Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, Aşgabat şäheri gün-günden täze ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Arkadag Prezidentimiziň arhitektura garaýyşlary esasynda şäherimiz täzeçe binagärlik çözgütlere eýe bolýar. Häzirki döwürde desgalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sazlaşykly gurulmagy şäherimiziň bitewüligini emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň binagärlikde ulanylýan esasy üç sany möhüm ugurdan, ýagny berklikden, gözellikden hem-de amatlylykdan ugur alýandygyny her bir binada duýmak bolýar. Hakykatdan-da, binanyň berkligi, onuň ýa-da olaryň ýerleşjek ýer böleginiň maksadalaýyklygy, daşky görnüşiniň töwerek bilen sazlaşygy göz öňünde tutulýar.
Aşgabat şäheriniň çägindäki Köne Nusaý galasynyň binagärlik bezegleri, konstruktiw çözgütleri, ol ýerdäki arkalaryň we sütünleriň gurluşy öz döwründe bu şäheriň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Aşgabat şäheriniň binagärliginde taryhymyzyň täsin galyndylaryndan hem nusga alynýandygyny aýdyň duýmak bolýar. Ýagny Köne Nusaý galasyndaky sütünlerde toskan, korinfsk we kompozit arhitektura orderleriň görnüşleri ulanylypdyr. Paýtagtymyzdaky binalaryň ençemesiniň girelgelerinde hem, seýilgählerde-de şeýle görnüşli sütünlere gabat gelmek bolýar. Bu sütünler binalara iňňän gelişmek bilen bir hatarda, direg hökmünde hem peýdalanylýar. Nusaý ýadygärliginde ýüze çykarylan heýkeller öz döwründe binagärlikde heýkeltaraşlyk sungatynyň ornunyň uly bolandygyny aýdyňlaşdyrýar. Ol ýerden tapylan heýkelleriň bölekleriniň aglabasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýar. Häzirki döwürde hem Aşgabat şäheriniň käbir binalarynyň baş girelgesiniň heýkeller bilen bezelmegi gözbaşyny antik döwründen alyp gelýän binagärlik sungatynyň bir görnüşidir.
Binalaryň üçegini gümmezler bilen örtmek Türkmenistanyň çäginde giň-den ýaýrandyr. Olar, esasan, orta asyrlar bilen senelenýär. Häzirki döwrüň binagärliginde giňden ulanylýan gümmezler milliligiň aýratyn bir öwüşgini hökmünde peýdalanylýar. Gümmezler diňe bir binanyň daşky keşbine bezeg bermän, onuň konstruktiw (gurluş) aýratynlygy-da bardyr. Gadymy döwürlerde gümmezler uly giňişligi ýapmak üçinem peýdalanylypdyr. Ol usul häzirki döwürde hem giňden ulanylýar. Gümmez sütün ulanmazdan, giň meýdany ýapmak üçin amatly binagärlik usuly bolmak bilen, ol binanyň içki görnüşini bezemekde hem aýratyn orna eýedir.
Binagärlikde millilige öwrülen ýene-de bir ugur — mozaika bezegleridir. Bu usul X asyrda kämilleşip başlap, XIV-XV asyrlarda ýokary derejelere ýetirilipdir. Muňa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Seýitjemaleddin metjidiniň galyndylary-da şaýatlyk edýär. Metjidiň bezeginde syrçaly mozaikanyň ýokary derejesini görmek bolýar.
Häzirki wagtda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýaşaýyş toplumlaryndaky ak mermerli jaýlara özboluşly öwüşgin berýän mozaika bezegi şol gadymy usuly ýadyňa salýar. Her bir mozaikaly şekilde ýurdumyzyň depginli ösüşleri, asudalygy, abadançylygy, parahatçylygy, milliligi öz aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, birnäçe desgalar açylyp ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşup, ak ertirlere ýagty ýollary açýar.
Ýurdumyzyň pajarlap ösmegi, halkyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
24.11.2021.
Rüstem Annamuhammedow
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir