Señ yzyñda çapa-çapa,
Ýedi köwüş dargap gitdi.
Söýgim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.

Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan ýoda.
Itiñ çeýnän balaklarny,
Dikip-ýamap etdim moda.

Damagymdan hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düşmezden öñ,
Döw deý daýaw oglandym men.

Ýalbarmaklyk, ýakarmaklyk,
Et, süñküme ornap gitdi.
Toýa niýetlenen sygryñ,
Göleleri garrap gitdi.

Toýa getirjek bagşymyñ,
Ses, owazy tükenipdir.
Köpler ýaly fonagramma,
Aýtmadygna ökünipdir.

Dogan-gardaş, “Gelne” diýip,
Öýme baryn goýberipdir.
Arman syçanlar sandykda,
Menden öñürt öýlenipdir...

Kerim Hallyýew

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir