Gadymy Was - Daşoguz,
Içoguz - bu Ahaldyr.
Sag ganatym Lebap hem
Maru-şahu-jahandyr,
Sol ganatym Balkandyr!

Ýaňykent - Oguz hanyň
Tagma düzen ýerleri.
Dana Gorkut atanyň
Diwan ýazan ýerleri.
Gün han,
Aý han,
Ýyldyz han
Jümle-jahan serweri.

Munda jümle-jahana,
Permany ýaýandyr
Hanlar hany Baýandyr.
Söýülendir, söýendir,
Oguzlar ölmez-ýitmez
Şan-şöhratyn goýandyr.

Düzüwmidir dokuzyň,
Eý, döwletment oguzym?
Sen bir hudaýly halksyň,
Allam mydam ýar bolsun!
Galksyn, döwletiň galksyn,
Ýurduň berkarar bolsun!




Saparmyrat TÜRKMENBAŞY

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir