Taganberdi Purmand(Tagy) şahyryň ,,şordan tapyldy" kitabyndan.

,,Gökje Ýolma şahyrdan eden soraglarym we onuň beren jogaplary"

Sorag
Bizden salam bolsun gökje şahyra,
Munapykdan beter kapyr kim bolar?
Dessan baglan aşyk Zöhre-Tahyra,
Mollanepes tekin şahyr kim bolar?

Jogap
Bizden salam Tagy juwan şahyar,
Dine dawa eden, kapyr bu durur.
Sözüm gysga tizden ýeter ahyra,
Kemine, Şabende şahyr bu durur.

Sorag
Näme diýp köp boldy gyzyň bahasy?
On Tümene ýetdi arpaň hapasy,
Galmady ekilmän daglar depesi,
Behişti meýlerde sa:gyr kim bolar?

Jogap
Baha bolsa köpdür gyzyň sapasy,
Zamana baglydyr arpaň bahasy,
Ekedir adamzat köpdür höwesi,
Jennetde Hur-Gulman sa:gyr bu durur.

Sorag
Gyz bahasyn tapa bilmez näçesi,
Aýra il almaga gider ejesi;
Gaçmak pikre düşer ilki gijesi,
Bu gelne guwanan ma:dar kim bolar?

Jogap
Garyplykda galyň tapmaz näçesi,
Gaýry taýpa alýar ýoksuz beçesi,
It-le pişik bolar ilki gijesi,
Ak,aklykdan alan ma:dar bu durur.

Sorag
Oraza tutarlar ogurlyk maldan,
Rebbim görkezse-de gaýytmaz pälden,
Hasap edip görseň geçendir saldan,
Bu hesaby ýazan na:zyr kim bolar?

Jogap
Ruza tutup zekat berse malyndan,
Zamana doralar gaýtsa pälinden;
Ýagşy ýaman tanyp bolmaz salyndan,
Perişteler bardyr na:zyr bu durur.

Sorag
Näçeleri alym diýýer özüne,
Hiç ygtybar bolmaz diýen sözüne,
Haram eder gara çekip ýüzüne,
Şeýle musulmandan kapyr kim bolar?

Jagap
Alym hem adamdyr boladyr a:sy,
Alymlara ýaman diýmekdir pisi,
Zynakär, humarbaz, arakhor isi,
Musulmandan azan kapyr bu durur.

Sorag
Haramdan, halaldan ýygnarlar maly,
Niçik geçer beýle adamyň haly,
Çölde suwsuz galan düýeler ýaly,
Haka ka:nyg bolan sa:byr kim bolar?

Jogap
Gaçmazlar haramdan ýygnarlar maly,
Ol ýerde kyn ermiş şol kesiň haly,
Ýamaz ýaş dökse asha:plar ýaly,
Ybadatda bolan sa:byr bu durur.

Sorag
Köpdür aýdar bolsa "Tagynyň" sözi,
Düşümde göründi enwerli ýüzi,
Orta boý, sakgally, mähriban gözi,
Magtymguly tekin şahyr kim bolar.

Jogap
At gazanan şahyr magtymgulydyr,
Ony meşhur eýlän şirin dilidir;
Türkmen milletinde Gökleň ilidir,
"Gökje Ýolma" sözüm häzir bu turar.


,,Gökje Ýolma şahyryň bizden eden soraglary we biziň beren jogabymyz"

Sorag
Sowal sorsam şahyr oglan Tagydan,
Habar ber yslamdan iman nämedir?
Neçüýn çykdy adam jennet bagydan,
Adamyň duşmany ýaman nämedir?

Jogap
Bersem jogap şahyr Gökje Ýolmaga,
Imanyň paýasy şu bäs zat bolar;
Şertidir her kimse mömün bolmaga,
Biz tarapdan saňa şeýle ýat bolar.

Namazdyr owwaly, ikinji ruza,
Bizekatyň maly meňzeşdir buza,
Mätäçdir tagamlar bir mukdar duza,
Haj bilen jahat hem şular dek bolar.

Şu bäş zatdyr bir soragyň paýasy,
Kyrk dörtdir kuranda gelen aýasy,
Bugdaýy iýdirdi melgun alasy,
adamyň duşmany şeýtan dek bolar.

Sorag
Ol nämedir ýokdur oňa şereket?
Ol ne ýyldyz eýlemeýär hereket?
Ol nämedir asla bolmaz bereket?
Gögerip guraýan saman nämedir?

Jogap
Ol hudaýdyr ýokdur oňa şereket,
Köp ýyldyzlar bardyr etmez hereket,
Bolmaz haram malda hiç wagt bereket,
Garraýan juwanlar saman dek bolar.

Sorag
Ol nämedir bäs wagtda seslener?
Ol kimlerdir ol dünýäge beslener?
Kimler erer ölenden soň peslener?
Lerzana bolunýan duman nämedir?

Jogap
Ol azandyr sopylaryň sedasy,
Ol mömümler Muhammediň pedasy,
Ölenden soň kapyrlaryň jezasy,
Ýagty jahan oňa duman dek bolar.

Sorag
Aryk suwlar süýtler çeşme çeşme ballary,
Bihesapdir miweleri, gülleri,
Garramazlar ýigrim bäşde sallary,
Sapaly döwranlar aman nämedir?

Jogap
Aby haýat zemzem çeşme diýgeni,
Garramaz gül ysgap miwe iýgeni,
Daýym-ul-ömr sapaly jaý diýgeni,
Behiştdir baglary erem dek bolar.

Sorag
Günäkäre gyl dek bolup ýatadyr,
Kimler bolar ýyldyrym dek ötedir?
Ol kimlerdir ýylan yçýan ýutadyr?
Gyzgyny sowugy ýaman nämedir?

Jogap
Seratyň köprüsi inçedir gylsan,
Tiz geçer mömünler şeýle bir poldan,
Harys baýlar geçe bilmezler puldan,
Gyzgyn sowuk jaýlar dowzah dek bolar.

Sorag
Bu dünýäden habar bergil ýene-de,
Muhammet geçendir haýsy senede?
Ol ne tiken batar jana, tene-de,
Gyzykly gurulan zaman nämedir?

Jogap
On birinji hijri-kamary ýylda,
Muhammediň geçen senesi munda,
Bu pany gyzykly gurulan günde,
Ajy söz adama tiken dek bolar.

Sorag
Gökje Ýolma näme haýwanda uly?
Ol ne haýwan erer gezedir çöli?
Ol ne, kiçi bolup gorkuzar pili?
Bedeni gapyrjak çaman nämedir?

Jogap
Kiçidir kergeden gorkuzar pili,
Ol jerendir gezer elmydam çöli,
Balyk-u ýylandyr haýwanda uly,
Çamandyr pyşbaka ýäşik dek bolar.

"Tagy" sen diliňi uzatma her ýan,
köp sowallar bolar aradan jerýan,
ýaşyrma sözlegil sözüňi urýan,
seniň dostuň ýene gökje dek bolar.

18.10.2021. 3:05

Edebiýat, Tiko tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir