Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň milli ýygyndysyny ýeňip, taryhynda ikinji gezek dünýä çempiony boldy.
Final duşuşygy ýekşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirildi. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda bolsa ispanlar 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk goly goşmaç...

Dowamy »

70 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

18-nji iýulda Aşgabatda Halkara küşt güni mynasybetli Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň küşt federasiýasy (TKF) Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde gurady.
Bäsleşikler Fransuz institutynyň binasynda geçir...

Dowamy »

71 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Wengriýanyň Parlament başlygy ýurduň Prezidenti wezipesine wagtlaýyn bellendi

Wengriýanyň Parlament başlygy Agneş Forsthoffer iş başyndan aýrylan ýurduň Prezidenti Tamaş Şuýogyň wezipe ygtyýarlylyklaryny wagtlaýyn ýerine ýetirer.
Premýer-ministr Peter Madýaryň bu barada beýanatyna görä, täze döwlet Baştutanynyň saýlawlary golaý 30 günüň dowamynda bolar.
Milli teleýaýlymlarda görkezilen wideoçykyşynda Premýer-mi...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Birža söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konsernin...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde ýaşlygyň haçan tamamlanýandygyny aýtdylar

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ştatdan daşary baş lukmany, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Olga Tkaçýewa «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň klassifikasiýasy boýunça ýaşlyk döwrüniň 45 ýaşda tamamlanýandygyny habar berdi.
«BSGG-niň klassifikasiýasyna laýyklykd...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň geljekki agroekologlary Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda önümçilik tejribeligini geçdiler

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary 22-nji iýundan 18-nji iýul aralygynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda okuw önümçilik tejribeligini geçdiler.
Tejribeligiň dowamynda goraghananyň ylmy bölüminiň müdiri A. Potaýewa hem-de kiçi ylmy işgäri A. Nuryagdyýewa talypl...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Änew şäherindäki medeniýet öýüniň öňündäki ajaýyp toý meýdançasynda ýurduň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýat h...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Nokia» güýji 44 gün saklaýan «baky» telefon döretdi

Internet torunda heniz köpçülige tanyşdyrylmadyk «Nokia 300 4G Power Bank» düwmeli telefonyň häsiýetnamasy peýda boldy. Enjam adaty ykjam telefonyň we daşky akkumulýatoryň wezipesini özüne jemleýär. Bu barada «Hmd_Meme's» insaýderi sosial tordaky sahypasynda habar berdi.
Habarda täze enjamyň QVGA çözgütli 2,4 dýuýmlyk ekranynyň, 0,3 Mp çözgü...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen okuwçylary Daşkentde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular

Türkmen okuwçylary 10–19-njy iýul aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, halkara bäsleşigine dünýäniň 92 ýurdundan jemi 363 okuwçy gatnaşdy.
Türkmenistandan bu olimpiada Aşgabat şäheriniň...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

BSSG yssy howadan has ýiti ejir çekýänler barada habar berdi

Ýekelli gartaşan adamlar adatdan daşary yssy howa şertlerinde aýratyn howp astyndakylar bolup durýar. Hut şu topara ýokary howa temperaturasynda heläk bolanlaryň agramly bölegi degişlidir. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) Ýewropa boýunça sebit ýolbaşçysy Hans Klýuge salgylanýan TASS habar berdi.
Direktoryň sözlerine gö...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Jon Defterios Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 maslahatynyň baş halkara moderatory bolar

Halkara žurnalist we ykdysady synçy Jon Defterios «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji Halkara maslahatyna we sergisine baş halkara moderatory hökmünde gatnaşar. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.
Çäre 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen şygar astynda geçi...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

SGG we FAO guramasy türkmen hünärmenlerine ehinokokkoza garşy göreşmegiň usullary boýunça okuw geçirdi

13–17-nji iýul aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we kesellerin ýaýramagyna garşy göreşmek we Döwlet weterinariýa gulluklarynyň işgärleri üçin ehinokokkozyň öňüni almak, ony anyklamak hem-de bu kesele garşy göreşmek boýunça okuw geçirildi. Çäräni Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky wekilhanasy Birleşen...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Wenesueladaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 5100 adamdan geçdi

Wenesuelanyň parlamentiniň başlygy Horhe Rodriges ýekşenbe güni ýurtda bolan elhenç ýer sarsgynlary netijesinde pida bolanlaryň sanynyň 5,1 müňden geçip, 5119 adama ýetendigini habar berdi. Bu bir gün öňdäkiden 50 adam köp. Ejir çekenleriň sany 16,7 müňden gowrak, halas edilenleriň sany 6462 diýip, «MIR 24» ýazýar.
Wenesuelada 24-nji iýunda...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çäre geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Çäreleriň esasy...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurduň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netij...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Lebap sement zawodynda 6 aýda 1 million tonna golaý sement öndürildi

Lebap sement zawodynda 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 941,1 müň tonna sement öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ozalky 1 million tonnalyk ýyllyk önümçilik kuwwatyna eýýäm golaýlady.
2025-nji ýylyň degişli döwründe zawodda 743,6 müň tonna önüm öndürilipdi. Şeýlelikde, şu ýylyň...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkelini tüsse gurşady

Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkelini Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň goýy tüssesi gurşady. Bu barada «Fox News» teleýaýlymy «YouTube»-däki ýaýlymynda habar berdi.
Wideogörnüşlerde heýkeli Gudzon derýasynyň kenaryndan saýgaryp bolmaýandygy görünýär. Ol Kanadanyň serhetinden takmynan 400 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Teleýaýlym şeýle hem tokaý...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Taýson Fýuri Pattaýýadaky söweşden geljek girdejileri Tailandyň öýsüz çagalaryna berer

Superagyr agramda öňki dünýä çempiony, britaniýaly boksçy Taýson Fýuri polşaly weteran Mariuş Waha garşy geçirjek indiki söweşiniň haýyr-sahawat tarapy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Bu duşuşyk 24-nji iýula meýilleşdirilen bolup, ol Tailandyň Pattaýýa şäherindäki iki müň tomaşaça niýetlenen Max Muaythai Stadium arenasynda geçiriler.
...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Peläniň köýnekçesi we Maradonanyň kapitandyk daňysy auksionda satyldy

Sotheby's auksionynda Peläniň 1918-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalynda geýen futbol köýnekçesi, şeýle-de Diýego Maradonanyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatynda «Hudaýyň eli» hem-de «Asyryň goly» diýlip atlandyrylan gollary uran wagty goluna daňan kapitandyk daňysy satyldy.
Peläniň köýnekçesi 4,88 million dollara ýerlendi. Şol wagtar 17...

Dowamy »

82 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça aln...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago