Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gümrük işgärleri hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgam arkaly üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

23-nji noýabrda bolan duşuşyk Türkme...

Dowamy »

222 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ITA Aşgabatda dopinge garşy okuw maslahatyny geçirer

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde ertir ― 25-nji oýabrda Dopinge garşy Halkara barlag gullugynyň (ITA) guramagynda andipongiň kadalary, düzgünleri, gadagan edilen saanwlar, düzgün bozulmalar we täzelikler barada tälimçileriň okuw maslahaty geçiriler.

Okuw maslahatyny Halkara barlag agentliginiň wekili...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen wekiliýeti Pakistanda saparda bolarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halk...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy

Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada TASS habar berdi.

Sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi

şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy.

Wise-premýer H.Geldimyradow öz çykyşynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýöri...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen wekiliýeti TDG-niň Sport we ýaşlaryň işlerine jogap berýän ministrleriniň 7-nji duşuşygynda çykyş etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Basgal şäherinde geçirilen Türki Döwletleriniň Guramasyna agza we synçy döwletleriň Sport we ýaşlaryň işlerine jogap berýän ministrleriniň 7-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy W.Gutlyýew hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň H...

Dowamy »

212 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Gananyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, söhbetdeşlikleriň barşynd...

Dowamy »

210 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça pikir alyşmalar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Dowamy »

210 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň haj we umra ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystany Patyşalygynyň haj we umra ministri Tawfig Al Rabiýa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
23-nji noýabrda bolan duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-saud gatnaşyklaryny has-da ösdürmekligiň meseleleri we öňde d...

Dowamy »

221 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi

şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky­ Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýý...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Dekabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky­ Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, indiki aýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralar. Hususa...

Dowamy »

212 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

24-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipelere we geljek üçin meýilnamalara seredildi.

Hususan-da, öňde boljak halkara çärelere – Hyzmatdaşlyk boýunça türkm...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görülýär.

TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky­ Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek maslahata Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlandy

24-nji noýabrda Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky­ mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ýurduň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik e...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açylýar. Bu iri sport baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Hormatly çempionata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi myhmansöýer türkmen topragynda Halkara kuraş assosiasiýasy bilen...

Dowamy »

224 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Müsür topraksyz ýer işläp bejermeklige geçýär

Müsür suw ýetmezçiligi we ekin meýdanlarynyň azalmagy bilen baglylykda, topraksyz ýer işläp bejerişe geçýär diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň barha köpüsi miwe we gök-bakja önümlerini ýyladyşhanalarda, ýagny topraksyz, emeli şertlerde ösdürip ýetişdirýärler. Ýurduň oba hojalyk kärhanalary hojalygyň şu görnüşini işjeň öňe s...

Dowamy »

242 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Röwşen» aýakgap brendi gyş kolleksiýasynyň bahalaryny arzanlatdy

«Röwşen» aýakgap öndüriji türkmen kärhanasy gyş kolleksiýalaryna arzanladyşlaryň başlanandygyny mälim etdi. 2023-nji ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek aksiýanyň çäklerinde alyjylara 350 manatdan 375 manada çenli amatly bahalardan oňaýly deri aýakgaplar hödürlenýär.

Aksiýa çäresine zenan, erkek hem-de çaga aýakgaplarynyň görnüş...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Memorial» hassahanalar zynjyry – Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi

«Memorial» hassahanalar zynjyry (Memorial Hospitals Group) dürli keselleri bolan näsaglaryň ýagdaýyny anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek boýunça dünýä derejesindäki lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär.

«Memorial Hospitals Group» – bu Türkiýäniň iň uly şäherlerinde, şol sanda Stambulda, Ankarada, Izmirde, Antalý...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hytaýyň demirgazygynda öýken sowuklamasy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazygynda pnewmoniýa (öýken sowuklamasy, öýken çişmesi) keseliniň möwjemegi sebäpli hassahanalar doldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Hassalaryň esasy bölegi çagalar. Kesellileri bejermek üçin lukmanlaryň sany köpeldildi diýip, «Reuters» habar berdi. HHR-niň häkimiýetleri keseliň köpçülikleýin ýaýramagyny möwsümleýin dümew bi...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago