2024-nji ýylda Türkmenistanda welaýatlar boýunça pile öndürmegiň möçberleri tassyklanyldy

2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2100 tonna çig pile öndüriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy fewralda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 t...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap:
bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;
nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 1...

Dowamy »

269 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylda iň gowy netijeleri üçin 1 million amerikan dollaryny aldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi. Ak bugdaý etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Mejlisiň barşynda...

Dowamy »

255 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda işe giriziljek desgalar barada aýtdy

9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň ileri tutulýan wezipeleri barada durup geçdi.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim eda...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Howanyň üýtgemegi Arktikanyň suwlarynda täze adalaryň döremegine getirip biler

Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlary howanyň birbada üýtgemeginiň Arktikadaky deňiz landşaftyny üýtgedip, Grenlandiýanyň töwereginde köp sanly täze adalaryň peýda bolmagyna getirip biljekdigini anykladylar. Gözleg “Geophysical Research Letters” (GRL) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Hünärmenler Grenlandiýanyň...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Google “ýaşyl” elektrik energiýasyny satyn almak barada iň uly şertnamasyny baglaşdy

Amerikan tehnologiýa ägirdi Google Niderlandlaryň kenarýakasyndaky deňiz ýel energetika taslamalaryndan gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasy bilen üpjün etmek barada taryhda iň uly şertnamany baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Gürrüň Shell energetika korporasiýasy bilen Eneco kompani...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

10-njy fewralda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

10-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäh...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

FourFourTwo-nyň wersiýasyna görä, dünýäniň iň gowy derwezebany yglan edildi

Abraýly FourFourTwo britan žurnaly Alissony häzirki wagtda dünýäniň iň gowy derwezebany hökmünde ykrar etdi.
Neşir şu günki iň güýçli 10 derwezebanyň sanawyny düzdi we “Liwerpul” bilen Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçysy bu ugurda birinji orny eýeledi diýip, sports.ru habar berýär.
Iň gowy 10 derwezebanyň sanawy şeýle:
...

Dowamy »

226 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Biologlar ilkinji gezek 3D çap enjamynda işleýän beýni dokumalaryny çap etdiler

Alymlar ilkinji gezek 3D çap enjamyny ulanyp hakykysy ýaly ösüp we işläp bilýän adamyň beýni dokumasyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «Cell Stem Cell» žurnalynda çap edildi.
3D çap etmek boýunça adaty çemeleşmede material gatlaklary biri-biriniň üstünde dikligine ýerleşdirilýär. Alymlar täze gözlegde öýjükleri biri-biriniň gapdalynda goriz...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

12 sany türkmen agyr atletikaçylary Daşkentde Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň topary Daşkentde badalga alan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýar. Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 12 türgen wekilçilik edýär diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýardam edýän utuklar ugrunda geçirilý...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Aşgabada iş sapary bilen geldi

5-nji fewralda BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi. 5-nji fewralda wekiliýet agzalarynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň...

Dowamy »

220 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançyl...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Fitch reýting agentligi Türkmenistana "B+" derejesini berdi

Halkara “Fitch Ratings” baha beriş agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt pulundaky bergilerini üzüp biljek uzakmöhletleýin derejesine “B+” ýa-da “Oňyn” görkeziji berdi.
"Bu reýting derejesi iň ýokary özygtyýarly sap daşary ýurt aktiwleri (SNFA) / JIÖ we iň pes hökümet karzy, "B" deňdeş toparyndaky iň pes döwlet karzy bolan Türkmenistanyň iň...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen ilçisi Katarda Dar Al-sharq Metbugat merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow “Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň merkezi binasynda Merkeziň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşdy diýip, ORIENT habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasynda alnyp barylýan köpugurly hy...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Teýlor Swift “Ýylyň iň gowy albomy” üçin Gremmi baýragyna mynasyp boldy

Teýlor Swiftiň “Midnights” albomy “Ýylyň iň gowy albomy” kategoriýasynda “Gremmi” aýdym-saz baýragyna eýe boldy. Los-Anjelesde geçirilen 66-njy baýrak gowşurylyş dabarasy CBS tarapyndan ýaýlyma berildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Swiftden başga-da, bu nominasiýada ýeňiş üçin “World Music Radio” albomy bilen Jon Batist, “Endless Summer Vac...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Billi Aýliş “Barbi” filmindäki aýdym üçin “Gremmi” baýragyny aldy

Billi Aýlişiň “What Was I Made For?” aýdymy “Ýylyň aýdymy” kategoriýasynda “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada CBS teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Bu kategoriýada ýeňiş üçin şu aýdymlar hem bäsleşdi: Jon Batistiň “Butterfly” (“Barbi” filminden), Lana Del Reýiň “A&W”, Maýli Saýrusyň “Flowers”, Teýlor Swiftiň “Anti-He...

Dowamy »

237 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Iň uzyn aşaky äňi bolan gadymy balygyň galyndylary tapyldy. Onuň ýaşy - 365 million ýyl

Sýurih uniwersitetiniň we Londonyň Tebigat taryhy muzeýiniň gözlegçileri 365 million ýaşly balygyň galyndylaryny tapdylar. Galyndylardan çen tutsaň, balygyň dişleriniň gysylyş uzynlygy şu wagta çenli mälim bolanlaryň içinde iň uzyny diýip, The Conversation neşirine salgylanýan Ferra ýazýar.
Birbada alymlar galyndylaryň bu bölegini özboluşly...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Seulyň kazyýeti Samsung-yň ýolbaşçysyny üç ýyldan gowrak dowam eden aýyplamadan soň aklady

Samsung Electronics kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Li Çže Ýon gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly hilelerde günäkär däl diýlip ykrar edildi. Bu barada “Yonhap” agentligi habar berýär. Samsung Group-yň hakyky ýolbaşçysyna garşy kazyýet işi tas üç ýyl we alty aý dowam etdi.
Günorta Koreýanyň prokuraturasy 2020-nji ýylyň sentýabr aý...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Central Asian Music Awards ilkinji gezek Bişkekde geçiriler

9-njy fewralda Bişkekde ilkinji gezek Central Asian Music Awards aýdym-saz baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy bolar.
Dabarada, dürli kategoriýalar boýunça ýeňijileri yglan etmek bilen bir hatarda, Bosson, DJ Feel, Ray Horton, Akcent we meşhur BLUE britan topary ýaly dünýä sahnasynyň meşhur ýyldyzlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
“Gyrg...

Dowamy »

204 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Beýik Britaniýanyň patyşasy Çarlz III-de rak keseli ýüze çykaryldy

Beýik Britaniýanyň 75 ýaşly patyşasy Çarlz III-iň rak keseli bilen keselländigi anyklandy. Bu barada Bukingem köşgüniň Metbugat gullugy habar berdi.
Patyşa bu temadaky myş-myşlaryň öňüni almak maksady bilen, kesel kesgidi barada özi habar bermegi makul bildi.
Patyşa maşgalasynyň wekilleri Çarlz III-e rak keseliniň haýsy görnüşiniň deg...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago