Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi
Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr.
«ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir.
Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar
Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy.
Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär.
Ekspedisiýa w...
BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi
Ýeriň ilkinji emeli hemrasy 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan uçuryldy. Şondan bäri Ýere ýakyn orbitadaky hemralaryň sany ýylsaýyn artýar.
Soňky ýyllarda ösüş depgini ep-esli çaltlaşdy. Bu, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli giň zolakly internet üçin hemra ýyldyzlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly. Belli mysallaryň biri - Ilon Maskyň k...
Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar
Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape neşiri ýazýar.
Hassala...
Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri okuw tölegini galdyrdylar. Käbir ugurlarda tölegler 60%-e çenli ýokarlandy
2025-nji ýylda Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri täjirçilik esasynda okuw töleglerini ep-esli ýokarlandyrdy. Wedomosti neşiriniň maglumatlaryna görä, RAEX-iň reýtingindäki 10 uniwersitetiň ýedisinde okuwyň bahasy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, azyndan 25% galdy. Esasanam, IT we inženerçilikden başlap, lukmançylyk we hukuk ýaly meşhur ugurlar...
«Chimcomplex» kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär
18-nji iýunda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň «Chimcomplex» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuza bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda senagat hem-de maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rumy...
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet se...
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi
17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Mejlisiň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, gender deňlig...
Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi
Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi.
Orient agentliginiň habar bermegine görä, 18-nji iýunda Kabul şäherinde Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerin...
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Rustam Minnihanow türkmen-russiýa gatnaşyklaryna berýän ünsi ü...
Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy
17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Bu çärede Türkmenistana BIE-niň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Maksa...
135 ýaşly pyşdyl ilkinji gezek kaka boldy
Goliaf atly 135 ýaşly Galapagos pyşdyly ilkinji gezek kaka boldy. Bu barada Maýami haýwanat bagynyň işgärleri buşlady diýip, New York Post habar berýär.
Olar kiçijik pyşdylyň ejesiniň hem ýaş däldigini belledi, ýagny dürli hasaplamalara görä, Sweet Pea atly pyşdyl 85-den 100 ýaş aralygynda bolmaly.
“Goliaf – meniň gahrymanym, men onuň...
Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy
Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi.
Hasabata görä, energiýa üpjünçiligi ulgamyndaky bökdençligiň birnäçe sebäbi bardy. Kiberhüjüm mümkinçiligi aradan aýryl...
Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar
Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar.
62 ýaşly aktýor “kinematografiýa jemgyýetine bolan ygrarlylygy”, şol...
Ak tam TikTok-yň ABŞ-da petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok platformasynyň ABŞ-nyň çäginde petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürmäge karar berdi. Bu barada 17-nji iýunda Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt habar berdi.
«Bloomberg» agentliginiň belleýşi ýaly, bu Trampyň wezipesine girişeli bäri platformanyň işini üçünji gezek uzaldyşydyr.
«Prezide...
Adobe kompaniýasy Firefly-yň ähli emeli aň gurallary bilen ykjam goşundysyny çykardy
Generatiw emeli aň hyzmatlarynyň platformasy bolan Adobe Firefly indi Android we iOS smartfonlarynda elýeterli boldy. Täze ykjam goşundy tekst beýany boýunça surat we wideo döretmäge, şeýle-de suraty redaktirlemek üçin EA gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar.
Firefly programmasy tekstden surat we wideo döretmek üçi...
ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi
ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy. Modelleriň ikisi-de kraş synaglarynda gowy netijeleri, pyýadalaryň gowy goragyny we how...
Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi
Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär.
Daniýanyň paýtagty durnuklylyk, bilim we infrastruktura kategoriýalarynda iň ýokary bahalara eýe boldy.
Geç...
FourFourTwo meýdançada eýeleýän orunlary boýunça dünýäniň iň gowy futbolçylaryny saýlady
Britaniýanyň FourFourTwo neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini düzdi.
Her orun üçin neşir ilkinji onlugy saýlady, ýöne biz olaryň diňe ilkinji bäşligi bilen çäkleneris.
Derwezebanlar: 1. Janluiji Donnarumma (“PSŽ”), 2. Alisson (“Liwerpul”), 3. Dawid Raýýa (“Arsenal”), 4. Tibo Kurtua (“Real”), 5. Ýan Zommer...
Kosmosda emeli Gün tutulmasynyň ilkinji suraty iberildi
Ýewropa kosmos agentligi Proba-3 missiýasyndan alnan, Ýeriň orbitasynda döredilen emeli Gün tutulmasyny görkezýän ilkinji suraty çap etdi.
Proba-3 missiýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň maksady – Gün koronasyny, ýagny ýyldyzyň atmosferasynyň daşky we iň yssy gatlagyny öwrenmek. Koronanyň temperaturasy millionlarça derejä ýetýär,...