Russiýada ýyldan ýyla arzanlaýan azyk önümleri belli boldy
Russiýada hyýaryň bahasy bir ýylda 8,4 göterim arzanlap, ýurtda ýylsaýyn arzanlaýan azyk önümi boldy. Bu barada «Руспродсоюз» assosiasiýasynyň habaryna salgylanýan TASS habar berdi.
Arzanlan azyk önümleriniň 5-ligine şeýle hem alma (8,1 göterim), ösümlik ýagy (6,4 göterim), peýnir (2,1 göterim) we aşa pasterizleşdirilen süýt (1,7 göterim) gi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşi...
Türkmenistanda 50 müň täze iş orny we 25 müň kärhana dörediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş orunlaryny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta...
2027-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler
2027-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda belledi hem-de wise-premýer B.Mämmedowa bu çärä şu günden başlap taýýarlyk görmegi we onuň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy. Bu barada «W...
Türkmenistan Ženewada geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinde düzülen ýurduň wekiliýeti 16 — 20-nji noýabr aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyny...
Türkmen talyplary halkara stomatologiýa olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
Şu ýylyň 11–15-nji noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara stomatologiýa olimpiadasyna we kongresine gatnaşdy.
«Stomatologiýanyň elitasy» atly Bütinrussiý...
Türkmen hünärmenleri çägeden kremniý almagyň usulyny işläp düzdüler
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde Garagum çölüniň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu barada ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm müdiri Batyr Berdiýew «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu tehnologiýa dünýäde uly isleg...
Türkmenistanda «Maliýe» dersi boýunça Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe» dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada 11 ýurduň 52 sany ýokary okuw mekd...
Tramp Hytaýa bardy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady sammitine hem-de Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Hytaýyň Şençžen şäherine bardy. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berdi.
Guramanyň 33-nji sammiti düýn öz işine başlady, ol şu gün öz işini tamamlar. L...
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Aşgabat maslahatynda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň ikinji gününde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
18-nji noýabrda parlamentarileriň giň wekilçilikli toparyny bir meýdançada...
Lebap welaýatynda çykarylan tebigy gaz 20 milliard kub metre golaýlady
Lebap welaýatynda şu ýyl çykarylan tebigy gaz 20 milliard kub metre golaýlady. Has takygy, ýylyň başyndan bäri 19 milliard 575 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» çykaryldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 680 million kub metre golaý köpdür. Önümçilikdäki artyş depgini 3,6 göterime ýetýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde ha...
Özbegistanyň ilaty soňky 16 ýylda 10 million adam köpeldi
Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany soňky 16 ýylda 10 million adama çenli köpeldi. Bu barada Respublikanyň Statistika geňeşine salgylanýan «podrobno.uz» neşiri habar berdi.
Geňeşiň habaryna görä, 2010-njy ýylyň başynda ýurtda 29 million 214 müň 900 adam ýaşaýardy. 2026-njy ýylyň başynda bu görkeziji 39 million 23 müň 600 adama ýetdi. 30 mil...
Aşgabatda Ýewropanyň medeniýet günlerine badalga berilýär
Şu gün Aşgabatda dekabr aýyna çenli dowam etjek Ýewropa medeniýetiniň günleri başlanýar.
Size Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda çap eden çäreleriň maksatnamasyny hödürleýäris:
19-njy noýabrda — sagat 15:00-da Simona De Rozanyň (Simona De Rosa) wokal boýunça ussatlyk sapagy geçiriler, Türkmenista...
Türkmen we fransuz okuwçylary tebigaty surata düşürýän fotosuratçy bilen duşuşdylar
Aşgabatda paýtagtyň birnäçe orta mekdebiniň we Fransiýanyň «Bouygues» gurluşyk kompaniýasynyň şäherçesindäki mekdebiň okuwçylarynyň «Diýar» žurnalynyň fotohabarçysy Ahmet Taňrygulyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň guş dünýäsi, ýurduň tebigaty we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boldy.
Duşuşygyň başynda oňa ga...
«Serdar» pagta egriji fabriginde 27 million manatlyga golaý iş edildi
«Serdar» pagta egriji fabriginde şu ýylyň on aýynyň jemi boýunça jemi 26 million 910 müň 447 manatlyk ýokary hilli önüm öndürilip, bellenilen meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berdi.
1998-nji ýy...
Guraklyga garşy çäre: Keniýada düýe süýdüne isleg ýokarlandy
Keniýada azyk kynçylyklaryny düýe süýdi arkaly çözýärler. Ýerli fermerler sebitdäki guraklyk sebäpli «çöl gämilerini» köpeldýärler diýip, «MIR 24» habar berýär.
Sygyrlaryň baş sanynyň gyrlyp gutarmagyndan we suwuň umumy ýetmezçiliginden soňra Samburu etrabynyň ýaşaýjylaryny düýeler halas etdiler. Okrugyň hökümeti iki oba 150 baş düýe paýlap...
Baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgynyň komediýa eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Pýer Abunyň «Şamlykda dörän şumluk» atly detektiw komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy.
Sahna oýnuna Arslan Berdiýewiň režissýorlyk etdi diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Sahna oýny Leýla Allaýewanyň Merge...
Aşgabat üç günüň dowamynda sanly tehnologiýalaryň merkezine öwrüler: «Türkmentel – 2026» barada nämäler mälim
24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler.
Forum sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli maksatnamalar...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusuň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Igor Brilewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hy...
Braziliýada balyklar köpçülikleýin gyrylýar
Braziliýada ekologik heläkçilik: iri derýalaryň hem-de kölleriň kenarlary ölen balyklar bilen örtüldi. Ýerli häkimiýetler munuň sebäbini suw ulgamlarynyň güýçli azalmagyna getiren we gyzgyn suwda kislorodyň derejesi iň pes derejä düşen yssy howany günäkärleýärler diýip, «news.by» ýazýar.
Howa töwekgelçilikleriniň indeksiniň täze maglumatlary...