EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY
SAPAGY
On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary ýerine ýetirýär... Ol henizem şol şereketde işleýär, şol öňküsi ýaly pikir edýär. Ol henizem şol öňküsi ýaly ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan, aýlyk gazanjynyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport toparynyň
ýeňlendiginden we işiniň üznüksiz paşmaýandygyndan zeýrenýär.
Henizem ol dostumyz çagalary we maşgalasy bilen dynç almak üçin her tomsuň başynda karz alýar we bütin gyşyny şol karzlaryny üzüp geçirýär... on bäş ýyldan bäri hiç zat üýtgemedi, özgermedi...
Henizem dostumyz Jelil «Sabyr soňunyň sap altyndygyna», sabyr edeninden soňra hökman arzuwyna ýetjekdigine, garaşylýan günüň ahyry geljekdigine pugta ynanýar. Dostumyň bu bolşuny görüp, Eýnşteýniň dälilik hakdaky sözleri serime dolýar. «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak dälilikdir» diýen sözleri aňymda öwrüm edip dur. Özümiz aman-asudalyk, ýeňil ýetilýän rahatlyk isläp, munuň öwezine töwekgellik etmekden, täze gözýetimlere aralaşmakdan we täze serhetleri aşmakdan gorkýarys. Mundan soňam biz ýene-de Allanyň her kime paýlap beren ýeterlik rysgyndan nägile bolýarys. Allatagalanyň
älemler baradaky bozulmaz däbini, ýoluny unudýarys – Onuň her kese rysgyny berýändigini ýadymyzdan çykarýarys.
Ýaradanyň barlykdaky däbi üýtgewsizdir – durmuş kitabynyň gündeki sahypalaryny gowy okap, düşünip bilýän we oňa görä amal
edýän adam bagtyýardyr. Ol köp zat gazanar.
Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir adam üçin mümkin bolmadyk zat däldir ýa-da bu babatda kimdir birine artykmaç mümkinçilik berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötdesinden geljek zadydyr. Ýöne munuň beýleki tarapyny hem gözden salmalyň,
onuň ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry. Bahasyny bermeseň, ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy derledip, zähmet çekmek we öz işiňe berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň
degresinden hem ötmezlikdir. Dostumyz Jelil we ýene-de müňlerçe dostlarymyz hem-de
dostlaryňyz hiç zat etmän, diňe ertirki arzyly günüň gelerine garaşyp ýaşaýarlar. Ýekşenbe güni hem edil duşenbe ýaly, mart hem hut aprel ýaly, ähli günüň şol bir tagamy bar. Hiç zat üýtgemese, özgermese, ýerinden
gozganmasa, töwekgellik etmeseň...
Töwekgellik diýenimde, göz öňünde tutan işiňe howul-harsal okdurylmak däl. Meýilnamalyja, her ätjek ädimiňi saldarlap, basjak
ýeriňi peýläp, ilki ilik-düwme öwrenip, öňe ilerlemegi göz öňünde tutýaryn. Bu zatlary amal etmek üçin gaýratlylyk, dogumlylyk, hiç zatdan çekinmezlik, öňe okdurylmak – hakyky töwekgellik gerekdir. Şu ýaşan ýyllaryňda tutuş ömrüň akymyny, ugruny özgerden näçe sany ykbal özgerdiji karara gelip gördüň? Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur manyly we juda ähmiýetli, göwnemakul sözleri bar: «Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goýberen pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň» diýýär.
Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň. Sebäbi bellibir karara gelip, ymykly girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik zerarly
etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna ökünersiň... «sag başym, aman başym» diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp ýatyşyň göz öňüňe geler.
Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol ýollarda goýberen säwlikleriňe, hatalaryňa hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň, gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň näçe köp bolsa, ahyr
ýaşda ökünjiň hem şonça köp bolar. Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi. Gylyk-häsiýetleri, özüni alyp barşy bolsa onuň bir karara gelip bilýändiginiň, bilmeýändiginiň dilmajy. Ikimizi bir-birimizden parhlandyrýan zat, biziň bir karara gelip bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy işi edýändigimiz we etmeýändigimiz (edip bilýärismi ýa etmeýärismi?). Her kim öz karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem iň möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri – durmuşyň bize döreden ähli mümkinçiliklerine, pursatlaryna doly we ählitaraplaýyn nazar salmaga synanyşmaly. Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli gorkulardan rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk bilen işlemeli we asylly amallarymyzy dowam etmeli. Mahlasy, iň uly töwekgelçilik durmuşyňda hiç hili töwekgelçiligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gor-
kup, bir duran ýeriňde saklanmaklykdyr.
Karim Aş-Şazili
''ATAMYŇ DURMUŞ HAKDA AÝTMADYK ZATLARY''
Terjime eden Rehmet GYLYJOW
Eýnşteýniň dälilik hakdaky sapagy
-
biohimik
3 years ago
- Jeksparrow hayys su makalalarynyzy manada ugradayyn +99364423862 imo
ylymlarsasy.20@gmail.com
Atamyñ durmus hakda aytmadyklary
Rahmet Gylyjowyñ terjimelerini
Gayrat edayin
Yalnyz_yigit 3 years ago- ,,Üstünligiň köki töwekgelçilikden başlanýar”