Saňa ot salan aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!

Gep ýaýradar görip-bikär,
Şyltagyndan içiň tütär,
Sen aglasaň, bar zat guta:r,
Aglama, ýürek, aglama!

Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşmanda nä?!
Aglama, ýürek, aglama!

Meger, çepler ýitirdi ugur,
Pany dünýä üýtgemän dur.
Süleýmanjyk diýipdir mu:r,
Aglama, ýürek, aglama!

Tutdy meni berke dagym,
Bir sen ahyr arkadagym,
Aglanyňdan, darka ýaryl,
Aglama, ýürek, aglama!

Çaltam urma, urma haýal,
Gaýta giňe, gaýta goýal!
Şirpisint aňryňdan uýal,
Aglama, ýürek, aglama!

Dagu-düzleriň haky üçin,
Gözel gyzlaryň haky üçin,
Dana sözleriň haky üçin
Aglama, ýürek, aglama!

Öz-özüňi saýma saýgyç,
Kökünden aslyşar agaç.
Ejizleseň, dost-ýara gaç,
Aglama, ýürek, aglama!

Seni ömür golda:n gelmez,
Indi Jumasoltan gelmez,
Diý maňa: mert bol, Italmaz,
Aglama, ýürek, aglama!


Italmaz AKMYRAT

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir