AR ALMAGY ÖWREN


Hemişe süýji arzuwlara garylyp, gowy netijelere umyt etsek-de, wakalaryň hemmesi göwün halar netije bilen tamamlanyp duranok. Bir gün durmuş meýdanlarynyň birinde kimdir birinden asgyn gelip, ahmyra gaplansak, hökman ar alasymyz gelýär. Meniň maslahatym – ar al! Bir maksat üçin çalyşýan wagtyňda biri senden öňürtse..., büdreseň, ýykylsaň, ynjasaň, utulsaň, ýeňilseň... ar al we ar al. Ar almak üçin ýüregiňi bire bagla. Ýöne ilki nähili ar almalydygyny öwreneliň. Talmud kitabynda ar almak hakynda göwne makul bir jümle bar: «Täzeden dogul, iň uly ar alyş şudur». Ýykylsaň, dikel, ör tur, dik dur, yhlas bilen işle, maksadyň üçin göreş – şonda sen öz bäsdeşleriňe, göriplere neneňsi ajy zäherleri, azapdyr hasratlary ýuwutdyrýandygyňy bilersiň.
Şowsuzlyklaryň iňňe neşteri ýaly awusyndan halas bolmak
hem-de seniň büdremegiňe heşelle kakýanlardan üstün bolmak üçin ýene-de ar al.
Özgelerden däl-de, öz şowsuzlyklaryňdan ar al– örtenmeleriňden saplanmaga çalyş.
Durmuş – göreş meýdany. Göreş bolsa käteler örän zabun bolýar. Birdenkä, bu gowgaly meýdanyň ortasyna nädip düşeniňi duýman
galýarsyň. Öz gymmatyň, mertebäň, ynanjyň, maksadyň, pikiriň, prinsipiň, arzuwyň, ýerine ýetirýän işiň üçin sen göreşmäge mejbur
bolýarsyň. Belki ýeňlersiň... kimdir biri iň pis usullary ulanyp, pes hereketler bilen seni heläk etmek ýa-da aşak basmak islär. Şol halatda sen näme etmeli..?! Näme edesiň geler? Gör, ikimiz pikirdeş ekenik – ar alasymyz geler.
Ine, şeýle ýagdaýlarda, hormatly professor Abdyl Mutawygyň sözleri ýerlikli görünýär: «Saňa ýamanlyk edýänlerden ar almagyň
iň gowy usuly – olaryň özi ýaly bolmazlykdyr. Durmuşyňda olaryň sökel ýörelgelerini, näsag garaýyşlaryny, keselli düşünjelerini gaýtalamakdan, olaryň özleri ýaly bolmakdan gaça durmakdyr. Olara özleri ýaly jogap bermekden özüňi belent tut, goý, olar özleriniň pesdigini, düşünjeleriniň çüýrükdigini, ahlaklarynyň nogsanlydygyny duýsunlar».
Ine, meniň saňa ündeýän ar alşym, senden isleýän zadym şu – ar
almakçy bolsaň şunuň ýaly hereket et. Ruhuňy aç ýyrtyjy deýin gemirýän gabahat we haýyn ar alyşlary asla aňyňa ornaşdyrma.
Allatagala: «Olar takwa we bagyşlaýan, geçirimli adamlardyr» diýýär. Bagyşlamaklyk, geçirimlilik etmek iňňän ähmiýetli zat. Ol ar
alyş sözüne geň görünýän, laýyk gelmeýän, gelişmeýän hem bolsa, asylly we ýagşy adamlaryň ar alyş ýoly-ýörelgesidir, bir ar alyş usulydyr.
«Ar alyş» sözi seni birneme biynjalyk eden bolmagy ahmal, ýöne men onuň gowy tarapyny saýlap aldym. Ar alşyň howry, gyzgynlygy saňa ýykylmagy, ýeňilmegi ýigrendirer, gaça duruzar, şowsuzlyklara
öwrenişdirmez. Ar alşyň bu usuly bozulan zady düzetmäge, döwlen zady dikeltmäge, ýoýulan zady bitewi etmäge iterýän täsire eýedir.
