Çempionlar ligasy: “Arsenal” “PSW-e” 7 gol geçirdi, “Real” “Atletikony” utdy...
Londonyň “Arsenaly” Çempionlar ligasynyň myhmançylykdaky oýnunda ýedi gol geçiren Angliýanyň premýer-ligasynyň ilkinji kluby boldy. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýnunda topar “PSW Eýndhoweni” 7:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. Esasy Ýewropa ýaryşynda myhmançylykda şeýle köp goly iňlis klublarynyň hiç biri geçirmändi diýip, Squawk...
Toyota Land Cruiser yzygider 4-nji gezek Ýaponiýada iň köp ogurlanýan awtoulag boldy
Toyota Land Cruiser eýýäm dördünji ýyl bäri Ýaponiýada iň köp ogurlanýan awtoulag bolmagynda galýar. 2024-nji ýylda ýurtdaky ähli ulag ogrulyklarynyň 27,5%-i şu modele degişlidir, bu 2023-nji ýyldaky görkezijiden iki esse köpdür (383 gezek, 14,7%) diýip, Carscoops habar berýär.
Ýurtda iň köp ogurlanýan 10 awtoulagyň sanawy tutuşlygyna Toyota...
Hytaýly alymlar Aýyň birwagtlar magma ummany bilen örtülendigini tassyklaýar
Geohimiýa institutynyň hytaýly alymlary Aý nusgalarynyň seljermesiniň netijelerini hödürledi. Olar Aýyň emele gelmeginiň irki döwürlerinde Aýda global magma ummanynyň bolandygy baradaky çaklamany tassyklady. Maglumatlar “Çane-6” missiýasy bilen getirilen Aý topragynyň seljermesiniň dowamynda alyndy.
Aýyň görünýän we arka taraplaryndaky bazal...
Türkmenistanda talyplaryň arasynda ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi geçirilýär
2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Innowasiýa ykdysadyýeti: ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi” geçirilýär. Bäsleşigi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty guraýar.
Bäsleşigiň maksady - zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Tokio marafonyna gatnaşdy
2-nji martda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio marafony - 2025” çäresine gatnaşdy. Bu gezek dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 38 müňden gowrak gatnaşyjylary jemlän bu çäre dünýäde iň ähmiýetli hasaplanýan alty marafonyň biridir (World Marathon Majors) diýip, Günüň dogýan ýurdundaky türkme...
Alymlar mör-möjekleriň we ösümlikleriň özüni alyp barşyny dolandyrýan wirusy ýüze çykardylar
Hytaýly we ABŞ-ly mikrobiologlar pomidor sary mozaika wirusynyň (TYLCV) ýokuşan ösümlikleriniň hem, keseli ýaýradyjy mör-möjekleriň hem hereketini üýtgedýändigini anykladylar.
Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy barlag wirusyň pomidordan beta-mirsen atly bir maddanyň bölünip çykarmagyna sebäp bolýandygy görkezýär. Olar kesel ýokuşmad...
Xiaomi Poco F7 Pro we F7 Ultra modelleriniň dünýäde satuwyna taýýarlanýar
Xiaomi ýakynda Poco F7 seriýaly täze smartfonlaryny dünýä bazarynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Gürrüň Poco F7 Pro we Poco F7 Ultra modelleri barada gidýär diýip, Overclockers belleýär.
Takyk senesi yglan edilmedi, ýöne insaýderler tanyşdyrylyş dabarasynyň mart aýynyň ahyrynda bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu adaty tanyşdyryş tertibin...
Kia miniwenler we furgonlar görnüşinde PV5 seriýaly elektrik ulaglaryny satuwa çykarýar
Kia täjirçilik elektrik ulaglarynyň PV5 hataryny bildiriş etdi. E-GMP platformasynda gurlan täze önümler 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda içerki bazarda satuwa çykarylar we 2026-njy ýylda eksport edilip başlanar.
Ozal kompaniýa PV5-iň daşky görnüşini görkezipdi, indi bolsa salonyny we transformasiýa mümkinçiliklerini açdy.
Hatary 163 a...
Atmosferada her gün 4 sany Starlink hemrasy ýanýar
SpaceX kompaniýasy Starlink hemralaryny ulanyşdan aýyrmak işini çaltlaşdyrdy. Kompaniýa diňe fewral aýynyň 28 gününiň dowamynda, 111 sany emeli hemrany orbitadan düşürdi. Bu görkeziji ýanwar aýy bilen deňeşdirilende (97 hemra), takmynan, 15% köpdür.
Şeýlelikde, hemralaryň ýok ediliş tizligi günde 3,13-den 3,96-a ýokarlandy.
Esasan-da...
Honor "Watch 5 Ultra" akylly sagadyny tanyşdyrdy: ol bir gezeklik zarýad bilen 15 gün işleýär
Honor täze Watch 5 Ultra akylly sagadyny tanyşdyrdy. Täze sagat bir gezeklik zarýad bilen 15 gün üznüksiz işleýär, şeýle-de saglygy gözegçilikde saklamak boýunça dürli funksiýalary bar diýip, «Tom’s Guide» habar berýär.
Täze modele 1,5 dýuýmlyk AMOLED ekran (466×466 piksel, 60 Gs) ýerleşdirilen. Titan splawyndan ýasalan korpusynyň IP68 gorag...
ABŞ-da ilkinji kriptosammit geçiriler we ýurduň kriptoätiýaçlygy dörediler
7-nji martda Ak tamda taryhda ilkinji kriptowalýuta sammiti geçiriler. Bu wakanyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iş toparyna kriptowalýutalaryň strategiki ätiýaçlygyny döretmegi tabşyrdy. Bu ätiýaçlyk XRP, SOL, ADA kriptowalýutalaryny, bitkoini we Ethereum-y öz içine alar. Bu barada ol Truth Social sosial ulgamynda habar berdi.
...
5-nji marta geçilýän gije Ýerde G1-G2 derejeli magnit hadysasy bolar
Mart aýynyň 4-ünden 5-ine geçilýän gije Ýerde magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar. Plazma buludy 4-nji martda Aşgabat wagty bilen, takmynan, 21:00-da Ýere gelip ýeter diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika ins...
Wezuwiý wulkanynyň atylmagyndan aradan çykan adamyň beýnisi aýna bölegine öwrülipdir
Rimiň Üçünji uniwersitetiniň italiýaly alymlary b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde aradan çykan adamyň beýnisiniň ýokary temperaturadan ýaňa aýna öwrülendigini anyklady. Bu açyş gadymy Gerkulanum şäherindäki galyndylary öwrenmegiň netijesinde mümkin boldy diýlip, Scientific Reports žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar....
Dünýädäki iň gymmat awtoulagyň bahasy näçe? Autoblog TOP-3-lügi getirýär
Iň gymmat awtoulaglaryň arasynda kämil inženerçilik çözgütleri, kaşaňlygy, özboluşly dizaýny we kuwwatly güýji özünde jemleýän deňsiz-taýsyz modeller bar. Autoblog portaly dünýäde iň gymmat awtoulaglaryň 3-lügini hödürleýär.
3-nji orunda: «Bugatti La Voiture Noire» – 18,7 million dollar
Bu giperkar brendiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp dör...
Oukitel dünýäde ilkinji bolup fitnes bilezigini smartfona oturtdy
Hytaýyň Oukitel kompaniýasy özboluşly aýratynlygy – oturdylan fitnes bilezigi bolan WP200 Pro smartfonyny hödürledi.
Aksessuar uly tegelek kameralar blogunyň ortasynda ýerleşýär. Ol smartfonyň korpusyna oturdylan ýagdaýynda, diňe wagty görkezýär. Ýöne ony aýryp, eline daksa, ulanyjy ädimini, pulsy we ganda kislorodyň derejesini yzarlap biler...
IFAB futbol düzgünlerine möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Olar 2025/26 möwsüminden güýje girer
Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2025/26 möwsüminden güýje girjek futbol düzgünlerine üýtgetmeleri tassyklady. Täze düzgünler bilen geçiriljek ilkinji ýaryş 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçjek Klublaýyn dünýä çempionaty bolar diýlip, guramanyň saýtynda habar berilýär.
Esasy üýtgetmeleriň biri 12.2 düzgüni bilen...
Serdar Berdimuhamedow Rumen Radewi Bolgariýanyň milli baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlikleri, Bolgariýanyň ähli h...
Türkmenistan boýunça howa maglumaty: hepdäniň ahyry ýagynly (03.03 - 09.03)
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýet...
Microsoft 8-nji, 9-njy we 10-njy nesil Core prosessorlaryny Windows 11 24H2-ni goldaýanlaryň sanawyna goşdy
Geçen aý Microsoft Windows 11 24H2 operasion ulgamynyň iň soňky wersiýasy bilen goldanylýan Intel prosessorlarynyň sanawyny neşir etdi. Onda, öňki wersiýalaryň resminamalaryna girizilen hem bolsa, Core modelleriniň 8-nji, 9-njy we 10-njy nesilleri ýokdy. Bu ulanyjylary geň galdyrdy we olaryň tankydyna sezewar boldy.
Soňra kompaniýa sanawyň O...
Ýaponiýa soňky 125 ýylda iň pes çaga dogluş derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy
2024-nji ýylda Ýaponiýada çaga dogluşy rekord derejä çenli peselip, bary-ýogy 721 müň adam boldy. Bu 1899-njy ýylda degişli statistika ýazylyp başlanaly bäri iň pes görkezijidir.
Maglumatlar Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi tarapyndan hödürlendi, ýöne olar deslapky hasaplanýar. Has takyk maglumat iýun aýynda bel...