salam "ynsan". saňa bir soragym bar. diňe "ynsan" däl, kim bilýän bolsa jogap beräýsin. Şunuň ýaly meseleden esasy "ynsan" ýazansoň şoňa ýüzlendim. mysal üçin men maşyn satýan. nagt alsaň 10 000 dollar, bir ýylda üzerin diýseňem 10 500 edip alaý diýsem prosent (süýthorlyk) bolýarmy? Men bolýandyra öýdemok.
"ynsana" sorag
-
darkman
13 years ago
- sen garasharna berenin uchin gymmat satyan sen birine pul karz berip onun ustune prasent soranak.
sen garashyp pulyny saklap zyyana galyan shol sebapdenem sen gymmat satyp zyyanyny yapyan ol prasent dal suythorlugam.
-
ezka18
13 years ago
- prosent bolanokmyka dyip pikir edyanmikam diyyan oza:P
-
ynsan
13 years ago
- gelin suthorluk barada kuranda name diya okap many cykaralyn ozumiz:
Riba (süýthorlyk)
Riba – iki tarapyň ylalaşygy
esasynda karz berlen pul üçin şol
puluň üstüne prosent goşup
almakdyr. Kredit ulanylan wagty
arassa peýdany ýa-da çekiljek
zyýany öňünden kesgitlemek
mümkin däldir. Emma ribanyň
mukdarynyň öňünden
kesgitlenýändigi üçin karz alan
ýa-da beren hökman
adalatsyzlyga uçraýar. Șol
sebäpden hem Kuranda riba
gadagan edilipdir. Pygamberimiz
hem weda hutbesinde ribanyň
ähli görnüşini ýatyrandygyny
aýdyp, onuň gadagan
edilmeginiň esasy sebäbi
hökmünde Kuranyň aýatlaryny
gaýtalap, «Baş maýa siziňkidir.
Șeýlelikde ne zulum edersiňiz,
ne-de zuluma
uçrarsyňyz » (Müslim, Ebu
Dawud, Ibn Maje) diýip
nygtaýar.
-
ynsan
13 years ago
- «Süýthorlyk edýänler kyýamat
güni edil şeýtanyň tisgindirişi
ýaly, tisginip turar. Bu olaryň:
«Süýthorlyk hem edil söwda
ýalydyr» diýýänleri üçindir. Ýöne
Allah söwdany halal,
süýthorlygy bolsa haram
edipdir. Mundan soň kim
Rabbiniň bu buýrugyna tagat
kylyp, süýthorlygy taşlasa, öňki
edenleri bagyşlanar. Onuň
hasabyny diňe Allah biler. Ýöne
kim süýthorlygy dowam etdirse,
ol jähennemidir we o ýerde
ebedi galar» , (Bakara, 275).
Süýthorlyk söwda ýaly däldir.
Çünki söwda jemgyti ösüşe
iterse, süýthorlyk ony diňe
dargadýandyr. Söwda-da
zähmet, maýa goýum, önüm
öndürmek bardyr. Söwdadan
ediljek gazanç hem anyk belli
däldir. Emma süýthorlykda
zähmet hem ýokdur, önüm
öndürmek hem. Üstesine-de
ediljek gazanç öňünden bellidir.
Șonuň üçin Allah Tagala
söwdany halal, ribany bolsa
haram edipdir.
Pygamberimiz bolsa ymmatyny
habardar edip, süýthorlyk
barada şulary aýdypdyr:
«Ýedi sany heläk ediji zatdan daş
duruň. Olar: Allaha şärik goşmak,
jady (sihir) etmek, nähak ýere
biriniň ganyna galmak,
süýthorlyk etmek, ýetimiň
malyny iýmek, söweş wagty yza
gaçmak, namysly aýala zyna
töhmetini ýapmakdyr» , (Müslim).
Hezreti Jabiriň gürrüň beren bir
hadysynda Resulullah
süýthorlyk edeni we etdireni,
ony ýazany we şaýatlaryny
näletläpdir. Pygamberimiz: «Olar
günäde biri-birine deňdir»
diýipdir.
Süýthorlygyň görnüşleri
a) Berginiň üstünden edilýän
süýthorlyk.
