Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalaryň bejergisi üçin 200 müň amerikan dollary bölünip berler
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işleri geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny...
«Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» aýal-gyzlara öýde fitnes bilen meşgullanmak üçin sport enjamlaryny hödürleýär
Sport bilen diňe sport zalynda meşgullanmak hökman däl. Öýde-de, esasanam degişli sport enjamlary bar bolsa, aňsatlyk bilen ýerine ýetirip boljak maşklar bar. Zenanlar, köplenç, sport zalyna gatnamaga wagt tapmaýarlar, şonuň üçin «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» sport enjamlarynyň dükany aýal-gyzlara fitnes-klublaryna gatnamak bilen wagt ýitirm...
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi boldy
UEFA-nyň Şweýsariýanyň Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda 2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi boldy.
Şeýlelikde, 2023/2024-möwsüminiň Ýewropa futbolynyň iň gowy 16 topary öz garşydaşyny bildi.
202/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jübütleri:
“Portu” (Portugaliýa) – “Arsenal”...
Arktikada gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy tomus hasaba alyndy
Geçen tomus Arktikada gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy tomus boldy. ABŞ-niň Milli umman we atmosfera müdirliginiň (NOAA) hasabatyna görä, ortaça temperatura 6,4 gradusa deň boldy – bu 1900-nji ýylda başlanan dowamly gözegçiligiň çäklerinde hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.
Gözlegler Arktikada ýylamagyň 1940-njy ýyllarda başlanandygyny gör...
«Gramota.ru» portaly 2023-nji ýylyň sözüni saýlady
“Gramota.ru” portaly “neýroulgam” sözüni 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu barada portalyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“2023-nji ýylyň sözi “neýroulgam” boldy. Ol deňagramly görkezijileriň – uly maglumatlary, gözlegleriň ýygylygyny seljermegiň, öňdebaryjy hünärmenleriň: lingwistleriň, sosiologlaryň we beýleki hün...
Apple kazyýetiň karary esasynda täze akylly sagatlaryny ABŞ-da satmagyny bes eder
Apple korporasiýasy hepdäniň ahyryna çenli ABŞ-da Apple Watch Series 9 we Watch Ultra 2 akylly sagatlaryny satuwdan aýrar. 21-nji dekabrdan başlap gurluş onlaýn dükanlardan ýiter, üç günden soň bolsa olar ownuk söwda nokatlaryndan hem aýrylar.
Bu korporasiýanyň ganda kislorodyň derejesini ölçemek tehnologiýasy üçin patent babatynda kazyýet...
Hindistanyň Güne tarap ugradan stansiýasy ýanwaryň birinji hepdesinde barmaly nokadyna ýeter
Hindistanyň Aditya-L1 Güni öwreniş kosmos stansiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji hepdesinde missiýasynyň soňky nokadyna — asman Ýagtylgyjyny synlap bolýan nokada (Lagranž L1 nokadyna) ýeter. Muny Hindistanyň Ylym we tehnologiýa döwlet ministri Jitendra Singh mälim etdi.
Singh Sansad TV teleýaýlymyna beren interwýusynda: "Hindistanda...
Mask adamzat beýleki planetalara göçüp barmalydy diýip hasaplaýar
Telekeçi Ilon Mask adamzada kosmosy öwrenmek we beýleki planetalara göçüp barmak gerek diýip hasaplaýar.
"Adamzadyň Aýda bazasy, Marsda şäherleri bolmaly we ýyldyzlaryň arasynda gezmeli!" – diýip, ol X (öňki Twitter) sosial ulgamda ýazdy.
Mask: “Ilkinji uçuşdan [Doganlar Raýtyň uçar oýlap tapmagyndan] başlap Aýyň üstüne gonulýança bar...
Lukmanlar adamyň içinde 3D çap etmegiň usulyny oýlap tapdylar
ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň we Dýukyň barlag uniwersitetiniň lukmanlar topary adam bedeninde 3D çap etmäge mümkinçilik berýän özboluşly syýa ýasady. Science žurnalynda täze tehnologiýa barada “Çuňňur aralaşýan akustiki göwrümli çap” (DVAP) atly ylmy makala çap edildi.
Awtorlaryň düşündirmegine görä, DAVP biologiki...
Syýahatçylar dünýäniň iň gowy howa menzilini saýladylar
Global Traveler amerikan syýahat žurnaly ses berişligiň netijesini yglan etdi we dünýäniň howa menzilleriniň arasynda iň gowusyny atlandyrdy. Ol Türkiýäniň iGA Istanbul Airport howa menzili boldy. Bu barada russiatourism.ru habar berýär.
Ses bermäge 500 müňe golaý okyjy gatnaşdy. Ýeňiji GT Awards baýrak gowşurylyş dabarasynda gutlandy. Türki...
Hopp Store dünýä belli söwda platformalaryny bir ykjam goşundyda jemledi
Elektron söwdanyň ýokary depginler bilen ösýän döwründe Türkmenistanda bu hyzmaty hödürleýän mobil goşundylaryň sany hem barha artýar. Şeýle hyzmaty hödürleýän mobil goşundylaryň biri hem «Hopp Store». Eýsem, bu mobil goşundy beýlekilerden nämesi bilen tapawutlanýar. TmCars.info okyjylaryna muny seljerip berýär.
Millionlarça haryt hödürleýän...
Apple Hytaýdaky ýertitremäniň ýetiren zyýanlaryny dikeltmäge kömek eder
Apple amerikan kompaniýasy Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen ýertitremäniň netijelerini ýok etmäge kömek eder. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk Weibo sosial ulgamyndaky akkauntynda hytaý we iňlis dillerinde ýazdy.
“Gansudaky ýertitreme we onuň netijeleri, hakykatdanam, weýrançylykly. Apple-de biz ejir çekenler barada pikir...
NASA 31 mln km aralykdan Ýere sary pişikli wideony iberdi
ABŞ-da NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň (JPL) hünärmenleri Ýere 31 mln km rekord aralykdan ýokary derejede durulykly wideo iberdiler. Bellenilen aralyk biziň planetamyz bilen Aýyň arasyndaky aralykdan, takmynan, 80 esse uludyr. Faýl lazeriň kömegi bilen “Psiheýa” kosmos enjamyndan iberildi diýlip, kosmos agentliginiň resmi saýtynda habar be...
2023-nji ýylda 10 müňden gowrak ylmy makala yzyna alyndy
2023-nji ýylda ylmy makalalar pudagy antirekord goýdy. Bu döwürde yzyna alnan ylmy makalalaryň sany on müňden geçdi. Bu barada mail.ru «Nature» žurnalyna salgylanyp habar berýär.
Makalalar dürli sebäplere görä yzyna alnyp bilner. Mysal üçin, käbir alymlar belli bir ugurda üstünlik gazandylar, synaglar geçirdiler we bu barada žurnalda çap etd...
FourFourTwo Holandy ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi
«Mançester Siti» toparynyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand «FourFourTwo» tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Häzirki dünýä çempiony argentinaly Lionel Messi bolsa altynjy orny eýeledi. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär.
Holand bilen birlikde ilkinji üçlüge Madridiň «Real...
Hytaýda açyk kosmosda adamyň özüni rahat duýmagy üçin lybas döredildi
Hytaýly alymlaryň topary daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgemegine garamazdan, adama amatly temperatura aralygynda galmaga mümkinçilik berýän we Gün energiýasy bilen işleýän çeýe egin-eşik ulgamyny döretdiler. Bu barada mail.ru habar berýär.
Beýleki termo kadalaşdyryjy lybaslardan tapawutlylykda, Nankaý uniwersitetiniň alymlarynyň döreden...
«Maýyl Delivery» Täze ýyl tagamlary üçin sargytlary kabul edýär. «1+1» aksiýasy güýjünde
Täze ýyl diýlende näme göz öňüne gelýär?
Çagalar Täze ýylyň sowgatlaryna garaşyp ýadasa, ene-atalar üçin, iň esasy alada — baýramçylyk saçagyny bezemek bolsa gerek!
Emma Täze ýylda dürli tagamlardyr işdäaçarlary, mangal tagamlaryny taýýarlajak bolup, agşama ýadap ýetmek hem dogry däl. Baýramçylygyň lezzetini doly derejede duýup, dynç...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awstraliýadaky ilçisini belledi
Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Awstraliýa Arkalaşygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini hem ýerine...
Serdar Berdimuhamedow 27-nji dekabrdaky çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça resminama gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Degişli Karara 21-nji dekabrda gol çekildi.
Resminama...
BMG 2026-njy ýyly Halkara meýletinçiler ýyly diýip yglan etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy Gazagystanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýyly Halkara meýletinçiler ýyly diýip yglan etdi. Bu başlangyjy Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň münberinden 2020-nji ýylda öňe sürdi diýip, kz.kursiv.media belleýär.
Gazagystandan başga-da, Halkara meýletinçiler ýylyny yglan etmek barad...