02 12.2021.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýar, halkymyz bagtyýar durmuşda döwran sürýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — Parahatçylygyñ we ynanyşmagyñ Watany» şygary astynda geçmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň parahatçylykly ýol bilen ösýändigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty diňe bir mähriban Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşlerine, halkymyzyň has-da bagtyýar ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda çäksiz uly many-mazmun bar. Bu sözde halkyň erkanalygy, ýurduň özbaşdaklygy, milletiň öz ykbalynyň eýesidigi baradaky hakykat jemlenendir. Döwrüň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Her bir işde öz halkyna daýanýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň düýp özeniniň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyndan ugur almagy, şeýle hem il-ýurt bähbitli işlere gönükdirilmegi şol ösüşleriň binýady bolup durýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen tutulýan tutumlar halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, üstünlikli amala aşyrylýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza 185 döwlet tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawa-jeňlere gatnaşmaýan, çylşyrymly meseleleri diplomatiki ýol bilen çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy duşuşyklar, halkara forumlar, festiwallar we dürli sergiler döwletli Diýarymyz — Türkmenistanyň at-abraýyny has-da artdyrýar.
Biziň ýurdumyzda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, ýaşlarymyzyň kämil ylymly-bilimli bolmaklary babatyndaky aladalar hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzyň dürli ulgamlaryndaky ösüşleriň täze belentlikleri ata Watanymyzy oňyn özgerişlikleriň şaýoluna ataryp, ony dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarýar.
Türkmenistan döwletimiziň her bir güni rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen ruhlandyryjy sözlerinden güýç alyp, her bir işde raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän döwlet Baştutanymyzyň saýlap alan adyl hem adalatly ýoly bilen ata Watanymyz öňe barýar. Halkymyz asuda, parahat Diýarymyzda ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşup, döredýär we gurýar.
Goý, baky Bitaraplygyň hem parahatçylygyň rowaçlanmagy üçin döwletli tutumlary durmuşa geçirýän, halkymyzy bagtyýarlyk ýoly bilen öňe alyp barýan, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlerden-ösüşli menzillere atarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Awdymuhammet Baýramdurdyýew
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.
Bitaraplyk buýsanjymyz
-
yekejam.
3 years ago
- Sen sorama -men aytmayyn karde isleyan men @Merjen05
-
yekejam.
3 years ago
- Oñ isledim su wagt islamok.Diñleyan name hyzmat
yekejam. 3 years ago- Jañ etsem ocukle señki Perhat jigim