Süýthorlygyň bu görnüşi
yslamdan öň giň ýaýrapdyr. Bu
usulda algydar berginiň
tölenmeli güni gelende: «Bergiňi
ber, ýogsa-da üstüne şunça
berseň, möhletini süýşüreýin»
diýýär. Käwagt şeýle teklip
bergidardan hem çykyp bilýär.
Kurany Kerim bu işi – Allaha we
Onuň Resulyna garşy söweş
yglan etmek ýaly görüpdir.
«Eý, iman edenler, Allahdan
gorkuň . Eger siz hakyky mü'min
bolsaňyz, algyňyzdan artyk
almaň. Eger-de süýthorlygy terk
etmeseňiz, Allaha we Onuň
Resulyna garşy söweşe
girenlerden bolarsyňyz. Eger
toba etseňiz, esasy almaly
algyňyz siziňkidir. Netijede ne
zulum edersiňiz, ne-de size zulum
ediler», (Bakara, 278-279).
Pygamberimiz weda hutbesinde
şeýle diýýär: «Jahyliýet
döwrüniň däbi bolan
süýthorlygy ýatyrdym. Ilki
ýatyranym Abdulmuttalibiň ogly
Abbasyň süýthorlygydyr»,
(Müslim, Ebu Dawud, Ibni Maje).
b) Söwdadan görülýän
süýthorlyk.
Hanefi alymlaryna görä, munuň
hem iki görnüşi bardyr:
1. Artykmaçlyk ribasy (ribel fadl)
– şol bir görnüşdäki hili meňzeş
iki mal çalşylan wagty deň
çalşylmazlyk. Eger hilleri
tapawutly bolup, bazar nyrhy
belli bolmadyk ýagdaýynda
birini beýlekisinden artykmaç
edilip çalşylsa hem süýthorlyk
saýylýar. Mysal üçin,
Pygamberimiz iki ölçeg hili pes
hurmany ýokary hilli bir ölçeg
hurma bilen çalşan hezreti Bilala
şeýle diýipdir: «Bu süýthorlygyň
hut özüdir. Eger gowy hilli
hurma aljak bolsaň, git, ýaramaz
hurmaňy sat, şonuň puluna-da
gowusyny al», (Buhary).
2. Nesýe ribasy. Iki haryt
çalşylanda biriniň nagt,
beýlekisiniň nesýe bolan
mahalynda döreýär. Iki sany
dürli haryt nagt çalşylanda, şeýle
hem karz alynsa süýthorlyk ýüze
çykmaýar.
Pygamberimiz bir hadysynda:
«Birmeňzeş hilli altyn altyn bilen,
kümüş kümüş bilen, bugdaý
bugdaý bilen, arpa arpa bilen,
hurma hurma bilen, duz duz
bilen nagt hem deňe-deň
çalşylýar. Bularyň görnüşleri
tapawutly bolanda (altyn –
kümüş, bugdaý – arpa), nagt
bolmak şerti bilen isleýşiňiz ýaly
satyp bilersiňiz», (Müslim, Ebu
Dawud, Ahmet b. Hanbel)
diýipdir.
Altyn ýa-da kümüş pul öz
jynsyndaky magdan bilen
çalşylanda , nagt we deň
agramda bolmagynyň talap
edilmegi, puluň magdan
gymmatynyň ýokary ýa-da pes
baha gazanmagynyň öňüni
almak üçindir. Altyn we kümşüň
çalşylmagynda döreýän
artykmaçlygyň süýthorlyk
saýylmagynyň sebäbi, bu ýerde
puluň hümmeti goralýar.
Kagyz pullar hem ilki çykanda
altyn pula deň gymmatlylykda
çykarylypdyr. Ýöne dürli
ülkelerde puluň altyn bilen
gatnaşygy kesilip, onuň
hümmeti döwletiň ykdysady
güýjüne daýandyrylypdyr. Șol
sebäpli ykdysady ýagdaýy
güýçli ülkeler satyn almakda uly
güýje eýe bolupdyr.
Süýthorlyk bilen peýdanyň
arasyndaky tapawut
Peýda – zähmetiň, maýanyň,
töwekgelligiň we synanyşygyň
netijesinde gazanylýar.
Peýdanyň aňyrsynda zyýana
galmak we esasy maýany
ýitirmek howpy bardyr.
