HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini artdyrýar
Hytaýa gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artmagy bilen baglanyşykly, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerine hepdede goşmaça bir gün girizýär. Täze tertip 2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 30-njy sentýabry aralygynda hereket eder.
Habarnama laýyklykda, görkezilen döwürde w...
Pakistanda kiçi awtobus jülgä gaçyp, 40 adam gurban boldy
Pakistanyň demirgazygynda kiçi ýolagçy awtobusy jülgä ýykylyp, 50 adam pida boldy, sekiz adam ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi.
Ýol-ulag heläkçiligi Swat okrugynda boldy. Etrabyň edarasynyň habar bermegine görä, awtobus daglyk ýerde jülgä gaçdy, heläk bolanlaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar diýip, «Samaa TV» teleýaýlymyna salgylanýa...
Moldawiýanyň Hökümeti işden gitdi
Moldawiýanyň Hökümet başlygy Aleksandr Muntýanu iş başyndan gidýändigini yglan etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Bu gün men Premýer-ministriň wezipesindäki mandatymy tamamlaýaryn. Men bu wezipä teklibi uly jogapkärçilik duýgusy hem-de ýagdaýy gowulyga özgertmäge berk ynanjym bilen kabul etdim. Hut häzirki pursat öz ýörelgelerim we ynan...
ABŞ-da ýangyn söndürijiler köçä dökülen näbelli maddany ýok etmäge bardylar, ol üwmeç bolup çykdy
Amerikanyň Ogaýo ştatynda ýangyn söndürijileri näbelli maddanyň ýere dökülmegi bilen baglylykda, gyssagly çagyrdylar, ol bolsa ajy üwmeç ekeni diýip, «ria.ru» habar berdi.
Ýerli ýangyn söndüriş gullugynyň habaryna görä, onuň işgärleri gara ýola ýük ulagyndan näbelli suwuklygyň dökülmegi bilen bagly habardan soňra ol ýere ýollanypdyr. Sürüji...
Alymlar saçakçylar üçin guwwaslaryň eşiklerini döretdiler
Singapurly alymlar madagaskar saçakçylaryna suwuň astynda üç sagada golaý saklanmaga mümkinçilik berýän eşikleri döretdiler.
Ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy Hirotaka Sato şeýle egin-eşik geýindirilen mör-möjekleri gözleg-halas ediş işlerinde ulanyp boljakdygyny aýdýar. Sebäbi olar saçakçylaryň duýgy agzalaryna birleşdirilen elektrodlaryň üsti ar...
Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutan gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine yzyg...
Türkmenistan ABŞ bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we olary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär – Meredow
Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli ge...
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi: iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýylsaýyn has-da berkidilýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly kabul edişlikdäki çykyşynda nygt...
Belarusyň Prezidenti oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý habar berdi.
«Türkmenistan şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesiniň oňyn mümkinçiliklerini iş...
Türkmenistan migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Wenada geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 1-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Ählumumy bileleşigiň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň ikinji mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa...
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylda awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň 1,1 milliona ýetmegine garaşylýar
Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy örän möhüm orun eýeleýär. «Akylly» şäherde ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketi ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, awtomobil ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda esasy ulag seriş...
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylda esasy telefon belgileriniň sany 7 müňden geçer
Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2026-njy ýyl esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda...
Türkmen wekiliýeti Global alýansyň Ýokary derejeli wekilleriniň ikinji maslahatyna gatnaşdy
1-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Global alýansyň Ýokary derejeli wekilleriniň ikinji maslahaty geçirildi.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleri we şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasaryn...
Şwesiýada 1-nji iýuldan täze kanunlar güýje girdi
1-nji iýuldan başlap, Şwesiýada salgyt, durmuş syýasaty, jemgyýetçilik howpsuzlygy we maşgala hukugy ýaly ugurlara dahylly täze kanunlar güýje girdi. Olaryň arasynda iň özüne çekijisi – tans çärelerine goşulan baha üçin salgytlaryň 25 göterimden 6 göterime çenli azaldylmagy boldy. Azyk harytlary dükanlary we dermanhanalar indi nagt pul kabul etmeli...
Russiýada motosiklleriň satuwy rekord derejede ýokarlandy
2026-njy ýylyň maý aýynda russiýalylar 23 müň çemesi ulanylan motosiklleri satyn aldylar, bu geçen ýylyň maýyndakydan 20 göterim köpdür diýip, ýurduň «Awtostat» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Motor tehnikalarynyň ikinji el bazarynyň 60 göterimden gowragy bäş kysymyň paýyna degişli boldy: «Honda» (4,4 müň birlik), «Yamaha»...
Floridada alligatorlaryň adamlara hüjüm edýän ýagdaýlary ýygjamlaşýar, heläk bolýanlar bar
Amerikanyň Florida ştatynda alligatorlaryň adamlara hüjüm edýän pursatlary artdy, diňe soňky hepdede şeýle wakalaryň üçüsi hasaba alyndy diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi.
Arasy 24 sagat bolan iki wakanyň soňkusynda 31 ýaşly zenan heläk boldy. Ol tanyş ýigidi bilen Orlandodan demirgazykdaky Ekonlokhatçi kölünde suwa düşmekçi bolanlarynda, o...
Italiýada köl jokrama yssy sebäpli milliardlarça litr suw ýitirdi
Italiýanyň demirgazygyndaky Garda kölüniň suwy adatdan daşary yssy sebäpli diňe soňky hepdede 10 santimetr pese düşdi. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
«Örän yssy tomus gün suwuň üstüniň her inedördül metrinden 6-7 litr suw bugaryp bilýär. Eger bu görkezijini Garda kölüniň äpet meýdanyna dahylly hasaplasaň, onda...
Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Horwatiýanyň Prezidentini gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutag iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň...
Türkmenistan Niderlandlarda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny we gözellik bäsleşigini geçirer
2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde habar berildi.
Çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke atlaryny...
Gazagystanda täze Konstitusiýa güýje girdi
Gazagystanda sala salşykda kabul edilen täze Konstitusiýa 1-nji iýuldan başlap, güýje girdi. 1995-nji ýylda kabul edilen öňki Esasy Kanun öz güýjüni ýitirdi.
«Bu gün garaşsyz Gazagystanyň taryhynda täze eýýam başlanýar. Biz progresiň, syýasy we ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli täzelenişleriň şaýoluna düşýäris. Bu gün syýasy ulgamy üýtgedi...