NASA 2024-nji ýylyň iň gowy suratlaryny paýlaşdy
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary gullugy (NASA) 2024-nji ýylyň dowamynda agentligiň web sahypasynda çap edilen iň oňat suratlary hödürledi.
“Güýz rapsodiýasy” - Kanadanyň paýtagty Ottawadaky Gatino kerkaw parky, HKS / © NASA-dan alnan surat
Iki kosmos teleskopy arkaly surata alnan Tarantul ýyldyzlar toplumyn...
Apple-iň bazar bahasy 4 trln dollara golaýlaýar
Apple-iň bazar bahasy soňky söwdada täze taryhy derejä – 3,85 trln dollara ýetdi. Bu kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky ösüşi bilen baglanyşyklydyr diýip, Reuters habar berýär.
Noýabr aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň bahasy paýnamalaryň 16% ýokarlanmagy netijesinde 500 mlrd dollar artdy. Bu hem Apple-e Nvidia we Microsoft ýaly bäsdeşlerinden...
Lenovo ýygnalýan goşmaça ekranly ilkinji noutbugy hödürlär
Lenovo kompaniýasy CES 2025 sergisinde ThinkBook Plus innowasion noutbugyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Gurluş bazarda çeýe ýygnalýan goşmaça ekranly ilkinji tapgyrlaýyn noutbuk bolar diýip, VideoCardz portaly habar berýär.
Modeliň konsepti 2023-nji ýylda hödürlendi, ýöne häzir noutbuk köpçülikleýin önümçilige taýyn.
Suratdan görnüşi ý...
Türkmenistan saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirer
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdim...
Toyota önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, ýene-de satuw rekordyny täzelemegi başardy
Toyota dünýä boýunça satuwynda ösüş görkezmegini dowam edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi, on aý bäri awtoulag önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, noýabr aýynda satuw mukdary boýunça rekordyny täzeledi diýip, Reuters habar berýär.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, onuň dünýädäki önümçiligi noýabr aýynda 6,2 göterim peseldi we 869...
Toyota önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, ýene-de satuw rekordyny täzelemegi başardy
Toyota dünýä boýunça satuwynda ösüş görkezmegini dowam edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi, on aý bäri awtoulag önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, noýabr aýynda satuw mukdary boýunça rekordyny täzeledi diýip, Reuters habar berýär.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, onuň dünýädäki önümçiligi noýabr aýynda 6,2 göterim peseldi we 869...
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25-nji dekabrda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolb...
NASA-nyň “Parker” zondy Güne iň golaý aralyga barmakda rekord goýdy
24-nji dekabrda NASA-nyň Parker Solar Probe zondy Güne azyndan 6,1 million kilometre golaý aralykdan sagatda 692 000 km tizlik bilen uçup geçip, täze rekordlary goýdy. Bu enjamyň Gün aýtymyna 22-nji gezek ýakynlaşmasynyň bir bölegi boldy diýip, The Guardian habar berýär.
Zonduň missiýasy 2018-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Gün ýelini we ý...
ChatGPT-niň işinde global bökdençlik bolup geçdichat
ChatGPT-niň işinde global bökdençlik bolup geçdi. Bu Downdetector serwisiniň maglumatlaryndan gelip çykýar.
OpenAI kompaniýasynyň hyzmatyna girmek bilen bagly näsazlyklar barada ABŞ, Gazagystan, Niderlandlar, Germaniýa, Polşa, Finlýandiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryndaky ulanyjylar zeýrendi.
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň we wideo dör...
Ýeriň golaýyndan köp gatly jaýyň ululygyndaky asteroid uçup geçdi
Ýere iň ýakyn aralyga on gatly jaýyň ululygynda we resmi däl “Roždestwo” adyny alan asteroid golaýlaşdy. Onuň diametri, takmynan, 70 metre barabar diýip, Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edara (NASA) habar berýär.
2024 NX-1 asteroidi öz resmi däl adyny 24-nji dekabrda (Aşgabat wagty bilen irden sagat 8 töweregi), kato...
YouTube klikbeýt-wideolary duýdurmazdan bozup başlar
YouTube klikbeýt mazmunlaryna garşy çäreleri güýçlendirýär. Google-yň blogunda wideo hostingiň görkezilen sözbaşa ýa-da prewýu (surat) gabat gelmeýän wideolary duýdurmazdan aýryp başlajakdygy habar berilýär.
“Biz sözbaşylary ýa-da miniatýurasy tomaşaçylara wideodakydan düýbünden başga zady wada berýän wideolara gözegçiligi güýçlendirmegi meý...
Mersedes dizeli “aýyrmaga” howlukmaýar. Gaýtam, olary gowulaşdyrmak üçin maýa goýýar
Globallaşmanyň elektrikleşdirme tarapadygyna garamazdan, Mersedes kompaniýasy dizel bilen işleýän hereketlendirijileri ösdürmegi dowam etdirýär diýip, Motor1 habar berýär.
Dizel hereketlendirijilerine bagyşlanan çärede kompaniýa dizele islegiň henizem ýokarydygyny aýtdy. Ýeňil awtoulag segmentindäki müşderileriň 74% -i, täjirçilik segmentin...
Serdar Berdimuhamedow awiaheläkçilikli hadysa zerarly Azerbaýjanyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Tü...
Aý Ýer bilen ýaşytdaş bolup çykdy. Bularyň ikisi hem 4,51 milliard ýyl ozal döräpdir
Alymlar Aýyň ýaşyna gaýtadan garadylar. Amerikaly we ýewropaly alymlar tarapyndan geçirilen barlag Ýeriň hemrasynyň 4,51 milliard ýyl ozal, ýagny planetamyz bilen bir wagtda diýen ýaly emele gelendigini görkezdi diýip, NBC habar berýär.
Şeýle netijä “Apollon 17” missiýasy tarapyndan iberilen Aý jynslaryndan alnan mikroskopik kristallar bolan...
“Demir adam” ysmaz keselli adamlar üçin hakyky kostýumyň işlenip taýýarlanmagyna ylham berdi
Günorta koreýaly alymlar ysmaz bolan adamlara hereket etmäge kömek edýän, ýeňil geýilýän WalkON Suit F1 robotyny öndürdiler diýip, Reuters habar berýär.
Işläp düzüjileriň biri Kim Syn Hwanyň özi paraplegiýadan (elleriň ýa-da aýaklaryň ikisini hem hereketden goýýan ysmazyň bir görnüşi) ejir çekýär. Ol Koreýanyň öňdebaryjy ylym we tehnologiý...
Volkswagen 35 müň işgärini azaldar we Golf-yň önümçiligini Meksika göçürer
Volkswagen kompaniýasy IG Metall-iň kärdeşler arkalaşygy bilen önümçilik proseslerini giňişleýin gowulandyrmak barada ylalaşyk gazandy diýip, Carscoops habar berýär.
Kompaniýa 35 müň iş ýerini azaltmagy we nemes zawodlarynda awtoulag önümçiligini ýylda 734 müň birlik azaltmagy meýilleşdirýär. Bu konserne ýylda 15 milliard ýewro tygşytlamaga...
Toyota 2025-nji model ýylynyň Alphard we Vellfire ulaglaryny görkezdi
Kompaniýa 2025-nji ýylyň Alphard we Vellfire modellerini yglan etdi, olarda maşgalanyň taryhynda ilkinji bolup zarýad berilýän gibrid elektrik gurluşly wersiýalar peýda boldy. Ol 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiden we yzky tekerler üçin birini goşmak bilen, birnäçe elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Jemi kuwwaty 306 at güýjüne...
Tejen şäherinde we Ak bugdaý etrabynda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş...
Netflix-de “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümi çykdy
Şu gün Netflix-de Koreýanyň meşhur “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsüminiň premýerasy boldy. Taslama platformada görmek üçin eýýäm elýeterlidir.
Ikinji möwsümiň sýužeti Son Ki Hunuň diri galmak üçin oýna täze guramaçylary paş etmek we ölümiň soňuna çykmak üçin gaýdyp gelmegi barada gürrüň berýär. Baş gahrymanyň roluny ýene-de Li Jon Je ýe...
Ispaniýada 2,7 mlrd ýewro gaznaly “El Gordo” Roždestwo lotereýasy oýnaldy
Madridde her ýyl millionlarça gatnaşyjyny özüne çekýän we uly baýrak gaznasy bilen belli bolan “El Gordo” Roždestwo lotereýasynyň utuşy geçirildi. Şu ýyl utuş Madriddäki Patyşalyk teatrynda (Teatro Real) geçdi we onuň baýrak gaznasy 2,7 mlrd ýewro boldy.
“El-Gordo” (ispan dilinden terjime edilende “çişik adam”) lotereýasy Ispaniýada 1812-nji...