Faraon Aý
Faraon Tutanhamondan soňra faraonlyga Aý geçýär we ol uly ähtimallykda Thuýuň(1) ogly Akenatonyň ejesi bolan şa aýaly Tiýeniň(2) erkek dogany hem-de Töwratda, Kurany Kerimde Ýusup pygamber ady hökmünde görülen Ýuýanyň ogly bolandyr diýlip hasap edilýär(3).
Onuň beýleki lakamlary ''Amun (ýa-da Akhmin taňrysy) Miniň sygyrlarynyň çopany'', ''Aşakdaky Müsür patyşalygyň ýüzüginiň eýesi'', ''Ýokarky Müsüriň hökümdarlygynyň esasysy'' we ''Her iki ülkäniň Taňrysynyň keramatly atasy'' atlaryny göteripdir(4).
Aý öň faraon Akhenateniň wezirikä onuň ölüminden soň ogly Tutanhamon ýanynda wezirlik edipdir.
Tutanhamon 19 ýaşynda öleninden soň yzynda galan dul şa aýala öýlenip faraonlyk tagtyna çykýar. Bu maglumatlar şa aýaly Ankhesenameniň we Aý adyny göterýän ýüzüklerden we mazardaky suratlardan toplanylandyr. 4 ýyl höküm süreninden soň yzynda perzent galdyryp bilmän dünýeden ötüpdir. Ýerine bolsa general Horemheb geçýär.
1. Thuy
2. Tiye
3.Yuya
4. Osman, A. (1987). Stranger in the Valley of the Kings: solving the mystery of an ancient Egyptian mummy. San Francisco: Harper & Row. pp.29-30
Khanture 3 years ago- Ýusup pygamber döwründe faraon düşünjesi ýokdy. Kurany okap göräý Müsür şasy diýýändir Ybraýym we Ýusup zamanlarynda. Faraon düşünjesi Musaň döwrüne ýakyn zamanlarda dörän Kurandada Musa döwründe Faraon diýlipýazylan...