Biziň jemgyýetimizde bir ynanç bolsa:"Betnyşan gyza öýlenen oglan uly baýlyga we bagta eýe bolar"-diýseler,hemme oglanlar ur-tut betnyşan gyzlaryň gözlegine çykardy.Betnyşan gyzlar üçin,oglanlar biri-biri bilen pyçaklaşmaga-da taýýar bolardylar.Owadan gyzlara köçedäki itlerem seretmän goýardy.Betnyşan gyza öýlenen oglanlaryň 50-60%-i bagtsyz we pula mätäç bolsa-da,öz ynanjynyň körlügine akyl ýetirmezdi.Tersine:"Meniň öýlenen gyzym ýeterlik betnyşan däl eken,men mundanam betnyşanyna öýlenmeli"-diýerdi.
Toýa barsa oglanlar diňe betnyşan gyzy gözlärdi.Gyzlaram enaýy däl,olaram äre çykmaly.Şol sebäpli gyzlaram betnyşandan-betnyşan bolup köçede gezerdi.Saçyny özi geçi gyrkan ýaly gyrkyp betnyşan bolup görünjek bolardylar.Ýörüte gyzlary betnyşan edýän salonlaram açylardy.
Dost oglanlary köçeden has betnyşan gyz bilen tirkeşip barýanyny gören beýleki oglanlar görüplikden içleri ýanardy.Sebäbi,dost oglany özlerindenem beter baý we bagtly bolup gitmegi mümkün zatda.
Aý garaz dünýäde gaty köp gülküli kör ynançlar bar.Belki,biziňem bir däplerimizi gören adamlaryň gülküsini tutdurýandyr.Ýöne,biz gülmeris.Sebäbi,bizde däp ol.Şol däp bolmasa biz bagtsyz bolarys.Biziň ynanjymyz şol.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir