Öwredendir saňa agy, garany,
"Balam" sözi bitir her bir ýarany,
Her gün mähir bilen saçyň darany,
Ol mukaddes käbäňdigin bilginiň!

Durmuş aýry-aýry synar her kimi,
Bir ýerlere elter ýazgyt ýelkeni.
Her haçan ýykylsaň perişde kimin,
Ýetişjegin käbäňdigin bilginiň!

Şol bolmasa sen dünýäde ýekesiň,
Söý eneňi seň söýgiňe bekesin
Her zatdan tapsaňda gözläp ikisin,
Ýöne käbäň birligini bilginiň!

Dünýäde her kimiň çäklidir wagty,
Käte biz gözleýäs uzakdan bagty
Ýöne asyl bagt Jennediň tagty,
Käbäň aýak astyndadyr bilginiň!

Heniz çalyp durka hüwdüli sazy,
Enäni diri-kä etmeli razy.
Ähli ýalňyşlaryň geçirjek kazy,
Bir mukaddes käbäňdigin bilginiň!

Söýgi nirede bilýäňizmi? Ýok, bileňizok.
Söýgi, haçanda çagasyna täze eşik aljak bolup özi 8 ýyl bäri şol bir köwşi geýip ýören kakaň aýagynda...
Söýgi, halasa-da bir süýjini, çagalarym iýsin diýip " ýok, men halamoga" diýýän ejäň damagynda... A biz bolsa bolsa söýgini uzaklardan gözleýäris..

Awtory: Şanazar Hydyrow

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir