Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär. Bu ulagy dolandyrylyşdan çykmak howpuny döredýär.
Bu kemçilik mart aýyn...
Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk
Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar.
Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly. Ol eýýäm dronlarda, uçarlarda we awtoulaglarda ýokary netijeliligi görkezdi.
Tehnologiýa kwant magn...
Dünýäde 300 milliona golaý adam azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
Häzirki wagtda dünýäniň 53 ýurdunda 300 milliona golaý adam agyr azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Global Report on Food Crises» hasabatyna görä, bu häzirki wagta çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Hasabatda aýdylmagyna görä, 295,3 million adam çynlakaý azyk ýetmezçiliginden ejir...
ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi
Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi. Ony hirurglar Inderbir Gill bilen Nima Nassiri ýerine ýetirdi.
Amerikalylar dünýäde ilkinji bolup donor peşew haltasyny göçür...
Türkiye Gara deňzinden 30 milliard dollarlyk täze gaz gorlaryny tapdy
Türkiye Gara deňzinden tebigy gazyň uly ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.
Türkiýäniň baştutanynyň sözlerine görä, “Göktepe-3” guýusyndaky ýatakda 75 milliard kub metr gaz bar diýip hasaplanýar. Goruň ykdysady gymmaty 30 milliard dollardyr.
"Bu ýatak öý hojalygymyzy, takmynan, üç ýarym ýylyň d...
Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy
18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,...
Fizik Braýan Koks ylmy leksiýasynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýdy
Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 3...
Apple iň gymmat brendleriň reýtinginde yzygider 4-nji ýyl öňdebaryjy boldy
Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr.
Brendiň güýji üç ölçeg boýunça kesgitlenýär: ähmiýeti, özboluşlyly...
Garwardda emeli aň başga planetalylary gözlemek üçin ulanylar
Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar.
Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy. Indi ol ünsüni kärdeşleri bilen bile...
Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy
Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy.
Täze multfilmde aýdymçy Smurfetta ses berdi we KHBS-iň maglumatlaryna görä, onuň taslama gatnaşm...
ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler
ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär.
Taslama şüweleňiň 35 sahypalyk meýilnamasyny taýýarlan kanadaly prodýuser Rob Uorsoff bilen bile...
Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar
Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr.
Tas bir trillion dollarlyk akti...
Messi IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy futbolçy saýlandy, Ronaldu üçlükde ýok
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.
IFFHS boýunça taryhda iň gowy 10 futbolçy:
Lionel Messi (Argentina)
Pele (Braziliýa)
Diego Maradona (Argen...
Lew Ýaşin IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi
SSSR-iň milli ýygyndysynyň we Moskwanyň “Dinamosynyň” öňki derwezebany Lew Ýaşin Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi.
IFFHS boýunça futbol taryhynda iň gowy 10 derwezeban:
Lew Ýaşin (SSSR)
Janluiji Buffon (Italiýa)
Manuel Noýer (Ger...
Italiýaly Massimo Stano sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy
Italiýaly türgen, Olimpiýa çempiony Massimo Stano 35 km-lik sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy. Çehiýada geçirilen Ýewropanyň toparlaýyn çempionatynda ol bu aralygy 2 sagat 20 minut 43 sekuntda geçdi.
Şeýlelikde, Stano 2006-njy ýylda 2 sagat 21 minut 31 sekunt netijäni görkezen russiýaly Wladimir Kanaýkiniň üstünligini täzeledi. Şol bir w...
Ýaş türkmen küştçüleri Duşenbede Günbatar Aziýanyň birinjiliginde bäş medal gazandylar
Türkmenistanyñ ýygyndy topary küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýaşlar çempionatynda bir altyn we dört bürünç medala eýe boldy. Ýaryş Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirildi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşa 12 ýurtdan 200-den gowrak oýunçy gatnaşdy. Türkmenistana bu ýaryşda 17 küştçi wekilçilik etdi, olar 8, 1...
Türkmen karateçileri Polşada fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda 21 medal gazandylar
Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal.
Altyn medallaryň eýeleri:
Nurgeldi Annagurbanow
H...
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni giňden we dabaraly bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. Türkmen metbugatynda çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär.
Ilkibaşda bu ulag görnüşini Parižde geçirilen Olimpiada-2024-de synama...
Janni Infantino: FIFA-nyň girdejisi dört ýylda iki esse artyp, $13 mlrd boldy
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) girdejisi soňky dört ýylda 6,5 mlrd dollardan 13 mlrd dollara çenli artdy. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň Asunsýonda geçirilen 75-nji kongresinde eden çykyşynda habar berdi.
“Maliýe barada gürrüň edilende ýene bir zady bellemek gerek. Eger 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli býuj...