Aşakda biri Arkadaga hat ýaz diýse, ýene-de biri haýry degermikä diýip sorag ýazypdyr. Şu meselede bir iki agyz pikirimi ýazasym gelýär. Ýagny problemany çözmek üçin hereket etmezden nalaýan pessimist adamlar barada.
Islendik adam birine problemasyny aýdanda, ikinji biri bir zat maslahat berýär, we şol sanda üçünji biri hem hökmany suratda "haýry ýoklaý", "peýdasy barmaý", "hemmesiniň dili bir" ýaly pikirini ündeýär. Ündemeýär hem diýmäň, hökman biri tapylar ündejek.
Ýöne gyzykly bir fakt bar, şol pessimistleriň özünden sen nirden bilýäň ony diýip sorasaňyz, ýa anyk jogap bermez ýa-da plany aýtdy diýer, planydan sorasaňam tulany aýtdy we yzyny tapmarsyňyz.
Diýjek bolýan zadym, iliň gepine gidip bir maksatdan gaýtmaň, siz özüňiz üçin hereket etmeseňiz, hiç kimem hereket etmeýär. Siz diňe özüňize özüňiz goldaw bermäni öwrenmeli. Bolmasa iliň guly bolup, iliň sözüne eýerip, diňe ýalana we ýalan maglumatlara bürenip ýaşamaly bolarsyňyz.

We iň soňunda-da söze başlan meseläme hem jogap ýazaýyn, aşaky mowzukdada ýazdym welin, paýhaslyň mowzugyny pozma kesellilerimiz bar aramyzda))

Hormatly Gahryman Arkadagymyza poçta arkaly hat ýazmak mümkindir we islendik raýat oňa gutlaglaryny we arz-şikaýatlaryny ýollap bilýär. Onuň üçin diňe hat ýazan konwerdiňize "Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa" diýip ýazaýmaly we öz ýakynyňyzdaky Türkmenpoçta edarasyna eltip tabşyraýmaly.

Haýry degýämi meselesine gelsek hem, elbet-de haýry degýär, egerde ýazýan arzyňyz hakykat we delilli zat bolsa. Obaň heleýleriniň gepi we plan prokuror plan diýdi diýen goňşyňyzyň gybatlaryna haýry degmez ýöne. Bolmanam ony özüňizem gowy bilýärsiňiz.

Sorag-jogap, TrustORG tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir