Adam ogly, näme üçindir, çäksizligi söýüşi ýaly, çäklendirmeleri halamaýar. Asmana uçsa, çäksiz belentliklere galsam diýýär, çuňluklara çümende-de, ýene şol höwes onuň hemrasy. Birini söýse-de, çäksiz söýesi gelýär, söýlende-de, çensiz-çaksyz söýülmegini küýseýär. Megerem, bu häsiýet, edil ýaňy dünýä inen bäbejigiň öz-özünden enesini emmelidigini bilşi ýaly, ynsana Alla tarapyn berlen peşgeş bolsa gerek. Eger bu pikirlerim edep bilen baglanyşykly bolmasa, onda göwnüm göterilip, asmanym durlanardy. Emma edep, edeplilik ynsany çäklendirýän zat. Edep joşup duran ýaşlygyň ganatlaryny kesýäne meňzeýär. Käwagt şeýle bir keýpiň kök bolýar welin, köçeden barşyňa zowladyp aýdyma gygyryberesiň gelýär. Gygyraýdygyň, her kim: “Bu biedep kimkä?” diýip geň görjek. Ýaşulularyň arasynda ýaşyň kiçi bolup, nobat berilmänkä gürläýseň, ýene sen edepsiz. Ýaş juwanyň özüniň çäksiz söýülmegi üçin has-da özüneçekiji geýnesi, gaşyna-kirpigine timar berip, gerek bolsa ýüzüne reňkdir grimlerem ulanasy gelýär. Emma ol juwanyň garry enesi: “Hany seniň haýaň?” diýjek. Onuň seniň söýlesiň gelýäninden habary ýok ýaly. Käşgä özi ýaş bolup görmedik bolsa. Häzirki ýoňa görä, köýnegiň etegini dilmek hakynda-ha hyýalam etme. Garaz, sanasaň sanap oturmaly. Şu ýerde ýene bir sowal oýlandyrýar: eýsem egin-eşik adamy üýtgedip bilermi? Ýaşmakly gelniňem gaýynatasyna ýaşmagynyň aşagyndan diýjegini diýip duranyny göremsoň, bu sowala ýüzugra jogap berip bilemok. Ol-a köýneginiň aşagy dilik eken, dyzyndan aşagy kesik eşikli maşgalanyňam juda arassasyna duş gelinýär. Onda egin-eşik ähmiýet berip, gürrüňini edeniňe-de degmeýän bir meselemi? Gaýta ylmyň we tehnologiýanyň ösen, ynsanyň Aýa gonan döwründe seniň köne biçüw eşigiň, gadymy düşünjeleriň yzagalaklygyň alamaty dälmi? Birden ak sakgaly döşüni tutup duran ýaşulularymyzyň, başlary pürenjekli enelerimiziň, uzyn köýnegi topugyna düşüp duran edaly türkmen gyzlarymyzyň, edebi özünden syratly, saýhally-salyhatly ýigitlerimiziň ýitip gidenini göz öňüme getirenimde i:nim tikenekläp gitdi. Ähmiýetsiz zatlar öz-özünden ýitip gidýär ahyryn! Gyz enesini, ogul atasyny diňlemese, eger egin-eşik ähmiýet bereniňe degmeýän bir zat bolsa, Ýewropa medeniýeti hem edil tehnologiýasy ýaly höwes edilýän bir zada öwrülse, her kim şoňa öýkünse, ýaňky, buýsanç bilen sanan aýratynlyklarymyňam ýitip gitmegi mümkin ýaly göründi. Emma, Hudaýa şükür, ägirt imperiýalar guran döwründe-de, şahyryň aýdyşy ýaly: “ykbaly ýandakdan pes” bolan ýyllarynda-da Türkmen dilinem ýitirmändir, milli eşiginem. Eýsem, türkmen çäksizligi söýmedimikä? Megerem, bu özboluşly millet edepde-de çäksizligi söýen bolmaly. Çäksiz edepliligi başyna täç edinen bolmaly. Seniň bu söýgiň gurbany bolaýyn! Goý, bu söýgi sende hiç kemelmesin!

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 months ago

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir