Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy

Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär.
Adaty ýokary tizlikli synaglardan tapawutlylykda, adatça 30-40 kilometr aralygy talap edýän uzy...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy

Makkuori uniwersitetiniň barlagçylary PDI belogynyň beýni öýjükleriniň ýadrolaryna aralaşyp, zeper ýeten DNK-ny bejerip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu açyş Alsgeýmer we Parkinson ýaly newrodegeneratiw kesellere garşy göreşde kömek edip biler.
Adatça, sitoplazmada beýleki beloklaryň emele gelmegine gatnaşýan disulfide-izomeraz (PDI) belogy...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Samsung Galaxy Watch-iň käbir funksiýalaryny tölegli eder

Samsung Health ekoulgamynyň käbir aýratynlyklaryny, şol sanda Galaxy Watch akylly sagatlarynda ornaşdyrylan mümkinçilikleri monetizasiýa etmek meýilnamasyny tassyklady. Bu barada Samsung Electronics-iň “sanly saglyk” bölüminiň başlygy doktor Hon Pak CNet-e beren interwýusynda mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, kompaniýa Fitbit Premium we Garmi...

Dowamy »

17 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer

“Dur bakaly!” atly meşhur sowet multserialynyň esasynda doly metražly çeper film dörediler diýip, TASS habar berýär.
Filmiň üstünde işlemek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasy Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) "NTW" teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn bilen "Soýuzmultfilm" direktorlar geňeşiniň başlygy Ýulian...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar

Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär.
Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär. Bu berkidilen mülk hakda ilkinji gezek 1285-nji ýylda agzalýar. Şol dö...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar

Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär.
Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär. Bu berkidilen mülk hakda ilkinji gezek 1285-nji ýylda agzalýar. Şol dö...

Dowamy »

9 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy

Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.
20-nji iýunda geçirilen Hökümet mej...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Hususan-da,

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Be...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.
20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Şeýle hem wise-premýer oba hojalyk...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi.
Bellenilişi ýaly, munuň özi täze nebitgaz ýatagynyň elektrik üpj...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar.
Ýylyň başynda başlanan derňew syzmanyň ulanyjylaryň gajetlerinden maglumatlary gizlin ogurlaýan birnäçe programmanyň – infostiler...

Dowamy »

22 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Aşgabatda täze awtobus ugry açylar we birnäçesiniň ugurlary üýtgediler

2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan başlap Aşgabatda 4 sany awtobus ugry üýtgediler. Bu barada"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berdi.
100-nji ugur – “Teke bazar – Arkadag şäheri”. 23-nji iýundan başlap bu ugur boýunça awtobuslar üýtgedilen tertipde gatnar, bu bolsa ýolagçylara tomusky syýahat döwründe “...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi.
Lawrow...

Dowamy »

24 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistanda “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy neşir edildi

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasyny neşir etdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň awtorlygynda ýazylan bu gollanmada makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşünd...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

BMGÖM Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleriniň tapgyryny geçirdi

28-nji maýdan 18-nji iýun aralygynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri öňe sürmek” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleri geçirildi. Bu başlangyç Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Ýaponiýanyň ilçisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU baryp gördi we "Nippon” gaznasynyň kitaplaryny sowgat berdi

17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “Nippon” gaznasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniý...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar

ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär.

Dowamy »

22 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady

SpaceX kompaniýasynyň agyr göteriji raketasynyň ikinji basgançagy bolan Ship 36 kosmos gämisi statiki otlaýyş synagynyň geçirilýän mahaly partlady.
Waka SpaceX-iň synag meýdançasynda oturdylan NasaSpaceFlight wideokamerasy tarapyndan ýazga alyndy.
Partlamanyň sebäbi häzirlikçe belli däl.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago