Gamlanma gyz, uyajygym gam cekme,
Bilip bolmaz ykbalyny öňünden,
Bu howlukmac yigitlere at dakma,
Kim gecenok oz bagtynyn deňinden!

Tekepbir bol! Cykyp bolmaz gaya dek,
Sada bol aylaryn dogushy yaly,
Şeyle yigitlet bar,olar bar entek,
Sen dek gayalarda olaň hyýaly!!!"
(G. Ezizow)
***
Şulam gowja:
Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaşamagam iki gezek berlenok.
***
Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym?
Bagtymmy?
Gaýgymmy?
Ony kim bilýär.
Seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim,
Saña oñat sözler aýdasym gelýär.
***
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin.
***
Saparmyrat göter iliň derdini,
Il depesine götermeýär her kimi,
Ömrüň berdiň,sen ýene-de bergili,
Bu dünýäde merdem ýaşa,merdem geç.

Edebiýat, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir