“Krid” franşizasynyň dördünji bölümi surata düşüriler
Prodýuser Irwin Uinkler “Deadline” neşiri bilen söhbetdeşlikde ýakyn wagtda “Krid 4-üň” önümçiligine başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Muny film.ru ýetirýär.
“Biziň, hakykatdanam, gowy wakamyz we sýužetimiz bar. Biz iş taşlaýyşlar sebäpli birneme gijikdik, ýöne çen bilen bir ýyldan deslapky önümçilige girişeris” – diýip, Uinkler belledi....
BAE-de dünýädäki iň uly Gün elektrik stansiýasy işe girizildi
Birleşen Arap Emirliklerinde dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasy Al-Dafra işe girizildi. Desganyň açylyşy 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) öňüsyrasynda boldy diýip, habr.com habar berýär.
2 GWt kuwwatly elektrik stansiýasy Abu-Dabiden 35 km uzaklykda ýerleşýär. A...
Dünýä çempionaty — 2026: Türkmenistan Gonkong bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynda ilkinji utugyny gazandy. Mergen Orazowyň şägirtleri 21-nji noýabrda Gonkongyň ýygyndysy bilen myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.
Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan türkmen ýygyndys...
Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara söwda dolanyşygy 939,1 million dollara ýetdi
Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky statistika gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 939,1 million dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artdy.
Türkmenistan Özbegistandan 143,7 million dollarlyk harydy import etdi. Öz gezeginde, Türkme...
Ýylyň iň gowy tälimçisi adyna dalaşgärler belli boldy
Globe Soccer Awards-yň wersiýasy boýunça şu ýylyň iň gowy tälimçisi adyna dalaş edýän tälimçiler belli boldy.
Şeýlelikde, bu ada Hosep Gwardiola, Mikel Arteta, Karlo Ançelotti, Roberto De Dzerbi, Luis de la Fuente, Simone Indzagi, Lionel Skaloni, Stefano Pioli, Luçano Spalletti, Tomas Tuhel, Hawi, Jonatan Giraldez, Marsel Koller, Alessandro...
Globe Soccer Awards-yň wersiýasy boýunça iň gowy klub prezidenti adyna dalaşgärler saýlandy
Globe Soccer Awards boýunça, şu ýylyň iň gowy klub prezidenti adyna şular dalaş edýär: Haldun Al Mubarak (“Mançester Siti”), Hose Kastro (“Sewilýa”), Ruý Koşta (“Benfika”), Aurelio De Laurentis (“Napoli”), Gerbert Haýner (“Bawariýa”), Jozef Ugurlýan (“Lans”), Žoan Laporta (“Barselona”), Florentino Peres (Madridiň “Realy”).
Ýatlap geçsek, geç...
LC Waikiki-den müşderilerine rekord aksiýa: 1+1=365 gün
LC Waikiki brendiniň Aşgabatdaky resmi dükany öz müşderileri üçin rekord aksiýa yglan etdi. LC Waikiki-den 1 haryt alana 1-i mugt aksiýasynyň möhleti 365 güne çenli uzaldyldy. Ol şu gün — 22-nji noýabrda başlanýar.
LC Waikiki dükanyna ýylyň dowamynda täze kolleksiýalaryň gelip durýandygyny göz öňünde tutsak, onda tutuş bir ýyllap dükana bary...
Türkmenistanyň wekiliýeti sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Hytaýda geçirilýän halkara çärä gatnaşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22–25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammiti...
Germaniýadan gelen sazandalar Aşgabatda konsert berdiler
Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäginde Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen pianinoçylar – Marsel Dornanyň we Ştefan Weýiň konserti geçirildi. Konserti GFR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we teatryň administrasiýasy gurady.
Marsel we Ştefan...
FAO-nyň bilermenler topary Türkmenistana geldi
FAO-nyň bilermenler topary «Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen, ownuk mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde Türkmenistana geldi.
Toparyň maksady taslama gatnaşýan edaralaryň wekilleri bilen duşuşyklary guramak we Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, şeýle hem...
Türkmeniň milli senenamasy
Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly noýabr aýynyň 23-inden Fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş.
22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň d...
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.
Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar....
Aşgabatda we welaýatlarda 24 — 26-njy noýabrda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi garamagyndaky teatrlarda 2023-nji ýylyň 24 — 26-njy noýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibini mälim etdi. Ol ministrligiň saýtynda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda
25.11.2023ý. «Saňa ýalan maňa çyn» s...
Awstriýada gadymy türkmen halylary auksiona çykarylar
Ezber türkmen halyçylary tarapyndan dokalan gadymy nepis halylar Awstriýada geçiriljek auksion söwdasynda satuwa çykarylar.
«Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» söwdasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da başlamagyna garaşylýar diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar ber...
Türkmenistanda şahsy pensiýalary bellemegiň we tölemegiň düzgünleri neşir edildi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Buýrugyny döwlet belligine aldy. Ol Hukuk maglumatlar merkeziniň saýtynda çap edildi.
Üýtgetm...
Täze açylan SARPALY awtoýag we tekerler dükanynda mugt serwis hyzmatlary dowam edýär
Gökdepe etrabynda täze açylan «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany müşderileri üçin serwis hyzmatlarynyň 31-nji dekabra çenli MUGT ýerine ýetirilýändigini ýatladýar.
Dükanda dürli awtoulag markalary üçin tekerler, awtoýaglar, kolodkalar, akkumulýatorlar, aksessuarlar, awtohimiýa serişdeleri, awtoçehollar, filtrler bar.
Müşderilere sow...
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
22-nji noýabrda Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä b...
Ýewro 2024-iň toparlaýyn tapgyryna bije çekişlik üçin sebetleriň düzümi kesgitlenildi
2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň final tapgyrynyň bijesi üçin sebetleriň düzümi kesgitlenildi.
Birinjisi — Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Belgiýa, Ispaniýa, Angliýa.
Ikinjisi — Wengriýa, Türkiýe, Daniýa, Albaniýa, Rumyniýa, Awstriýa.
Üçünjisi — Gollandiýa, Şotlandiýa, Horwatiýa, Sloweniýa, Slowakiýa, Çehiýa.
Dör...
Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi
Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi. Bu barada Indoneziýanyň DIM-niň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, Report habar berýär.
“Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 10-njy resmi dili hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Şol bir wagtyň özünde, indoneziýa dili iş dili hökmünde u...
OpenAl-yň işden çykarylan baş müdiri bäş gün soňra öňki ornuna gaýdyp geler
17-nji noýabrda işden çykarylan OpenAl kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman öz wezipesine gaýdyp geler. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamyndaky sahypasynda resmi taýdan yglan etdi diýip, gazeta.ru habar berýär.
“Biz Sem Altmanyň Bret Teýlordan (başlyk), Larri Sammersden we Adam D’Anjelodan ybarat müdirler geňeşiniň täze başlangyç dü...