Nähili ar almaly? Ikinji jahan urşy döwründe Beýik Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy bolan Uinston Çerçilliň aýdan bir sözi bar: «Her kimsäniň öz sähetli güni bar...». Günleriň käbiri beýlekilerinden has tapawutly bolup biler. Emgenip ýa eglenip geçirmeli
günlerem, üstünlikli, şowly we toýly günlerem bolup biler. Ýöne öňümizde peýda bolan şowsuzlyklar ýa-da gyýa garap, gyňyr bakan
ýüzler zerarly örtenmekçi bolsak, günleriň ötegçidigini, tiz çalşyp durýandygyny we hiç zadyň, esasan-da, ýaramazlygyň uzak dowam
etmeýändigini ýadymyza salalyň. Gaýgy-ünjä sarp etjek wagtymyzy has haýyrly zatlara, başga bähbitli amallara gönükdireli. Bize
garaşyp duran wajyp işlerimize ünsümizi jemläli. Bize garaşyp duran bagtly pursatlara taýýarlyk göreli. Ähli ýagdaýlarda sagdyn
we asuda pikirlenmek, gahar-gazaba berilmezlik, dessine ünsümizi gowy zatlara gönükdirmek iň makul usullaryň biridir.
Maňa maý berseň, men saňa neneňsi ar almagyň birnäçe ýollaryny kesgitläp bereýin.
Owadan arzuwlardan ýüküni tutan salyň durmuş deňzinde çaýkanyp duran bolsa, has gowy ýaşamagyň hatyrasyna sen ýaramaz endikleriňden ar alyp başla. Munuň üçin ýörite wagt belle we durmuş hakdaky pikir -hyýallaryňy, arzuw-maksatlaryňy, etsem-goýsamlaryňy gaýta-gaýta gözden geçir. Öz bärden gaýdýan häsiýetleriňi öwren we olaryň gaýtalanmazlygy, aýrylyp gitmegi üçin çalyş. Şol ýaramaz häsiýetleriňi üýtgetmäge jan et. Ýaramaz endiklere ýesir bolma. Ajaýyp häsiýetler bilen bezen we özüňi erkin hem-de dogumly duý. Köp oka, tejribeli adamlar bilen geňeş. Maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän we jemgyýetde özüňi edepli hem-de edenli alyp barmagy öwredýän ýörite kurslara, leksiýalara gatna. Şeýle söhbeti berip biljek adamlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goý. Maşgala durmuşyndan lezzet alýan adamlaryň iň gowusy bolmagy başarýandygyňy subut et – iş oňarýandygyňy görkez. Eger-de dostuň göwnüňe degen bolsa ýa-da ýoldaşyň özüni alyp barşynda, hüý-häsiýetinde hyýanat kokusy burnuňa ursa, ar al – sen olar ýaly bolma. Kinaýa kinaýa bilen, hyýanata hyýanat bilen, ýaňsyly söze ýaňsy bilen jogap berme. Oňarsaň öňki bolşuňy sakla ýa-da öňküleriňden hem mylakatly, arkaýyn, asuda-parahat we sabyrly-salyhatly bol. Bu seniň ondan beýikdigiňi delillendirýän aýratynlykdyr. Gylyk-häsiýet, ynam-iman babatda olara meňzemezlik, olardan has gowy bolmaga çalyşmak ar almagyň iň netijeli usullarynyň biridir. Olara (edil özleri ýaly bolup,) ýamanlyk etmäge iterýän her bir duýgyny ýom-ýok et. Sogabyna Alladan garaş. Eger-de öz duýgularyňda, hereket-häsiýetleriňde bärden gaýtmaklyk bar bolsa, öňde goýan maksadyňda, meýilnamaňda agsaýan
bolsaň, yza galýan bolsaň ýa-da bir geleşikde bar baýlygyňdan el ýuwan bolsaň, daş-töweregiňdäki janly-jemende hem «indi seniň aýak üstüne galmagyň mümkin däl» diýip pikir etseler, sen olaryň bu batyl düşünjesini çym-pytrak etmek üçin ar al – garyňa daýan, aýaga gal. Wagtlaýyn kynçylyklaryň sag-aman sowulmagy üçin Alladan ýardam we dözüm dile. Gaýta-gaýta öňe okduryl. Öňküleriňden hem has dogumly we ynamly bol. Her ätjek ädimiňi, ýörejek ýoluňy, geçjek menziliňi, gerek ýerinde düşlejek, ýük ýazdyrjak ýerleriňi ilik-düwme inçelikleri bilen gözden geçir, maksatly öňe ilerle. Seniň şol gezekki şowsuzlygyň bedew atyň birje büdremeginden başga zat däldigini adamlara we dünýä aýan et. Goý, olar seniň ýene-de öňe ýöreýändigiňi, uly ynam we güýç-kuwwat bilen gaýtadan ýoluňy dowam edýändigiňi gözleri bilen görsünler.
Eger-de iş ýerinde müdiriň ýa-da ýokary okuw mekdebinde mugallymyň saňa nädogry baha berse, özüňi alyp barşyňdan, sapaklaryňa ýetişigiňden nägile bolsa, sen olaryň bu pikirinden rüstemdigiňi, beýikdigiňi ýagşy endikleriň, häsiýetleriň bilen subut et.
Seniň şowsuz ýa-da ýaltadygyňy delillendirýän we gün geçdigisaýy aňlarynda kök urjak garaýyşlaryny öz asylly häsiýetleriň bilen inkär
etmäge çalyş. Gowy adamdygyňy we öňkülerden hem has gowy bolup bilýändigiňi görkez. Eger-de içiňdäki nebsiň, iblisiň senden rüstem gelip, kimdir biri bilen öç eden bolsa, özara gatnaşyklaryňyza säwlik we sowuklyk
aralaşdyran bolsa ýa-da bijaý söz, ýerliksiz degişme bilen dost-doganyň göwnüne degen bolsaň, bir gödek söz ýa-da pygyl bilen kimsäniň janyny ýakan bolsaň, ötünç gylyjy bilen öz nebsiňden ar al. Ynsabyňy, wyždanyňy oýar we häsiýetiňi gowulaşdyr. Hataňy geçirmegini, seni bagyşlamagyny sora. Özüň müýnlükäň ötünç soramagy peslik bilme.
Eger-de seni haý-höwesiň, nebsiň bendi-ýesir eden bolsa, nebsiň özüňe hökümini ýöredýän bolsa, gafatyň uzaga çeken bolsa, iman
agylyna dolanmak bilen ar al. Toba galkanyny goluňa al. Aýagyň büdrese ýa-da biliň gypjynsa, seniň oňa berýän gaýtargyň
gaty ýowuz bolsun... gaýratlylyk bilen garyňa gal, dikel, täzeden deňagramly halyňa gel. Ine, şeýle ýol bilen ýöräp, dowam ediber. Mahlasy, ar almagyň hem iki ýüzi, iki tarapy bar: gara tarapy seniň ynsabyňy, ruhuňy we wyždanyňy gemirýär, beýleki adamlara azar-ezýet bermäge iterýär. Ar alşyň parlak tarapy hem bar, ol ruhuňy alawlandyrýar. Gylyk-häsiýet we özüňi alyp barmak babatda ruhuňa täze ylham, joşgun berýär. Ýalňyşlaryňdan we büdremeleriňden ar almagy öwren – has gowy
bolmagyň üçin. Saňa ýamanlyk edenlerden ar almagy öwren – olara meňzemezligiň üçin (olara meňzemezlik bilen). Goý, seniň ajaýyp we ýagşy häsiýetleriň olaryň nogsanlyklaryny özlerine görkezýän ýüzi dury, arassa aýna bolsun.




Karim Aş-Şazili.

''ATAMYŇ DURMUŞ HAKDA AÝTMADYK ZATLARY''

Terjime eden: Rehmet Gylyjow.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir