Soygi

Ýigit bilen gyz söýgi nikasyndan geçseler, hemişe bagtyýar bolarlar.Ýigit bilen gyz akyl-paýhas nikasyndan geçseler, mäkäm maşgala bolarlar!Ýigit bilen gyz bir-birine mynasyp bolmasa, beýle maşgala bagtsyz maşgala bolar. Maşgalany gaty berk, jebis, agzybir, bagtly maşgala edýän - perzentdir. Öýde çaga-çuga örňäberse, ýigit bilen gyzyň söýgüsi ene-a...

Dowamy »

1354 9
Köneler, 13 years ago


WAGT

Adam - Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyň süňňi-de özge janly-jandarlaryňkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty syzmaga ukyplydyr.
Biziň ýigriminji asyr diýilýän döwrümize Wagty hasratly duýmak mahsus boldy. Şeýle aýratynlyk ahyrsoňunda şol wagtyň özüni syndyryp Täze döwri - Garaşsyzlyk döwrüni amal...

Dowamy »

1398 12
Köneler, 13 years ago


Bilim

Şu günki türkmen, sen tä okamagyňy bes edýänçäň bilimlisiň, bilimli bolmak islegiň ýitensoň, nadana öwrülersiň. Türkmeniň her bir raýaty ylymly-bilimli bolmalydyr, ol onuň ruhy dünýäsiniň, gürsüldäp duran ýüreginiň, teşne ruhunyň, duýgur kalbynyň, şahyrana göwnüniň belent bolmagynyň baş çeşmeleriniň biridir. Okamak, öwrenmek - durmuş hakda has düýp...

Dowamy »

1321 14
Köneler, 13 years ago


Nebis

Nebis seniň içiňdäki iň uly belaňdyr. Onuň başyna wagtynda nogta salaýmasaň, ol başyňy iýmän dynmaz.(359)
Nebis - dert, göwün - dermanydyr. Göwün sähel zada-da monça bolmany öwreder.
Nebsiň gözbaşy tamakinlikdir.
Nebis seni içiňden ýykjak nägehandyr. (360)
Haram baýlyk adamyň içinde-de öz hemşerilerini gözleýär we tapýa...

Dowamy »

1397 15
Köneler, 13 years ago


Soygi


Ýylgyryş - söýgüdir, mähirdir. Ýylgyrýan kişi söýüp-de bilýändir. Ýylgyryşyňyz söýgi bolup, äleme dolar.
Söýüň, söyüň, şonda siz ot-çöpleriň, janly-jandarlaryň diline düşünip, keramata duçar bolarsyňyz!
Söýüň, Hydyr gezen çölleriňizi, ýaýlalaryňyzy, sähralaryňyzy söýüň!
Söýüň, söýüň, Kowus-Kyýas gezen daglaryňyzy, deň...

Dowamy »

1569 18
Köneler, 13 years ago


Aýal söýgüden

Aýal söýgüden, hormatdan, sylag-mertebeden başlanýar! Öýlenen ýigit ilkinji günden gelnini adam hasap etmän, oňa azgyrylyp, her demde kemsidip başlasa, gaýyn ene-de, gaýyn ata-da ol gelni uzak hormatlämaz! Olaryň hormatlamaýan zenanyny goňşy-golam hem, obadaşlary hem hormatlamaz. Ine, onsoň şol gelin Günüň astynda, ýeriň üstünde öz ýaşaýşy üçin gör...

Dowamy »

1409 7
Köneler, 13 years ago


Şu dem ýeketäk pursatymyzdyr!!!

Şu dem ýeketäk pursatymyzdyr
Wagt akyp gidýär. Her birimize berilen ömür minutlary
yzygiderli azalýar. O tarapda soñsuzlara
çenli nähili boljakdygymyzy dünýädäki halymyz
kesgitleýär. Muny hemmämmiz bilýäris ahyry.
Etmeli zatlarymyzy hem bilýäris. Emma gaty köp
zady ertirlere goýýarys welin... Ýöne ömür...

Dowamy »

1173 7
Köneler, 13 years ago