Ýeriň aýasynda - Hak saýasynda
Çagalygym oýun-baz bolup galdy.
Mähriň mülki, nur ummany ejem jan
Gursagymda baky ýaz bolup galdy.

Kyrk sekiziň güýzi, elhenç pajyga
Dünýämi düňderip, aklym çaşyra,
Üç gubura girdi ýuwlup ýaşyma,
Kalbymda öçmejek yz bolup galdy.

Söwer ýaryň didaryndan ganmadym,
Özgäň gyşyň gyşlap, ýazyň ýazladym.
Ýar ýolunda ýazan paýandazlarym
Hiç wagt öçmejek yz bolup galdy.

Gül ýaşlykda gönenmedim, gülmedim.
Hijran nirden geldi, bile bilmedim?
Bagrym gan öndürip söýen dilberim,
Yşkdan ýaradylmyş gyz bolup galdy.

Arşyň kemerine ýetmiş nazarym,
Şibli deý daglary ýandyr gazabym,
Dünýäniň yşkynda goşgy-gazalym
Allaň dergähinde raz* bolup galdy.






Saparmyrat TÜRKMENBAŞY
________________
*Raz - içgin söhbet

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir