AŞGABADA GELEN POP, ILÝA WE BIZ …Şondan soň näçe wagtyň geçendigini bilemok, belkem, güýz aýlarydyr. Aşgabada Orsýetden uly pop gelipdir diýen gürrüň, hyşy-wyşylaryň üsti bilen şähere ýaýrady. Ol syrkaw, keselli adamlary hem bejerýärmişin . Ýöne, onuň gürrüňini diňlänler derrew şonuň dinine geçip gidiberýämişler diýip, gürrüň edýärdiler. Gözüň bilen görmeseň ýa-da ynamdar adamdan hakykatyny eşitmeseň, tiz ýaýragyç myş-myşlar ýürege dowul salyberýär. Bu gelen popyň lukmançylyk tärlerinden hem başy çykarýandygyny, indi köpüň agzyndan eşidip bolýardy. Şeýle günleriň birinde, esli wagtlap görüşmedik tanşym ýanyma geldi. Men bu ýigidi gowy tanaýardym. Ol hem şol popuň gürrüňini edip: "Ýarawsyz jigimiň bardygyny özüň bilýäň. Onuň sagat jany üçin alada etmek meniň borjum. Derdini beren Alla, dermanynam ýetirýärmişin : "Dogry, özüm musulman bolup, onuň bosagasyndan ätläsim-ä gelenok. Ýöne, kalby päk, niýeti düzüw dindar bolanlygynda, bize-de delalaty degmän durmazdy. Dinleriň ählisi aslynda adamzada ýagşylyk üçin inderilen. Ýöne ony nä maksat, nä niýet bilen peýdalanýan, perdelenýän adamlar bar. Düşünişmezlik şolar zerarly döreýär. Nesibedir, baryp göreli. Iliň biridir, iýäýesi ýok, özge dinli diýip öldüräýesi ýok. Haýyr tapsak has oňat. Hudaýy çagyryp barybereris" - diýdi. Men bu tanşym söze başlanyndan, göwnüme geňeşip ugradym. Ýüregimde yza çekijilik duýgusyny görmänimden soň , onuň bilen popuň ýanyna gitmäge razylaşdym. Olar şäheriň 11-nji mikrraýonynda ýerleşipdi. Ýöne ile ýaýran myş-myş az-kem ýüregime dowul salman durmady. Bu howsala popuň bolýan öýüne golaýlaşdygymça has-da artdy. "Ýa-da bu-da mümkin bolan ähli ýollaryň üsti bilen öz dinine salaýýarmy- ka? Aý, ýok-la, bir saýryny göreniň bilen ynanjyňdan dänip bolmaz. Baryp göreli. Arkaňda Alla barka, zady gaýgy etme..." Şeýle pikirler bilen salgysy berlen popuň bolýan öýüniň gapydüwmesini basdyk. Ortadan kelteräk boýly, hortap adam gapyny açdy. Biz näme maksat bilen gelendigimizi ýaňzytdyk. Ol gözlerini güldürip, erkege mahsus bolmadyk öte mähribanlyk bilen içeri girmegi ündedi. Uly otaglarynyň birinde ýerleşdirdi. Özüni tanyşdyrandan soň, öýünde düşlän "Hudaýyň haýyr paýlaýjy ilçisi" hakynda gürrüň berdi. "Ol her gün tagat-ybadatdan soň, Hudaýyň bendelerine onuň sözlerini düşündirýär. Häzir az-kem demini dürsänden soň bu ýere geler. Özüm hakda aýtsam, menem edil siz ýaly türkmen. Aslym Tejenden. Atamda-babamda gaýry milletli ýok. Kakam pahyr küren obamyzyň uly mollasydy. Sowet döwründe, demir sandygyň içinde goýan Gurhanyny, ýarygijeler şemiň yşgynda okardy. Diýseň sowatlydy. Şonda-da kakam pahyr zol-zol: "Oglum, şu parzlary bitirip, Gurhany okap ýörsem-de, ýüregim karar tapanok, bu zatlar bilen kanagat edenok. Men özüme gerekli zady tapyp bilemok öýdýän" diýerdi. Kakamyň sözlerine indi-indi göz ýetirýän, kakamyň gözleýän zady, asyl şu messep eken. Men bu popa sataşyp, ynanjymy täzelänimden soň, dünýäm giňelen ýaly boldy. Kyrk ýyl mundan ozal dünýä inemde açylan gözler bilen bu wagtky açylan gözüň parhy kän. Indi men hak ýola düşdüm . Ölinçäm şu ynanç bilen ýaşap, ilkinjileriň biri bolup, Hudaýyň we onuň oglunyň didaryny görerin. Sizem häzir pop bilen tanşarsyňyz ..." diýip, onuň bolýan otagyna gitdi. Köp eglenmän hem durşuna gara geýnüwli, kellesinde gara başgaby bolan, çal sepelän gara sakgaly döşüni ýapyp duran, ýüzi nurana, daýaw bir ýaşulyny ýanyna tirkäp geldi. Ol biziň her birimiz bilen elleşip salamlaşdy, adymyzy sorap tanyşdy. Öý eýesi bizden onuň türkmençe bilmeýändigini, ýöne özüniň terjime edip berjekdigini aýtdy. Pop "Häzir, beýleki şägirtlerimiz gelýänçä, size bu diniň gymmatlygy hakda gürrüň bererin. Ilýa bolsa ony size terjime eder" diýdi. Pop öz dinine degişli dürli wakalaryň, rowaýatdyr- hekaýatlaryň üsti bilen söze başlady. Ilýa /onuň çyn ady Ilgeldi ýa-da Ilmyrat bolmaly/ hem terjime etdi. Ýöne, ol rowaýatlaryň ählisini öň özüm has giňişleýin okanlygym üçinmi, ýa-da Ilýaň terjime etmäni oňarmaýandygy üçinmi, ol gürrüňlerde meniň üçin özüne çekijilik ýokdy. Has dogrusy, bu zatlary Ilýanyň özüne men has täsirli edip aýdyp berip biljekdim. Emma sesimi çykarmadym, ýarym sagatlyk söhbetden soň, pop biziň habarymyzy aldy. Bir ýarawsyz inimiziň bardygyny, agzy dogaly adam bolany üçin, haraý isläp gelendigimizi aýtdyk. Ýanymdaky ýoldaşym "hä, hawadan" başga, kän bir sesini çykarmaýardy. Pop bize dikanlap seretdi: - Siz kömegi kimden soraýaňyz? - Hudaýdan. - Hudaýdan kömek soraýan bolsaňyz , näme üçin meniň ýanyma geldiňiz ? Men Hudaý däl ahyryn. Popuň soragyny soňlaryna garaşsamam, säginmezden jogap berdim: - Hudaý kimdir birine kömek etjek bolsa, özi gelip kömekleşip gidenok. Ýa-da nämedir bir zat berjek bolsa "me, al!" diýip, öňüňe oklap gidenok. Ol öz kömegini ýagşy adamlardan kimdir biriniň üsti bilen ýetirýär. Bu jogabym popuň göwnünden turan bora çemeli, bir ýylgyrdy- da: " Bilimiň bar ýaly, okana meňzeýäň" diýdi. Şol wagt gapy açylyp, popuň şägirtleri içeri girdi. Olar ýedi- sekiz töweregi bardy. Ýöne, meni haýran galdyran zat, olaryň arasynda, örülen gara saçy dyzyna ýetip duran, uzyn boýly görmegeý türkmen gyzy we özge diniň kitabyny gursagynda gujaklap duran jorasy hem-de bir-iki sany türkmen oglan boldy. "Ine, bular hak ýola düşen täze şägirtler. Nesibedir, Hudaý halasa, siz hem bu ýol bilen gidip, jennete tiz gowşanlardan bolarsyňyz . Häzir dinimize mahsus bir aýdymy ýerine ýetirip, soň siziň iniňize ýagşy dilegler ederis, ol dilege bu oturanlar hem "ämiýn" diýer. Bizi arşdan synlap duran Hudaý, öz oglunyň merhemetli eli bilen iniňize şypa berer. Sizem bu sözleri gaýtalaň. Bu siziň ykbalyňyzyň ebedi dirilik dünýäsindäki ilkinji ädimi bolar. Hany, onda başlalyň " diýip, ýuwaşja heň bilen aýdyma başlady . Meniň kalbym bu sözi kabul etmedi. Ol aýdyma başlandan , men içimden kelemämi çöwrüp ugradym. Meniň ynanjyma olaryň zerre ýalyjak täsir etmegini-de islemeýärdim. Aýdym uzaga çekmän gutardy. Pop bir başdan ýüzlerimize seredip, bu aýdymyň täsirini sorady. Şägirtleriň ählisi, öňünden taýýarlanan artistler ýaly bolup, "Bu aýdymy näçe gaýtaladygymyzça göwnümiz giňelýär, gözümiz açylýar" diýdi. Soňra gezek ýoldaşyma ýetdi. Pop ondan gaýtalap-gaýtalamandygyny sorady. Ol: "Gaýtaladym" diýip, baş atdy. Inim jümşüldäp gitdi, "Näme onuň öňki ynanjy ýaňkyja hekaýatlara çat açaýdymy-ka!? Hudaý saklasyn". Soňra pop menden sorady: - Ýok, gaýtalamadym - diýip, jogap berdim. Popuň ýüzi boz-ýaz boldy, bu söz ondan beter Ilýa ýaramaz täsir etdi. Ilýa öňki mähribanlygyny unutdy, gatyrganybrak söze başlady : "Bize uýmajak bolsaň, bu ýere näme üçin gelýäň ? Seret, gül ýaly türkmen gyzlary, oglanlary bu sözlere iman edip, hak ýola düşdi. Gözüňi giňiräk aç, düşünjek bol". Bu sözler meniňem göwnüme ýarap durmady: - Biziň dinimiz bilen siziňkiň arasynda üýtgeşik tapawut ýok. Diňe bir zat, ol hem Isa pygamberi... Ilýa tarpa sözümi kesdi, agzyndan ýalyn çabrady: - Isa pygamber däl, ol Hudaýyň ogly. Men dymyp saklandym. Ýene bir gaýtargy beräýsem, ol düwdenekläp gelip, meni urmakdanam gaýtjak däldi. Her näme-de bolsa onuň öz öýüdi. Dargursak adam daşarda gorksa- da, öz öýünde göwrümi giňeýärmişin . Pop Ilýa köşeşmegi maslahat berdi, ganygyzmalyk etmeli däldigini düşündirdi. Megerem, pop missionerlik sungatynyň mylaýym sözler arkaly amal edilýändigine has gowy düşünýändir . Pop söze başlady: - Biziň dinimize geçen bolsaň, Hudaýyň merhemeti has bol ýeterdi. Ýöne bizden aýrakaňyz , men nähili ýagşylyk edip bilerin? Özüň aýdýaň, dinimizde uly tapawut ýok diýip, beýle bolsa ikisinem bile tutuber. - Men bu ýere dinimi üýtgetmäge gelmedim. Öňki ynanjymdanam entek ýamanlyk göremok. Ýöne Hudaýyň şypaly sözüni onuň öz ýaradan bendesinden gysganyp oturmak dürsdür öýdemok. Onsoňam, imany Alla berýär. Siz ýagşylyk edip gidiň, halan adamsyny Hudaýyň özi hak ýola düşer ýaly eder. Biz diňe kömek diýip geldik. Eger başarybam, edesiňiz gelmeýän bolsa, bize gitmäge rugsat beriň. Size bolsa, ýagdaýy bolubam, biçärä kömek etmedik Eýýup pygamberiň düşen gününi ýatladyp oturmaýyn. Her zadyň dogry hasabyny Hudaý çykarýar. Beýleki zatlar biziň zerurlygymyza girmeýär - diýdim. Pop näme diýjegini bilmedi. Ilýa bolsa dymyp durmak şeýle bir kyn düşýärdi. Ilýanyň iki barmak dili, onuň uýýan "Beýik imanynyň" hatyrasyna däl-de, popuň bu öýde düşländigi üçin töleýän pulunyň gyzgynyna saýraýardy. Ara düşen dymyşlygy pop bozdy: - Sen dogry aýdýaň! Hudaý şypa berjek bolsa, biz ony gysganyp saklap bilmeris. Onuň oglunyň hatyrasyna siziň iniňize saglyk dogasyny okalyň . Ol şeýle diýdi-de, öňündäki kitaby açyp, birnäçe jümläni okanyndan soň, dostumyň inisiniň adyny tutup, ýagşy dileg etdi. Biz minnetdarlyk bildirenimizden soň , uzak saklanmadyk, turmak bilen bolduk. Popuň özi ýerinden turup, Ilýa bilen bilelikde gapa çenli ugratdy. Hoşlaşmazdan öň pop maňa ýüzlenip: "Bu ýere söhbetdeşlige gelip dur, hökman diniňi üýtgetmek üçin däl, pikir alyşmak, tanyşmak üçin geliber. Sende zat bar, senden bir zat çykar" diýdi. Ilýa hem gözlerini güldürip, halypasynyň hörpünden gopdy: "Bu gapy siziň üçin elmydama açyk. Çaýa, söhbete aýlanyň. Sen ýöne oglan däl..." Men bu hoşamaýlyk üçin minnetdarlyk bildirdim: " Didarlaşmak nesibede bolsa, ýene geleris. Nesibeli ýere aýagyň özi ädiliberýär" diýip, hoşlaşdyk we gapyny ýapyp, daşary çykdyk. Jaýdan az-kem daşlaşdygyň öňünde ýaýylyp ýatan giňişlik bardy we körpeje oglanjyklar bu ýerde dünýäni unudyp, top oýnaýardylar. Men tanşymdan meni ikirjiňlenmä salan zat hakda soradym: "Sen nä olaryň aýdymyny aýtdyň ?" - Goýaweri, men içimden hiç zat gaýtalamadym. Ýöne, soransoň "hawa" diýip jogap berdim. Dogry-da walla, towşantüýräk bolmaly. Menem "ýok" diýen bolsam, kim bilýär, ahyrzaman bolmasa-da, kiçeňräk kyýamat gopjakdy. Işiň bitýänçä doňuza daýy diýibermelimişin...". Soňra biz hoşlaşdyk we herimiz öz öýümize gitdik.

Köneler, ynsan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir