Blue Ghost enjamy Aýyň jümmüşini öwrenmek üçin ony burawlap başlady
Firefly Aerospace hususy amerikan kompaniýasynyň Blue Ghost moduly Aýyň üstüni işjeň öwrenmäge başlady. Mare Crisium-da asuda gonandan soň, enjam, beýlekiler bilen bir hatarda, LISTER tejribesine girişdi.
Onuň maksady Aýyň üstüni 3 metre çenli burawlap, onuň jümmüşinden ýylylyk akymyny öwrenmekden ybarat.
Taslama NASA, Tehasyň tehnolo...
Ger işläp düzüjiler garşy çykmasa, Android oýunlarynyň ählisini kompýuterde oýnap bolar
Öňümizdäki hepde geçiriljek GDC oýun işläp düzüjiler konferensiýasynyň öňüsyrasynda Google kompaniýasy, eger-de işläp düzüjiler garşy çykmasa, ähli Android mobil oýunlarynyň Google Play Games hyzmaty arkaly kompýuterler üçin elýeterli boljakdygyny mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.
Google Play Games hyzmaty ilkinji gezek 2022...
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Iň eýjejik gyzjagazy” yglan edildi
14-nji martda Aşgabatda «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy diýip, “T...
Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň ilkinji renderleri peýda boldy
OnLeask hökmünde tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer Android Headlines bilen bilelikde Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň renderlerini hödürledi.
Pixel 10 Pro XL modeli iPhone 17 Pro Max we Samsung Galaxy S26 Ultra bilen bäsleşer. Ol özünden öňki modeliň ölçeglerini saklar – 6,8 dýuým ekran bilen 162,7 × 76,6 × 8,5 mm.
...
Lexus täze premium RZ krossowerini hödürledi
Lexus Brýusselde (Belgiýa) täze elektrikli krossoweri «RZ-i» hödürledi. Bu model döwrebaplaşdyrylan BEV ulgamy, innowasion dolandyryş ulgamy we kämilleşdirilen doly herekete getiriji ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Önümçilige 2025-nji ýylyň güýzünde başlamak meýilleşdirilýär we ol tapgyrlaýyn ýagdaýda dürli sebitlerde ýola goýlar.
Lexus...
Tesla 2026-njy ýylda sürüjisiz Cybercab ulaglarynyň önümçiligine başlar
Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Cybercab sürüjisiz ulaglarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylda Tehasda başlajakdygyny habar berdi.
“Cybercab-yň önümçiligi geljek ýyl Tehasda başlar, awtomobiliň ruly we pedallary bolmaz, ol ýa-ha özi hereket eder, ýa-da asla hereket etmez” – diýip, Mask Ak tamda žurnalistlere aýtdy.
Şeýle-de, Mask Preziden...
Lidar Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk gadymy oturymly ýerleri tapmaga kömek etdi
Arheologlar lidaryň kömegi bilen Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk berkitmeli oturymly ýerleri tapdylar. Lazer arkaly skanirleme agaçlaryň gyrymsylygynyň astynda asyrlarboýy gizlenip ýatan eneolit döwrüniň goranyş ulgamlaryny ýüze çykardy. Bu barada Agerpres neşiri habar berýär.
Barlag Rumyniýanyň Nýams etrabynyň barmasy kyn tokaýla...
Türkmenistan Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýär
14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň h...
Türkmenistanda talyplaryň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet bäsleşigi yglan edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly V internet bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde bilim alýan talyplary gatnaşyp biler.
Bäsleşik bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan giň dünýägaraýyşly, zehin...
Geljek hepdede Aşgabatda howanyň temperaturasy +30°C-a ýeter
Geljek hepde Aşgabatda yssy howa bolar we temperatura barha ýokarlanar. Gismeteo portalynyň maglumatlaryna görä, 19-nji mart çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda 2025-nji ýylda ilkinji gezek howanyň temperaturasy +30°C çenli gyzar.
Çaklamalara görä, maýyl howa eýýäm 17-nji mart - duşenbe güni başlanar. Şol gün gündizine temperatura +27°C...
