir", I tom, sah.: 325).
Resulalla (s.a.w) düşege geçen erkeklere aýallary bilen ysnyşykly hereketleri etmän ýakyn gatnaşyga geçmezligi ündäpdir.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär:
"Ynsanyñ ýaý bile ok atmagy, atyny gezdirmegi we ýanýoldaşy bilen oýnaşmagyndan başga oýunlaryñ barsy boşdur. Bular Hakdandyr we dogrudyr". ("Et-Taj", II tom, sah.:309).
Pygamberimiziñ bu babatda ýene-de şeýle aýdan sözleri bar:
"Üç zat bardyr, bular erkegiñ ejizligini görkezýär:
- Söýenini görer, emma adyny bilmez;
- Musulman doganynyñ hödür-kereminden ýüz öwrer;
- Öpmän, ogşaşman aýaly bilen ýakyn gatnaşykda bolandan soñra öz işini bitirip-bitirmänkä (ýerinden turar), aýalynyñ işiniñ bitmegine (kanagatlanmagyna) garaşmaz"
("Lewami'ul-Ukut", II tom, sah.: 309).
Erkek ýakyn gatnaşykdan öñünçä durky bilen lezzet alýança özüne erk etmeli, ýanýoldaşy bilen ysnyşykly hereketleri etmeki we onu-da öz alýan keýpine deñ şärik etmeli. Şeýlelikde her iki tarap hem lezzeti bir wagtda diýen ýaly alar. Aýal adamsynyñ özüni söýmegine we özüne ymtylmagyna, onuñ görkezen ýakynlygyna görä has çalt eräp-akýar hem-de bu ýakynlaşmadan duýýan lezzeti bütin süññüni gaplap alýar. Erкek bilen aýalyñ arasyndaky ysnyşykly hereket näçe uzasa aýalyñ duýjak mähir-muhabbeti we lezzeti hem şonça gowy bolýar. Munuñ üçin ol gatnaşygyñ wagtynyñ has uzamagyny isleýär. Galyberse-de, erkegiñ onuñ ýumşak damaryndan ("toçkasyndan) tutýan ýerlerini oýnap-sypamagy ony hasam hyruçlandyrýar. Erkek öz aýalyny
söhwetini oýarýan ýumşak ýerlerini we nokatlaryny bilse gowy. Özüñiz pikir edip görüñ, notadan başy çykmaýan biriniñ eline haýsydyr bir saz guralyny berseñ, çalyp bilermi?! Elbetde, çalyp bilmez! Aýallar hem edil şonuñ ýalydyr. Aýal özüni söýmeýän, sulhy almaýan we özüni oýandyrmaýan erkek bilen bolan ýakynlygyndan lezzet alyp bilmeýşi ýaly, erkege-de lezzet berişiniñ ugry bolmaz. Aýalyñ özüni kanagatlandyrmagyny isleýän erkek, munuñ üçin ilkinji etmeli işiñ öz paýyna düşýändigini bilmelidir. Munuñ ýaly pursatda erkek aýala näme berip bilse, şonuñ hem garşylygyny alar. Bu lezzeti duýup bilmek bolsa, ýakynlaşyga üýtgeşik duýgy we keýp berer.
▶ JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAGYÑ ÇÄGI
Erkek aýaly bilen islän wagtynda ýakyn gatnaşykda bolup biler. Muña hiç kimiñ garşylyklaýyn pikiri ýokdur. Emma çakdan aşa ýakyn gatnaşygyñ erkegi ysgynsyz, mejalsyz etjwksigini göz öñüne tutulanda, iñ dogrusy ýakyn gatnaşyga bolan islegiñ oýanan wagtynda edilmegidir.
Sahabalardan Jabir ibn Abdylla (r.a) şeýle gürrüñ berýär:
"Resulalla bir aýal gördi. Soñra aýallaryndan Zeýbebiñ (r.a) ýanyna girdi we ýakyn gatnaşykda bolup çykdy. Biraz wagt geçenden soñra sahabalarynyñ ýanyna geldi we şeýle diýdi:
- Aýal (erkeklere görünende) şeýtan sypatynda görüner. Sizden biriñiz bir aýal görüp, ol göwnüne ýarasa, aýalynyñ ýanyna gitsin (we ýakyn gatnaşykda bolsun), çünki göwnüne ýaran aýalynda bar zat öz aýalynda-da bardyr"
Güýçli isleg oýananda ýakyn gatnaşykda bolmak günä etmezlik üçin buýrulan zatdyr. Munuñ üçin hadysa üns beren bolsañyz, wagtynyñ haçandygy hökmany däldir.
Çeşme: Abdylla Aýdyn, Salyh Uçan, "Yslamda maşgala we mährem gatnaşyklar", 121-132-nji sahypalar. "Fatih Enes" neşirýaty, Stambul-1994 ý.
Är-aýalyñ arasyndaky jynsy gatnaşyklar 3. (dowamy)
-
Beyaz gölge
2 years ago
- Yok name bolupdur kemcilikmi bar
-
Jeksparro
2 years ago
- Ýok kemçilik tapmadym, adamçylyk başga saytlarda şu temany paýlaşmakçy bolsam, terjime edeniň ady familýasyny ýazsam, sebäbi bu yerde terjimeçiniňem azaby bar...
-
Beyaz gölge
2 years ago
- Menem bilemmok dogrusun aytsam çeşme ertirkomdan galan zametgadan cykdy yogsa howes bilen yazardym
-
Jeksparro
2 years ago
- Hä düşnükli, sag bol ýetirenine!
-
Beyaz gölge
2 years ago
- Mesele dal her zaman
Jeksparro 2 years ago- Özüň terjime etdiňmi @Beyaz gölge,?