Süýthorlykda bolsa, kişiniň kyn
ýagdaýyndan peýdalanmak
arkaly zähmetsiz, howpsuz
gazanç bardyr. Süýthorlykda
maýa howp astyna düşmeýär.
Söwdada peýda bir gezek
gazanylýar, süýthorlykda bolsa,
gazanç gat-gat artýar. Söwdada
hemişe maýa goýmak we
öndürmek ýa-da täze haryt
tapmak zerurlygy bar,
süýthorlykda bolsa bular ýokdur.
Șonuň üçin Allah Tagala Kurany
Kerim-de söwdany halal,
süýthorlygy haram edipdir.
-
Zafer
13 years ago
- Magtymguly pyragy süythorluk hakda: "on bire çenli halaldy, ondan ýokarysy haram, ýaranlar." diýipdir.
-
Zafer
13 years ago
- Magtymguly pyragy süythorluk hakda: "on bire çenli halaldyr, ondan ýokarysy haram, ýaranlar." diýipdir.
-
Zafer
13 years ago
- Tatu "menä süýthorluk dälmikä diýýän" diýen bolup, saña mundan beter nähili süýthorluk gerek.
-
Broker
13 years ago
- salam dostlar, agzalar. men yslam osush bankynyn bizde gehiren sammetinde boldum, ol dini karzlar barada soz achdy, yagny, pul karz berenokda zady satyn alyp beryar, sonam shondan gazanyljak peydanyn hasabyna, alynan esasy serishdanin umumy gymmatndan chykan yitgini seljerme esasynda hasaplama gechirip, yzyna uzak yylyn dowamynda gaytarmaklyk barada shertnama baglashylyar, yagny 10 000 manatlyk zady, 10 500 edip yzynagaytmaly diyen yalyrak.
-
bmw525
13 years ago
- salam hemma. Bu suythorluk bolmayara
-
DG
13 years ago
- ЭТO-БИЗНЕC
-
tatu
13 years ago
- ynsan ýazanlaňňy okadym sagja bol. ýöne anyk aýdyp bilmediňiz.
Tatu "menä süýthorluk dälmikä diýýän" diýen bolup, saña mundan beter nähili süýthorluk gerek. Zafer | 2010-12-06 07:15:15
aý zaferjan süýthorluk bolýan bolsa deliliňi aýtda, nirde ýazylan, kim diýdi. maňa akyl däl, nakyl gerek. hökümler akyl bilen däl nakyl bilen. her kim aklyna geleni zowladyp ýörse bolmaza how. ýene haýyş şu meseläni çöp döwen ýaly edip biljek adamlardan sorap "bolýar" ýa-da "bolanok" diýseňiz müň kerem taňryýalkasyn aýdardym.
-
tatu
13 years ago
- prosent bolmazmyka diýýänimiň sebäbi, men 10000manat berip 10500manat edip getir diýemok. ýa-da maşyny 10000dollara satyp diýen wagtymda getirmediň, şonuň üçin 10500edip getir diýemok. men şu maşyny bir ýylda tölärin diýseň 10500dollara satjak diýýän. nagt puluň bolsada 10000-e alaý diýýän. eger süýthorluk bolmaýan bolsa süýthorluk bolýar diýmesinlerdä. s-horlugyň erbet zatdygyny ynsan aýtdy ahyryn. bolýan zady bolanok diýip kynlaşdyrmasynlarda.
-
kesir
13 years ago
- prosent bolýan bolsa bilip goýdugymyz bolarda.
-
ynsan
13 years ago
- dogrujam bl bu soraga ank jogap berip aydyp biljek dal. Birden yalnysh maslahat beraysem sizem guna ishe ugrukdurdugym bolar. Yone hokman jogap yazaryn. Nesip bolsa.
-
MaryLee
13 years ago
- Marlylar muna dine biznesss diyyar ;-)
-
darkman
13 years ago
- ynsan jogabyna garashyan. biz uchinem bu gaty gyzykly.
-
tatu
13 years ago
- ynsan aga ýatdan çykardyň öýdýän?
-
Bahbit
13 years ago
- Ynsan sen nirede bolsañam maña jañ edip bilmezmiñ dost +99365141688 +99368322214 gara$ýan onda
vasyok 13 years ago- hawa prosent suythorluk bolarda.sen bolyandyr oytmeseng ilki suythorlugy dushundir hany.