19-njy martdan Awtokombinat - Türkmeniň Ak öýi - Awtokombinat ugry boýunça 72-lik awtobus gatnap başlar
"Türkmenawtoulaglary" agentligi Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilatyň ulag gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 19-njy martdan başlap 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka awtobus gatnaw ugruny ýola goýar.
Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby...
Serdar Berdimuhamedow ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň:
maglumat tehnologiýalary;
saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
bilim we peda...
Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary dörediler
14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleler...
Türkmenistanda harby gullukdan boşatmak we nobatdaky çagyrylyş yglan edildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy g...
Netflix Stiwen Kingiň “Kujosyny” ekranlaşdyrýar
Netflix “elhençlikler şasy” eserine esaslanan täze filmiň üstünde işlemäge girişýär. Akym hyzmaty Stiwen Kingiň “Kujo” romanyny ekranlaşdyrýar.
Taslamanyň prodýuserligine Roý Li bellendi diýip, Deadline habar berýär.
“Kujo” guduz itden goranmak üçin awtoulagynda gulplanan bir aýal bilen ogly barada gürrüň berýär. Eser ilkinji gezek 19...
Xiaomi we Redmi-niň 9 modeli ýakyn wagtda HyperOS 2-ni alar
Xiaomi kompaniýasy ýakyn wagtda – 10 günüň dowamynda - Xiaomi we Redmi brendleriniň 9 sany modeli üçin HyperOS 2 we HyperOS 2.1 täzelenmesini çykarar. Bu barada «Xiaomitime» çeşmesi habar berýär.
Täzelenmäni aljak modelleriň sanawy:
Xiaomi 12S Ultra;
Redmi K60 Pro;
Redmi K60E;
Redmi K50 Ultra;
Redmi Note 13...
SpaceX-e bäsdeş: Hytaýyň Starry Sky Glory kompaniýasy gaýtadan ulanylýan raketalary gurup başlar
Hytaýyň Starry Sky Glory kompaniýasy nobatdaky maliýeleşdiriş tapgyryny üstünlikli tamamlap, ýüz millionlarça ýuan toplady. Bu maliýe serişdeleri gaýtadan ulanylýan «Hyperbola-3» raketa göterijilerini öndürmek we synagdan geçirmek üçin sarp ediler. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.
Kompaniýa Mýanýan şäherinde Günorta-Günbatar Hytaýyň...
Dünýäde akylly sagatlaryň satuwy ilkinji gezek pese düşdi: Apple -7%, Xiaomi +135%
Taryhda ilkinji gezek dünýä boýunça akylly sagatlaryň satuwy çärýegiň jemleri boýunça azaldy. Geçen ýylyň soňky çärýeginde bu görkeziji 7% pese gaçdy diýip, «Counterpoint-iň» maglumatlaryna salgylanyp, «BBC» neşiri habar berýär.
Hasabata görä, pese gaçyşyň esasy sebäbi, Apple-yň satuwlarynyň azalmagy, arzan modelleriň täzelenişiniň haýallama...
Bentley gülgüne altyn bilen bezelen eksklýuziw Batur kupesini görkezdi
Bentley britan lýuks awtoulag öndürijisi «Mulliner Batur» atly eksklýuziw kupesini ilkinji gezek 2022-nji ýylyň tomsunda hödürläpdi. Bu ulagdan öndüriljek 18 nusganyň ählisi, eýýäm, şol wagt öňünden sargyt edilipdi. Olaryň bahasy 2,13 million dollardan başlaýardy. Häzirki wagtda hem bu modelleriň önümçiligi dowam edýär. Ýakyn wagtda bolsa, kompaniý...
Jaguar Land Rover kuwwatyny ýitirmek töwekgelçiligi sebäpli 630 müň ulagy yzyna çagyrýar
Jaguar Land Rover kompaniýasy VCT gaz paýlaýjy faza ulgamynyň näsazlygy sebäpli Hytaýda satylan 630 müňden gowrak awtoulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu näsazlyk ulag sürlüp barylýarka birden kuwwatyň ýitmegine sebäp bolup biler.
Yzyna çagyrylýan ulaglara Range Rover Evoque, Discovery Sport, Jaguar XF, XFL, XE, XJ we 2011-nji ýylda...