Putin 2024-nji ýyly Russiýada «Maşgalanyň ýyly» diýip yglan etdi
2024-nji ýyl Russiýada «Maşgalanyň ýyly» diýlip yglan edildi. Bu ugurda degişli karara RF-niň Prezidenti Wladimir Putin gol çekdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Russiýanyň döwlet Baştutany hökümete 27-nji dekabra çenli ýörite guramaçylyk topary döretmegi we geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny tassyklamagy tabşyrdy.
Kararda...
Indoneziýanyň dili ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň resmi dili diýlip ykrar edildi
Indonez dili ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň resmi dili diýlip ykrar edildi diýip, ýurduň DIM-niň başlygy özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi, bu barada «Report.az» ýazýar.
«Indonez dili ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 10-njy resmi dili hökmünde ykrar edildi. Mundan beýläk indonez dili iş dili hökmünde peýdalanylyp bilner, Baş...
Lebap welaýatynyň pagtaçylary bilen hasaplaşyklar geçirilýär
Lebap welaýatynyň pagtaçylary bilen döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar bökdençsiz geçirilýär. Şu döwre çenli olara 48,5 million manat paýlanyldy diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň daýhanlary goldamak, olar bilen hasaplaşyklary wagtly-wagtynda geçirmek boýunça anyk wezipeler...
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
«Apple» ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy diýlip yglan edildi. «Interbrand Corp.» konsalting kompaniýasynyň barlaglarynyň netijesinde onuň brendi 502,6 milliard dollar bahalandy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Apple» eýýäm on bir ýyldyr, sanawda ilkinjiligi saklap gelýär. Ikinji orunda 316,6 mlrd dollar bahasy bilen «Microsoft», ond...
«Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlaryna täze harytlar gelip gowuşdy
Aşgabatda ýerleşýän «Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlary diňe bir oňaýly gurşawy däl-de, eýsem häzirki zaman stilini halaýan adamlar üçin BAE-niň meşhur brendleriniň ýokary hilli önümleri bilen harytlarynyň hataryny doldurdy.
Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň hatarynda: modern stildäki lýustralar, dürli görnüşli spotlar, otag we...
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Pakistan Yslam Respublikasy Russiýanyň «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmagyny goldaýar. Muny golaýda TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Pakistanyň Russiýada täze bellenen ilçisi Muhammad Halid Jamali mälim etdi.
— Ýurdumyzda energiýa çeşmelerine bolan isleg barha ýokarlanýar. Pakista...
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Pakistan Yslam Respublikasy Russiýanyň «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmagyny goldaýar. Muny golaýda TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Pakistanyň Russiýada täze bellenen ilçisi Muhammad Halid Jamali mälim etdi.
— Ýurdumyzda energiýa çeşmelerine bolan isleg barha ýokarlanýar. Pakistan bu ugu...
Zenan özüniň gözelligi üçin ejir çekýändigini gürrüň berdi
Beýik Britaniýanyň 55 ýaşly ýaşaýjysy Fren Soýer özüniň gözelligi üçin kösenýändigini we boýdaşlarynyň ýokdugyndan zeýrendi diýip, «MIR24» ýazýar.
Fren Gempşir graflygynyň Beýzingstok şäherinde ýaşaýar, aýtmagyna görä, beýleki zenanlar onuň gözelligine we ýaraşykly geýinýändigine göriplik edýärler.
Bir gezek ol çagalaryny almak üçin b...
«Iş Nokady» HJ we «Ground Zero» hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler
Türkmenistanda ilkinji hyzmatdaşlyk (koworking) merkezi «Iş Nokady» HJ we Daşkentdäki ilkinji koworking merkezleriniň biri bolan «Ground Zero» hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler.
Ylalaşykda iki merkeziň hem wekillerine we myhmanlaryna özara artykmaçlyklary hödürlemek göz öňünde tutulýar. «Iş Nokadanyň» wekilleri we Daşkende...
«Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi guraldy
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi guraldy.
Bu sergide Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär. Şeýle hem muzeý gaznasynda goralyp saklanýan milli gymmatlyklar hem-de ýurduň baý ösümlik dünýäsiniň görnüşleri goýuldy. Şeýle hem sergide Arkadag şäherinde hyzm...
«Alem Sport» dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ylgaw enjamlaryny hödürleýär
«Alem Sport accessories and equipments» dükany öý, sport zallary we fitnes-merkezleri üçin dürli görnüşleri hödürleýär. Dükanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda «Volksgym», «Oma Fitness», «Marshall Fitness» ýaly dünýäniň ynamdar öndürijileriniň islendik derejedäki ylgawçylar üçin ygtybarly maşk enjamlary bar.
«Eplenýän ylgaw enjamy howa şer...
Nebit daşalyşy artdyrylýar
Işe girizilen pursatyndan şu güne çenli «Baku — Tbilisi — Jeýhan» (BTJ) turbageçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna 4,3 milliard barrel nebit iberildi. Muny «BP» kompaniýasynyň maliýe meseleleri boýunça sebitleýin wise-prezidenti Kolin Alan Bakuwda geçirilen 10-njy Hazar tehniki konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «APA-Economics» habar berdi...
Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Gullugyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
Duşuşykda Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdiriýetiniň müdiriniň orunbasary Sandra Karkline-Admine, şeýle hem Latwiýa Respublika...
Sebitde durnukly ösüşi goldamak boýunça maslahat geçirildi
Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB), Aziýa ösüş banky (AÖB) we Aziýa infrastruktura maýa goýum banky (AIMGB) «Merkezi Aziýada durnukly ösüşe goldaw bermek» atly «tegelek stoluň» dowamynda sebitdäki daşky gurşaw we durmuş standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, «Trend.az» habar berdi.
ÝÖB-iň Durnukly ösüş müdirliginiň dolandyryjy müdir...
EURO-2024: Fransiýa Gibraltary 14:0 hasap bilen ýeňdi
Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Fransiýa Gibraltary 14:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Fransuzlardan Kilian Mbappe het-trik etdi, Kingli Koman we Oliwýe Žiru dubl, Markus Týuram, Uorren Zair-Emeri, Žonatan Klauss, Ýussuf Fofana, Adrien Rabýo we Usman Dembele bir goldan geçirdiler.
Mbappe şeýle hem üç sany a...
Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek gan keseliniň iki görnüşi üçin gen bejergisi tassyklandy
Beýik Britaniýanyň Derman serişdelerine we lukmançylyk maksatly önümlere gözegçilik müdirligi orak görnüşli öýjükli ganazlygy we beta-talassemiýany bejermekde dünýäde ilkinji gen terapiýasyny tassyklady diýip, hökümetiň web sahypasynda habar berilýär.
"Derman serişdelerine we lukmançylyk maksatly önümlere gözegçilik müdirligi, täze dermany...
Apple iPhone 16-da grafen sowadyş ulgamynyň üstünde işleýär
Amerikanyň Apple elektronika öndürijisi iPhone 16 -da grafen sowadyş ulgamyny ulanmagy we aşa gyzmak meselesini çözmegi meýilleşdirýär. Bu barada X sosial ulgamynda Kosutami lakamly insaýder habar berdi, onuň maglumatlaryna, köplenç, ýöriteleşdirilen Günbatar habar beriş serişdeleri salgylanýar.
Kosutami gysga habar çap etdi, onda Apple-iň t...
Şakira üç sany latyn «Gremmisini» aldy we agşamyň dowamynda dört gezek eşigini üýtgetdi
Latyn Amerikasynyň Sungat we sesýazgy ylymlary akademiýasynyň her ýyl geçirýän “Gremmi” baýragynyň 24-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy noýabrda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirildi. Kolumbiýaly aýdymçy Şakira agşamyň ýyldyzy boldy. Ol iki esasy kategoriýada - “Ýylyň aýdymy” we singl Şakira üçin “Iň gowy pop-aýdym”: Bzrp Music Sessions, dijeý Bizar...
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede eksport geleşikleriniň jemi bahasy 8,8 mln dollara golaýlady
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, da...
Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Lekler – ikinji, Peres – üçünji
Las-Wegasyň şäher ýolunda 2023-möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň ýene bir tapgyry – Las-Wegasyň Gran-prisi tamamlandy. Onuň ýeňijisi “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi. Üçünji orny “Red Bulldan” Serhio Peres eýeledi.
Jorj Rassel ýaryşy dördünji bolup tamamlady, ýöne özünden ö...