Gussam gursagyma sygmadyk çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Asman gözýaş döküp, diňmedik çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Ýelleň şuwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Gülleň uwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Adyňa, özüňe mesgendi dünýäm,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Gözüňi ýaşadýan göreçlerimde,
Özüňi ýaşadýan göreçlerimde,
Ýeňişli, ýeňlişli göreşlerimde
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Setirlem beslendi adyňa seniň,
Ertirlem beslendi adyňa seniň,
Düýnde, şu günde, melegim (çynym!),
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Bagrym badaşypdyr ýatlamalara,
Jiger öwrenşipdir otlamalara...
Delil azalypdyr şatlanaryma,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Aýyply men. Aýbym — aşa söýmegim.
Manysyny indi bilýän “Söýmegiň”.
Saňa atygsaýar durkum-düýrmegim,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Sag-salamat, bagtlysyrap ýörsemem,
Ynjalyk ýok — ynjalanok gursagym.
Kaýyl boldum birje gezek görsemem,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir