Beyik Alla Tagalanyn mukaddes kitabynda, pygamberimiz Muhammet (s.a.w) hadys şeriflerinde we din alymlarynyn (“selef-i salihin hazeratının da güzide eserlerinde”) eserlerinde in köp maslahat berilen, üstünde gayta gayta durulan hususlardan birem dileg we zikir etmekdir. Zikir Allahy gözel atlary we sypatlary bilen yatlamakdyr. Men esasy barde dileg ( “dua”) etmek barada köp durmak isleyan. Zikir barada ginişleyin özünüz gözleg ideg edip bilersiniz. Malim boluşy yaly Jenaby Allah dileg we zikir bilen baglanşykly yüzlerçe beyany bardyr, olardan ikisini bermek islesek “Dileg etmeseniz sizin name möhümünüz bar ” (Dua etmezseniz ne ehemmiyetniz olabilir ki) we “Siz meni yatlan, Menem sizi şanyma gelişjek şekilde yatlayyn” (Siz beni anın, Ben de- şanıma yaraşır şekilde anayım sizi) diyipdir we ynsanyn hakyky gadyr gymmatyny Rebbine yalbarmasy bilen, hemişe Allaha (j.j) içini döküp we Allah(j.j) yatlap durmasy bilen gazanyp biljegini beyan edipdir. Pygamberimiz (s.a.w) hem: “Dileg etmek ybadatyn in esasysydyr”, “Allah yanynda dileg etmekden has hayyrly bir iş zat yokdyr”, “Allah-dan isle, islegin hökman beriler”, “In tiz kabul bolyan dileg hem bir mümünün başga bir mümün gardaşy üçin ‘gıyaben’ (yanında bolmadan) eden dilegidir”. ”Hiç kim: ‘Dileg etdim kabul bolmady’ diymesin, howlukmadygy müddetçe dilegi kabul bolar ”, “Kim Allaha dileg etmani goysa, Allahyn gazabyna duçar bolar ( maruz kalır)”, “Içinizden kime dileg etme gapysy açylan bolsa ona rahmet gapylary açylypdyr diymekdir ”. Başda Gurhany Kerimde we hadys şeriflerdaki dogalar (dua), we sonra beyik Allah(j.j.) dergahyna yakyn we söygülü gullarynyn dileg edenlerinde ulandyklary manysy çuň (şifreli) sözler bilen Allaha yalbarmak, maksadyn has hem tiz başa barmasyna we goyulan maksada (hedefe) has tiz barylmasyna sebap boljakdyr. Munyn bilen birlikte herkim Allah dergahynyn edebine ters düşmejek şerti bilen- isledigi wagtda, içinden gelişi yaly Rebbine yalbaryp için döküp biler. Esasy zat dileglerin nawagt we name maskat bilen okalmasy dal esasy maksat we asyl maksat her wagt Allaha ybadatda bolmakdyr. Dileg etmek hakynda pygamberimizin hadyslarynda aydyp geçenleri: “Dileg etmek mümünün yaragydyr, dinin diregi, yerin we asmanyn nurudyr ”,”Dileg etmekde ejizlik we yaltalyk etman! Çünki dileg eden helak bolmaz, zyyana çekmez ”, ”Size, sizi duşmanlarynyzdan halas etjek we üstünüze çabga çabga bereket we yhsan yagmasyna sebap boljak bir zat aydayynmy? Ol, gije gündüz Rebbinize dileg etmanizdir ”, “Jenaby Allah, ejap (haya) we kerim hasiyetlerine eyedir, Rahymdyr. Özüne el açan bir gulyny eli boş we gynanç içinde yzyna ugratmakdan ejap eder ”, “Gul Rebbinden bir hayyr dilaninde Jenaby Allah üç şekilde garşylykda bolar: ya dilegini derrew yerine getirir, ya ahyryetde saklar yada ol dileg bilen başyndan bir erbetligi we zyyany yok eder”, “Bela we kazalary dine doga dileg yok eder ”, “Kim zor we kynçylykly günlerinde Rebbinin kömek etmesini dileyan bolsa, rahat günlerinde Rebbine köp dileg etsin ”. Abdülkadir-i Geylani Hezretlerinin durmuşyny ele alan eserlerinde onyn dileg etmek hakynda şeyle bellap geçendigi beyan edilyar: “Allah Tagaladan dünya we ahyyryetin hayyrlysyny isle! Üns ber; ‘Men isleyan yöne Allah berenok, menem mundan beylak islejak dal. ’ diyme! Dileg etmane dowam et! Eger isleyan zadyn durmuşda sen üçin Allah tarapyn yazylan bolsa, Allah Tagaladan isledikden sonra, ol sana beriler. Eger isledigin ol ryzk sen üçin yazylmadyk bolsa Allah Tagala seni ol zada mataç etmez we öz özünden gelenlere razylyk görkezme nygmatyny yhsan eder. Eger senin üçin pukaralyk we hassalyk dilemişse, sende Allah Tagaladan, pukaralykdan we hassalykdan halas bolmak üçin yalbarmalysyn. Şonda Allah sana razy we hoşal boljagyn bir hal berer. Egerde durmuşda bergili bolman yazylan bolsa, sende mundan halas bolmak üçin dileg etsen, Beyik Allah algydaryn sana erbet gylyk etmesini goy bolsun etdirer. Hatda berigini azaltma yada hemmesini bagyşlama halyna hem getirer. Eger dunyada bergili haldan halas etmese muna garşylyk sana bol sogap berer. ” Mümünün mümün gardaşyna in gowy dilegi(duası) nahili bolmaly? diyen soraga bir din alymyn(Said Nursy) beren jogaby şeylerak: “Dilegler kabul bolup biljek sebapler içinde bolmaly. Çünkü kabir şertler bilen dilegler kabul bolar (bazı şerait dahilinde dua makbul olur). Dileg ediljek wagty önürtü toba edip (istigfar) ruhy taydan arassalanmaly (manevi temizlik), sonra kabul bolyan dogalar bolan salawat-y şerifeyi şepagatçy yaly edip zikir etmeli we dilegin sonynda hem salawat getirmeli. Çünkü iki kabul bolyan dogalaryn arasynda edilen dileg kabul bolar. Hemem Gurhandan we hadyslardan gelen tasirli dogalar bilen dileg edilmelidir we mümün gardaşyna ‘gyyaben’(yanynda bolmadan edilen dileg) dileg etmelidir. Uly metjitlerde edilyan dilegler bilen bilelikde dileg etmek, hem göwün pakligi we kiçi göwünlü we kalb hözürü bilen dileg etmek, hem namazlardan sonra dileg etmek, esasanam ertir namazyndan sonra etmek, hem mübarek yerlerde etmek, hem Juma-da etmek, ayratynam dileg we niyetlerin kabul bolma wagtlarynda (saat-i icabat), hem üç aylarda, esasanam meşhur gijelerde, Ramazanda, Gadyr gijesinde dileg etmek edilen dileglerin Allah tarapyndan kabul edilmesi uly umyt ediler. Ol kabul bolan dilegin ya dünyade eseri görüner yada dileg edenin ahyryet durmuşunda kabul bolar. Dileg edilen son bu dunyade dilegin eseri görünmese dilegim kabul bolmady diyilmez, belki has gowy görünüşde kabul bolandyr diyilmeli. Kitabyn ady: Yanık Sinelerden Dualar (el-Kulubu'd-Daria'dan seçmeler we tercümeler) - Mustafa Yılmaz Din alymy Ali Ünal-yn bir sözü bilen temany sonlayyn : "Eger Allah bir gulyna dowamly bir dilegi etdiryan bolsa Allah ol gulun dilegini kabul eder, eger dowamly etdirmeyan bolsa kabul etmez".

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir